BSGG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň wekilýeti Türkmenistanda metbugat üçin brifing geçirdi. Brifingde BSGG/Ýewropa hünärmenleriniň Türkmenistana bolan missiýasynyň netijeleri aýan edildi. Duşuşykda missiýanyň ýolbaşçysy Dr. Katrin Smolwud, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiden Dr. Gurbangül Öwlýagulowa dagy çykyş etdiler we türkmenistanly hem-de halkara metbugatlaryň soraglaryna jogap berdiler.

Brifingde bellenilişine görä, BSGG-nyň Türkmenistana missiýasynyň netijeleri:

↪ Türkmenistanda henize çenli COVID-19 hadysasy hasaba alynmady.

↪ Ýurtda barha artýan pnewmoniýa hadysalary BSGG-ny aladalandyrýar.

↪ BSGG topary hökümete ýurtda COVID-19 bar ýaly hereket etmegi maslahat berýär.

BSGG-nyň ýurtda 10 gün geçirip, iň soňunda-da hökümetiň "bizde COVID-19 ýok" diýen sözüne goşulmasy bizi örän birahat etdi. Biz BSGG-nyň bu dezinformasiýasynyň hökümetiň hiç hili hereket etmezligine sebäp bolup, Türkmenistanda kösençligiň we heläkçiligiň dowam etmegine rugsat bermeginden howatyrlanýarys. BSGG Türkmenistana baranda Sowet döwründe döredilen protokola görä hereket etdi. BSGG Ministrligiň görkezmelerini soragsyz kabul etdi we diňe ýalpyldadyp goýlan, içi güler-ýüzli lukmanlar, näsaglar we gerekli enjamlar bilen bezelen, ýörite saýlanan hassahanalara aýlandy.

BSGG we hökümet Türkmenistandaky adatdan daşary jemgyýetçilik saglyk ýagdaýynyň ýüzüni örtmäge bile gatnaşýarlar. Biziň ýurtdaky COVID-19 ýagdaýlaryna gözegçiligimiz hem-de ministrligiň soňky bäş aýyň içinde ilata aýdyň maglumat bermezligi bu krizise dogry çäre görülmeýändiginden habar berýär. Saglygy goraýyş ministrligi dymmagyny dowam edýär we ilat bilen ýakyn aragatnaşyk etmeýär. BSGG hem ilata diňe ikuçly, umumylaşdyrylan, syýasy taýdan netijesiz jogaplary berýär. Bize ençeme adam "pnewmoniýa" däl-de, COVID-19 alamatlaryny başdan geçirýändiklerini habar berýärler. Olaryň içinde ys we tagam alşyny ýitirenler hem bar. Olar COVID-19 keselinden ejir çekýän bolmaly. Dr. Smolwud ýurtda pnewmoniýa hadysalarynyň köpelendigini boýun alsa-da, Dr. Öwlýagulowa ony inkär edip, hadysalaryň "adatdan daşary derejede köpelmedigini" aýdýar.

BSGG biziň ýalpyldadyp goýlan "türkmen öýümize" myhman hökmünde çagyryldy we hakykaty görmek üçin keçäniň aşagyna seretmedi. Ilat bolsa, wirus we epidemiologik ýagdaý hakynda hökümetden däl-de, gep-gürrüňlerden öwrenýär. Ýurtda COVID-19 barlagyndan nirelerde geçip bolýandygyny soraýanlaryňyz üçin Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili Dr. Öwlýagulowanyň aýdyşy ýaly, 60,000 COVID-19 barlaglarynyň geçirilendigini bilmek gyzykly bolup biler. Emma bu barlaglaryň hiç hili netijesi ilat bilen paýlaşylmady. Ilat häzire çenli nirede barlagdan geçmelidiginden habarsyz we bu Saglykdan iň köp soralýan soraglaryň biri bolup galýar.

Bizi BSGG-nyň sözleri bilen hereketleriniň gabat gelmeýändigi örän gynandyrýar. Hökümet wekili Milli COVID-19 Maksatnamasynyň ilata elýeterdigini nygtaýar. Biz bir aý bäri Türkmenistandaky BSGG-dan we BMG-dan bu maksatnamany görkezmeklerini haýyş edip gelýäris. Bu maksatnama halka elýeter däl we biziň haýyşlarymyza diňe dymyşlyk bilen jogap berilýär.

Çeşme: saglyk.org

Täzelikler, MrOKaS tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir