Öñem bir patyşa:
- «Maña kim "ýalan gep" aýdyp bilse, şol adama bir golça dolusy altyn berjek» - diýipdir.
Ýalançylaryñ hemmesi köşge ylgap gelip, başlapdyrlar ýalanlaryna. Biri:
- «Bir guş, ÿolbarsy penjeleri bilen tutdy-da, alyp ötä gitdi» - diýipdir. Onda Patyşa:
- «Bunyñ nämesi ýalan? Guş diýýäniñ-ä bürgütdir, ýolbarsam guzy ýaly kiçidir. Elbetde aldy-my, äkider.»
Beýlekisi:
- «Goñşy ýurtda bir eşegi "karol" edip belläpdirler» - diýse, Patyşa:
- «Ýurdur "karoly" penjereden aşak seredende täjini gaçyrandyr, täç hem penjeräñ aşagyndaky eşegiñ kellesine gabat gelendir. Elbetde, täç kimiñ kellesinde bolsa "karol"  şoldyr» - diýipdir.
  Ýene biri:
- «Patyşam, men asmana bir ok atdym. Alty aýdan soñ yzyna geldi» - diýipdir. Onda patyşa:
  - «Señ okyñ bir bagyñ üstüne gaçandyr. Güýz gelip ýapraklar dökülende, ilişere zat galman ýere gaçandyr».
  Şeýlelik bilen, patyşa hemme ýalana bir hakyky bahana tapypdyr we hiç kim patyşa "şunyñ ýalan" diýdirip bilmändir.
  Bu wakany eşiden Aldar Köse, ýörüte şol ýurda gidipdirde, patyşañ ýanyna baryp:
  - «Patyşam sen meniñ atamdan bir golça dolusy altyn karz alypdyñ. Menä şony almana geldim» - diýipdir. 
  « Eger ýalan diýseñ, onda bir golça altyny ber»
  «Ýok, ýalan däl diýseñ, onda bergiñi ber»

 

terjime: @Allaberdi T.Ç
çeşme:  YaşamTadındaHikayeler.com

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir