Bellik! Yüregi gowşak adamlara we 16
ýaşdan kiçilere okamak maslahat
berilmeýär!
Sebäbi içindäki käbir maglumatlar
siziň psihologiýaňyza erbet täsir
hem edip biler.

PSIHOKINEZI- bu zehiniň göniden göni madda täsirini ýetirmegi diýmekdir.Magnetizm,gipnoz ýaly usullar bln bejermek, gözdegmek, gözbagçylyk, jadygöýlik, täsir etmek ýaly wakalar, ýoga, fakirizm, ruh çagyrmak ýaly zatlaryň hemmesi psihokinezi bln baglanşyklydyr.Şeýle hem ruhlaryň jynlaryň ýada şeýtanlaryň adama edýän täsirlerini ýada etdirýän işlerini şu tema bn baglanşdyrmak bolar.Ýöne men bu taýda psihokinezi düýpli düşündirmäge mümkinçiligim ýok.Bu mesele bn içgin gyzyklanýanlara olara degişli kitaplary okamagy maslahat berýän.
Ruh çagyrmak bn baglanşykly bir zady bellemek isleýän.
Beýik we tämiz ruhlar ynsan üçin goragçylyk wezipesini ýerine ýetirýär.Bular meleklerdir.Hapysa we erbet ruhlar bolsa,ynsana zyýan bermek üçin elden gelenini gaýgyrmaýalar.Bular käfir jynlar we şeýtanlardyr.Ruh çagyrmak seanslarynda gelýän ruhlar hapysa ruhlardyr.Çünki olar ynsanyň ganym duşmanydyr.Hemme erbetlikleň başynda şolar bardyr.Erbet ruhlar erk-irada we ruh taýyndan ejiz adamlary täsir astyna alyp,olary ulanýalar.Olaryň eline düşen bu biçäre adamlara medisinadaaranok,şizofrenik diýen ýaly dürli at berýäler.Şeýle keselliler köplenç doga bn gowlaşýar.Bulaň mysaly köp.Şuny berk belläliň,Dünýeden ötenleriň ruhlary berzah äleminde bolanlary üçin islendik wagt şu äleme gelip bilenoklar.Olar diňe Allahyň rugsady bn gelip biler.Alla bolsa diňe arassa we tämiz ruhlara rugsat eder şoň üçin beýik tämiz ruhlar ruh çagyrmak seanslaryndaky çagyrşa gelmeýär.

Sorag-jogap, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir