Koronawirus adamzat taryhynda ilkinji gezek bütin dünýäniň mekdeplerinde we uniwersitetlerinde bilim beriş işini bozdy diýip, çagalaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan Save the Children halkara guramasy aýtdy. Bu barada guramanyň hasabatyna esaslanýan BBC News-a salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, karantin çäreleri sebäpli okuwa gatnamagyny bes edenleriň sany 1,6 milliarda ýetdi, bu bolsa ähli okaýanlaryň 90%-ine deňdir.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bilim üçin berilýän serişdeleriň azalmagy we pandemiýa sebäpli garyplygyň ýokarlanmagy zerarly, takmynan, 10 million çaga okuwa gatnap bilmez. Epidemiýanyň ykdysady netijeleri ýene 90-dan 117 milliona çenli çagany garyplyga eltip biler. Bu hem okuw jaýlaryna gatnalyşyna ýaramaz täsir eder diýip, Save the Children çaklaýar.
Hasabatda aýdylmagyna görä, bilim bilen baglanyşykly iň erbet ýagdaý Nigerde, Malide, Çadda, Liberiýada, Owganystanda, Gwineýada, Mawritaniýada, Ýemende, Nigeriýada, Pakistanda, Senegalda we Kot-d'Iwuarda ýüze çykýar.
Save the Children garyp ýurtlaryň birnäçesinde bilimiň 77 milliard dollar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini çaklady. Gurama donor ýurtlary we beýleki gurluşlary şeýle ýurtlara uzak aralyk okuwyny guramak üçin pul bermäge, şeýle hem pes girdejili ýurtlar üçin 14 milliard dollara çenli bilim maksatnamalaryna gönükdirip bilmekleri üçin karz töleglerine moratoriýa girizmäge kömek bermäge çagyrdy

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir