Operasion sistema kompýuteriň programma üpjünçiliginiň esasyny düzýär. Operasion sistema – operatiw ýady, prosessory, ulanyjy bilen gepleşigi alyp barýan, daşky gurluşlary we faýllary dolandyrýan programmalaryň toplumydyr. Operasion sistemanyň ýerine ýetirýän işi köpdür, ýagny ol hemişe iş ýagdaýynda bolýar. Mysal üçin, bir amaly programmany ýerine ýetirmek üçin:

ony daşky ýatdan (diskden) gözläp tapmaly we operatiw ýatdan ýer tapyp, şol ýere ýerleşdirmeli;bu programmany ýerine ýetirmäge prosessory işe goýbermeli;iş mahalynda kompýuteriň ähli gurluşlarynyň işine gözegçilik etmeli we näsazlyklar baradaky habarlary çykarmalydyr.

Bu işleriň hemmesini operasion sistema öz üstüne alýar. Kompýuterler üçin giňden ýaýran operasion sistemalara MacOS, Windows, LINUX ýaly operasion sistemalary degişlidir. Operasion sistemanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardyr:

adamyň kompýuter bilen özara baglanyşygyny üpjün etmek;kompýuteriň gurluşlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek.

Kompýuter işe girizilenden soň, operasion sistemanyň programmalary awtomatiki işe goýberilýär. Oňa adatça operasion sistema ýüklenýär diýilýär.

Tehnologiýa, ETIKA tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir