Bir gün Elif aglamjyrap, ýüzüni sallap mekdepden gelşine, kakasyna:
- «Kakajan! Joralarynyñ täzeje ýalpyldap duran köwüşleri bar, mañada birini alyp beräý!» - diýdi. Kakasy:
- «Häzir biziñ bergilerimiz köp, hem señ köwşüñ bar ahyryn» - diýse, çaga bu ýagdaýa gynypdyr we gaharlanyp täzeden sorapdyr, ýene-de şol jogaby alypdyr. Kakasy hem bu ýagdaýa gaty gynanypdyr. Gyzyna:
- «Häzir, bile köçä çykaly, birinji gören çagañdan, -"seniñ köwşüñ könemi?"- diýip, soraly. Eger "köne" diýse, bolýa saña ol köwüşden alyp berjek. Ýok, eger "köne" diýmese, onda şu köwşüñ bilen oñmaly bolarsyñ!»- diýdi. Elif «bolýa» -  diýip, köwşüni hem alyp köçä çykdylar. Kakasy:
- «Elif, han-ha seret bir çagajyk otyr, bar şondan sorap bilersiñ» - diýdi. Elif soramaga gitdi, we yzyna gelende aglaýardy. Gelşine kakasyny gujaklady. Kakasy soranda bolsa, hiç hili jogap berip bilmedi. Sebäbi ol çaganyñ aýaklary ýokdy.

çeşme: canim.net
terjime: @Allaberdi T.Ç

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir