SÜRELERI OKAMAKLYGYÑ PAZYLATLARY

Mülk (Tebärek) süresi
Resulalla (s.a.w) şeýle diýdi: ''Gurhanda otuz aýatlyk şeýle bir süre bardyr kiý, kyýamat güni bu süräniñ şepagat etmegi bilen şol süräni okan adam, jähennemden çykarylar. Jennete salynar. Ol (Jennete salan süre) Tebäreke süresidir(TIRMIZI)''.
Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) ýene-de Mülk süresi hakynda şeýle diýdi: ''Her gije Mülk süresini okandan Beýik Allah gabyr azabyny aýyrar. Ymmatymdan her kişiniñ kalbynda Mülk süresiniñ bolmagyny isleýärin''
(JAMIUS-SAGIR)

* * *

Amme süresi
Resulalla Muhammet (s.a.w.) aýtdy: ''Her kim Amme süresini yzygiderli ikindi namazyndan soñ okasa Beýik Allah şol kişiniñ rysgyny artdyrar, dünýäden ahyrýetdäki ýerini görmezden çykmaz'' diýdi we ol ýene-de: ''Ukusyzlykdan birahat bolan ''Wejealna newmekun subata'' aýatyny okamaga dowam etse içindäki dertlerinden halas bolar.

* * *

Wakyga süresi
Muhammet aleýhissalam şeýle diýdi: ''Her gije wakyga süresini okan garyplygy görmez. Wakyga süresi baýlaryñ süresidir. Ony okañ we çagalaryñyza öwrediñ'' (BEÝHAKY)

* * *

Pygamberimiz Resulalla (s.a.w.) şeýle diýdi: ''Duhan süresini gijelerine okan adama ýetmiş müñ melek (perişde) ertire çenli istigfar ederler, (okan kişiniñ) günäsiniñ geçilmegini beýik Alladan nyýaz ederler'' (TIRMIZI).
Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) ýene şeýle diýipdir: ''Duhan süresini Juma güni gijesinde okaýan kişi günälerinden päklener''(TIRMIZI).

* * *

Fetih süresi
Resulalla (s.a.w.) şeýle diýdi: ''Bu gije maña bir süre (Innä fatahnä leke fatham mubina...'' indi, maña dünýäde we onuñ içinde bar bolanlardan has haýyrlydyr'' (BUHARI, MUSLIM).
Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýdi: ''Fetih süresini okaýan kişi Mekke-i Mukerreme üçin şehit bolan sahabanyñ sogaby ýaly sogaby alar'' (YMAMY SALEBI).

Rahman süresi
Resulalla (s.a.w.) bir gün eshabynyñ huzuryna çykdy we Rahman süresini başyndan ahyryna çenli okady. Hemme kişi dymdy. Ondan soñra şeýle diýdi: ''Men bu süräni jynlarada okap berdim, olar sizden has gowy özlerini alyp bardylar. Bu şeýle Jenaby Hakyñ: ''Rebbiñiziñ haýsy nygmatyny ýalanladyñyz? Peýdaly kawlini her sapar okanymda şeýle diýdiler: ''Eý Rebbimiz biz nygmatlardan hiç bir zady ýalanlamadyk, bütin hamdu-senalar saña bolsun'' (JABIR, KUTUBU SITTE HADYS No: 807).




Elmalılı Hamdi YAZıR
BİLGİSAYAR HATLI
YÂSÎN. Türkçe okunuşlu ve meâlli.

Terjime eden: @Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir