[Gunyeoseong]

Bu gala, Chungwonkun / Pukilmyun / Chojeongri-de ýerleşýär.

Silla-da her biri arslan ýürekli, dokuz gyzy we bir ogly bolan bir maşgala ýaşapdyr. Bir gün janlaryny orta goýup jedel edipdirler. Oglan: «Men tagta aýakgaplarymy geýip Seul-a baryp gelýänçäm, sizem bir gala gurmaly bolarsyñyz. Men gelmänkäm gala taýyn bolsa siz gazanar we meni öldirersiñiz. Ýok, gala taýyn bolmasa hemmäñiz ölersiñiz». Ejeleri bu jedeli eşidip howsala düşer. Gyzlar eteklerine salan gaýa  daşlaryny  diýseñ çaltlyk bilen daşaýardylar welin, eje görgüli ýeke ogly üçin gorkdy, aladalandy. Oglan doganlary gelmänkä galany taýyn etseler, oglyny ýitirjekdi. Ogulsyz bir maşgala nähili bolardy?! «Oglumyñ janyny nädip halas edip bilerkäm?!» diýip, pikirlenip oturşyna aklyna bir pikir geldi. Bir azyrak nahar  bişirdi. Nahary gyzlaryna eltip berdi we iýmelerini isledi. Gyzlar, «nahara güýmensek, jedelde utularys»  diýip, iýmek islemediler. Onda ejeleri: «Gyzlar, oglan doganyñyz tagta aýakgaplaryny geýip Seula gitdi. Gelýänçä epesli wagt gerek. Siz ajygansyñyz, geliñ bir azyrak nahar iýiñ». Gyzlar ejelerine garşy duryp bilmediler. Hersi bir käse alyp iýjek boldylar. Nahar şeýle bir gyzgyn bolansoñ üfläp iýmeli bolupdyrlar. Oglan doganlary gelende, galanyñ gurluşygy dynyp barýardy. Gyzlar jedelde utyldylar. Eteklerindäki gaýa daşlaryny dökdiler. Oglan dogan hemmesini öldürdi. Yzyndanam, «Doganlarymy öldürdim, indi men nädip ýaşaryn?!» diýip, özüni hem öldürdi. 

[b]Maria. KOREA-FANS.COM.[/b]

çeşme:  minozturkey.com 05.25.2013 @yoona
terjime: @Allaberdi T.Ç

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir