Ýakynlykda işden öýe gaýdyp barýakam ýoldan geçjek bolup ýolyň ortasyndaky çyzygynda durn iki tarapdanam maşyn geçip dur. Bir mashyn bolsa ýoldan çykyp adamlaň durýan çyzygynyň üstünden gaty sürüp gelýä. Menem näme edeýin, nirä gideýin yza süýşsem yzda maşynlar geçip dur ylgap yoldan geçsem bolýady weli geçesim gelmedi. Aý gözüne basyp durdum üns bermediksirän bolup ol maşynam gaty gelip birdenem ýakynymda durdy-da (meni kakarmyka öýtdim): -A gyz näme ölesiň gelýämi? -diýýä. Menem oňa: -Meňä ölesim gelenok weli siziň birini öldüresiňiz gelýäne meňzeýä….- sözümem diňlänok -Kellämi agyrtmada aýryl bar ýoldan ...- diyya. Ýaman gaharym geldi özi yoluň düzgünini bozup men üstüme herrelen bolýa nejis haýran. Ýoly bilen gitse-de bolýara. -Özüňiz aýrylyň men durmaly ýerimde durn, siz sürmesiz ýerden sürýäňiz bäri adamlaň durýan ýeri, maşynyňyzy yza sürüňde ýöremeli ýoluňyzdan ýöräň!- diýsem -Men şu ýerden geçjek - diýip dur. Ozem orta ýaşan adamlaý. Eýýäm ýol boşdy maşyn zadam ýok arkaýyn geçibermeli ýöne kejeşip durdym aýrylman özi gidinçä diýip. Entegem durjakdym weli garaňky düşüp başlady howada sowgyrak hemmeler maňa seredýä. Ahry soňy -Ak girse-de aň girmändir… - diýip hüňňürdäp gaýtdym. Ol nejis adam bolsa yzymdan gygyryp, gülüp galdy soňundanam peşedip sürüp gitdi. Öýe gelenimden soň özi durmaly ekenim diýip ökündim. Ýöne ol arkaýynjak aýdym goyberip maşynyň içinde otyr ýyljajyk ýerde, men bolsa garantgy ýaly bolup ýolyň ortasynda sowukda. Erbet adam ekenaý ketjal. Ketjal adamlar her hili ýol bilen öz diýenlerini gögerdýäler gowy dällaý şol häsýet. Käwagtlar ketjallyk peýda-da getirýä weli ýöne onuň ýaly bimany ketjallykdanam bir ketjallyk bolarmaý. Sizde-de bolýamy käwagt şeýle dawaly ýagdaýlar?!

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir