NASA: 2025-NJI ÝYLA GALMARYS BAŞGA PLANETALYLAR BILEN TANYŞARYS


Häzirki döwürde Covid-19 koronowirus sebäpli dünýä halklaryñ tolgunşyklary, kiçeñiräk çaknyşyklar, halklaryñ närazylygy, dürli keseller myg berip durka NASA başga planetalylaryñ gözlegine çykandygyny Türkiýanyñ www.halkinhabercisi.com atly internet sahypasy habar berýär. Geliñ NASAda çykyş eden iki ýeke alymlaryñ aýdýanlaryna gulak asalyñ!
Amerikan Astronom agenti NASAnyñ alymlarynyñ geljek 10-20 ýyl içinde başga planetalylara gabat geljekdigimizi çaklaýandygyny açyklady.
NASAnyñ öñde barýan alymlaryndan Ellen Stofanyñ Waşingtonda eden çykyşynda ''Geljekgi 10 ýyl içinde Ýeriñ daşynda ýaşaýyşyñ bolup biljekdigine degişli wersiýalara duşjakdygymyzy we 10 ýyl bilen 20 ýyl içinde hakyky maglumatlary ýetirmekçi'' bolýandygyny aýtdy.
Stofan ''Nirä seretmelidigini, nädip seretmelidigini bilýäris we uly ähtimallykda gerekli tehnologiýalara eýe bolduk'' diýdi. NASAnyñ Geliofizik bölüminiñ direktory Jeffreý Newmark: ''Indi sorag başga planetada ýaşaýyşyñ tapylyp tapylmajaklygy hakynda däl, bu ýaşaýyşy haçan tapjakdygymyz'' diýdi. Soñra Newmark sözüniñ üstüni ýetirip şulary aýtdy: ''Ýöne bu ýerde kiçi ýaşylpisinit adamlardan däl-de, gürrüñ mikroplar hakynda barýar'' diýip geñ galdyryjy çykyşyny ýetirdi.


 

Çeşme:
http://www.halkinhabercisi.com/nasa-2025e-kalmaz-uzaylilarla-tanisiriz

Terjime eden: @Jeksparro,

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir