Dinimiz bütin musulmanlary dogan edipdir, doganlyga gelişmeýän we doganlarynyň arasyny açjak her hili hereketleri we sözleri hem gadagan edipdir. Şol sebäpli dinimiz bir adama göwnüýetmezçilik etmekligiň, oňa göwnüne degiji we gödek sözleri aýtmaklygyň, ýaramaz at dakmagyň uly günä işdigini ýörite beýan edipdir we şu zatlardan gaça durmagy maslahat beripdir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
“Eý möminler! Bir jemgyýet beýleki bir jemgyýete göwnüýetmezçilik etmesin! Belki-de olar özlerinden has ýagşydyr. Zenanalar-da biri-birlerine göwnüýetmezçilik bilen garamasynlar. Belki olar-da özlerinden oňatdyr. Öz-özüňizi aýyplamaň, biri-biriňiziň adyny ýaramaz lakam bilen tutmaň. Imandan soňra ýoldan çykmak, azgyn bolmak gaty ýaramazdyr. Toba etmeýän adamlar barypýatan zalymlardyr.”(Hujurat, 11)


Pygamberimiz(S.A.W) hem:

“Biri-biriňize göwnüýetmezçilik etmäň, biri-biriňizi gysganmaň. Alyş-berişde, söwda-satlykda biri-biriňizi aldamaň. Biri-biriňiz bilen dartgynly bolmaň we biri-biriňizden ýüz öwürmäň. Biri-biriňiziň ylalaşjak bolup duran söwdaňyzy bozmaň.
Allatagalanyň gullary biri-biriňiz dogan boluň. Musulman musulmanyň doganydyr, oňa zulum etmez, ony goldawsyz, hemaýatsyz taşlamaz” diýipdir. Soňra göwsüni görkezip, oňa üç gezek çalaja urupdyr-da: “Takwa, ynha şu ýerde ýerleşýändir. Bir adamyň ýaramaz bolup bilmegi üçin musulman doganyny hor görmegi ýeterlikdir.


Musulmany hor görmekligiň, kemsitmekligiň gaty ýaramaz häsiýetdigini beýan edipdir. Bir adama göwnüýetmezçilik etmek munuň özi ony sana goşmazlyk ýa-da sandan çykarmaklyk diýmekdir. Aslynda ynsan gadyr-gymmaty bolan, hormata, synaga mynasyp bolan bir barlykdyr. Allatagalanyň şeýle derejä we häsiýete mynasyp gören adamy asgermezlik, kemsitmeklik ýalňyşdyr, uly hatadyr. Şoňa görä, jenaby Hak göwnüýetmezçilik edilen adamyň Allatagalanyň huzurynda göwnüýetmezçilik edýänden has-da ýagşy görjekdigini beýan edipdir, beýle edepsiz,
hereketlerden gaça durulmagyny belläp, muňa ýörite buýruk beripdir. Allatagala el ýa-da hereket, dil ýa-da söz bilen adamy kemsitmegi, oňa göwnüýetmezçilik eden gybatkeşler hakynda şeýle diýipdir:

“Adamyň yzyndan gürrüňi edýänlere, äsgermezçilik edýänlere we başga adamlary aýyplamagy halaýanlara hem-de mal-mülk ýygnap ony mydama sanamaklygy endik edenlere nälet bolsun. Ol özüniň mal-mülküni ebedi galar diýip düşünýärmikä? Ýok, beýle däl, şuňa ynanyň, olaryň bary Hutamä taşlanylar. Hutamäniň nämedigi saňa aýdyldymy? Allatagalanyň oňat tutaşdyrylan we ýandygyça-da möwjäp ýürekleriň üstüne çykan otdur (ataşdyr). Olar bu ataşyň içinde sütünlere daňlandyr we şoňa görä-de, olar gapylaryň bary ýapykdyr.”(Hümeze süresi) Şonuň üçin başgasyna göwnüýetmezlik etmek, kemsitmek ony gaty gynandyrar, ony aldym-berime salyp ynjadar. Nähak ýere bu işi berjaý eden bolsa, elbetde, günäkär hasaplanjakdyr. Sebäbi dinimzi adamy bir kenara goýuň, eýsem beýleki janly-jandarlara ezýet bermegi haram hasaplapdyr we gadagan edipdir.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir