Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk...

Awtor: Sapa HOMMADOW


Sen hakda..(Oýlanma)

Eger sen şu setirleri okaýan bolsañ bilgin ýazylanlar sen hakda. Eger Alla oñada şahyrlyk zehinini beren bolanynda ýokardaky goşgyny Sapañkydan gowyrak edip seniñ üçin düzerdi))) Näme etsin onda-da bary, seni ýatladýan goşgyny seni ýatlap okamak. Zehinindäki bar sözlikden alyp sen hakda täsirlenme çyrşamak, belki täsirlenme duýgulandyryjy däldir. Emma ýazanlaryny ýüreginäki duýgularyna garyp ýazdy. Eger seniñem ýüregiñ azajyk täsirlenen bolsa bilgin, ýazylan duýgular sen hakda. Näme diýsin onda-da bary, seni ýatladýan goşgyny, seni ýatlap okamak. Tanyşanyñyza kän wagt bolmadygam bolsa, ol erkini aldyrypdyr elinden. Sen hakda oýlap ýörşine agşam düýşine-de giripsiñ. Ol köplenç senin suratlarña seredip uka gidýär. Seni gadyrlaýar, seni bagtly görmegi her güniñ şatlykly geçmegini isleýär. Королева👑 şu söz saña tanyşmy onda bilgin ýazylanlar sen hakda. Indi durmuşyñ manysy üýitgedi, näme edeýin mende-de bary, seni ýatladýan goşgulary, seni ýatlap okamak...

✏mrokas

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir