NÄME ÜÇIN ULY ÝAŞLY ERKEKLER ÖZ HEREKETLERI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER?
O döwür men 17 ýaşymdadym. Gapy öndüriji kärhanasy bolan telekeçiniň elinde işlemäge başladym. Bu meniň aýlyk alyp işlän ilkinji işimdi. Iş wagty başlygym hiç hili üm-yşarat etmeýärdi ýa-da lak atmaýardy. Onsoňam ol öýlenendi, çagalary hem bardy. Ýöne kimi bu zatlar saklap dur, dogry dälmi? Şeýle hem başlygym meniň entek 17 ýaşymdadygymy bilýärdi! Kämillik ýaşyna ýetmedikdim!
Umuman, işden soň ol hemmämizi öz maşynynda öýli-öýümize taşlaýardy. Öňdäki kürsüde hiç oturmaýardym, çünki yzda özümi has rahat duýýardym. Bir gün agşam maşynda men iň soňuna galdym. Ol öňdäki kürsä geçmegimi isledi. Men joramyň doglan gününe barýardym. Başlygym elini aýagyma goýdy – men tisginip, daşlaşdym, we ol elini çekdi. Doglan günden soň meni alyp gitjekdigini aýtdy, men kabul etmedim. Joramlardan öýe taksili gaýtdym.
Ertesi gün işde ol maňa azgaryldy, diýlen ýerde maňa garaşypdyr, men bolsa gelmänmişim. Ýöne biz muny şertleşmedik ahyry! Bu wakadan soň, ondan hiç hili yşarat bolmady. Bile işlemek oňaýsyzlyk doredýärdi we başga iş tapamsoň, höwes bilen işden çykdym.
Şeýle ýagdaýlar sebäpli, erkekler bilen aramda böwet döredi we ol böwedi aýyrmak uzak wagt aldy. Ol uly ýaşly, maşgalaly erkek halyna ýaş gyza täsirini ýetirjek boldy. Eger ol gatyrak dyzan bolsady? Eger men ýok diýip bilmesedim? Onda netije has erbet bolup bilerdi. Näme üçin uly ýaşly erkekler öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler we olaryň netijesi barada pikirlenmeýärler?
Çeşme: saglyk.org
Jeksparro 4 years ago- Erkekleriñ mozgisinde şu wagtlaram öñküleri yaly: ''Gyzy gul-gyrnak etmeli diyen düşünje çarp uryan bolaymasa. Göydük adamlardan başga nãmä garaşjak.