Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna SG we DS ministrliginden SMS habarnamasy geldi
Şu gün Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden SMS habarnamasy geldi. Onda hemmeleriň agyz-burun örtügini dakmagy maslahat berilýär.

SMS habarnamasynda şeýle sözler bar:

«Howa şertleriniň adama bedine ýetirýän onaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär. TSG we DSG».

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda infeksiýanyň öňüni almak maksady bilen, çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda halkara awiagatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylmagyny, ýurduň içinde otlularyň we awtobuslaryň hereketiniň wagtlaýyn bes edilmegini, metjitleriň, jemgyýetçilik iýmiti we söwda merkezleriniň çäklendirilmegi ýaly çäreleri görkezip bileris.

Çeşme:Turkmenportal.com

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir