Käte mert hem ýagşylyga garaşýar 
Elden gelen ýagşylygy eçil sen 
Oňat işler oňatlara ýaraşar 
Rowayaty saçak kimin açyl sen 
Yöne eden ýagşylygyň iru-giç 
Gaytargysyn talap edäyseň eger 
Unudayma soňky demine deňiç 
Seniň haýryň yigdiň bogazyn bogar 
Beydeniňden goyber maňlaýyndan ok 
Ya-da hanjar bilen sal oňa yara 
Çünki, haýyr işiň gaytargysy yok 
Ol kersen däl goňşokara daşara
MrOKaS 5 years ago- Gosgyda eden yagsylygyny agzamaly daldigi hakynda yazlypdyr. Emma awtorynam yazsanyz gowy bolardy.