“Unihertz” atly kompaniýa mundan üç ýyl ozal “Jelly” atly kiçijik smartfony satuwa çykarypdy. Kompanýa ululygy bank kartyna barabar bolan “Jelly 2” atly has kiçi smartfony çykarmagy maksat edinýär. Kompaniýa 2018-nji ýylda “Atom”, geçen ýyl “Titan”, şu ýylyň fewralynda “Atom XL” atly kiçi göwrümli telefonlary satuwa çykarypdy. Bu telefonlardan dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda 30 müňden gowragy satyldy. “Jelly 2” telefony “Android 10 4G” diýlip atlandyrylýar. Ekrany 3 dýuým boljak telefonyň batareýasynyň ozalky modelden 2 esse güýçli boljakdygy mälim edildi. Ululygy ozalky “Jelly” bilen deňeçer bolan enjam GPS aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Telefonyň öň tarapynda 8 MP durulygynda, yzynda 16 durulygynda surata alýan sensorlar ýerleşdiriler. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän smartfon LTE tehnologiýasy bilen üpjün ediler. RAM-y 6 GB, içki ýady 128 GB bolan telefona çip hem dakyp bolýar. Agramy 110 grama deň boljak enjamyň ölçegleri: 95 x 49,4 x 16,5 mm bolar.

Tehnologiýa, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir