WENERA PLANETASY

Zöhre ýyldyzy, Dañ ýyldyzy, Ömrüzaýa ýyldyzy, Gün Äleminiñ ikinji planetasy. Ol ululygy we gurluşh boýunça Ýere meñzeş, Günden we Aýdan soñ asman gümmezinde görünýän iñ ýagty asman jisimidir. Onuñ diametri 12103 km, radiusy 3000 km-e ýetýän, demirden we nikelden ybarat bolan ýadrosy, galyñylygy 3000 km-e ýetýän ikinji gaty we galyñlygy 50 km-e ýetýän 3-nji gaty bar diýlip hasap edilýär. Onuñ orbitadaky orta tizligi 35,03 km/s (Ýeriñki ㅡ 29,8 km/s). Ol Günüñ töwereginden 224,7 günde bir aýlanýar. Aýlanýan oky hereket edýän tekizligine diñe 2 gradus gyşyk. Güne 107,4 mln. km golaýlaşyp, ondan afelide 109 mln. km uzaklaşýar, amatly pursatda Ýere 38 mln. km golaýlaşýar. Öz okunyñ töwereginden Ýerden ters ugra aýlanyp 243,01 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Wenerada gije-gündiziñ dowamy biziñ 117 günümize deñdir. Onuñ üstünde howanyñ basyşy 100 atmosfera golaýdyr. Planetanyñ temperaturasy 750 K, howasynyñ 96%-i kömürturşy gazy, 3,5%-i bolsa azot. Şonuñ üçin onuñ üstüniñ suduryny Ýerden hiç haçan göz bilen görüp bolanok. Weneranyñ howasy troposfera we termosfera bölünýär diýlip hasap edilýär. Onuñ howasynyñ massasy 4,9·10_24 kg. 2004-nji ýylyñ Oguz (Iýun) aýynyñ 8-ine Wenera planetasy sagat 10-dan 16 aralygynda Günüñ öñünden geçdi. Bu hadysa örän seýrek bolýandyr. Bu ýagdaý mundan öñ 1882-nji ýylda bolupdy. 2004-nji ýyldan soñ 2013-nji ýylda gaýtalanyp, soñra diñe 2136-njy ýylda gaýtalanar. 2004-nji ýylda oña garaldylan aýna bilen ýa-da kiçijik mekdep teleskopynyñ kömegi bilen gözegçilik etmek bolar. Ol hadysanyñ iñ täsin zadynyñ biri hem Zöhre ýyldyzynyñ Güne golaýlaşan halatynda daş-töwereginiñ birden lowurdap şöhle samagydyr.


Hojamuhammet MELÄÝEW

''SYRLY ÄLEM'' Aşgabat. Ylym-2004.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir