GAÇGAK
(hekaýa)

Bu wakaň hekaýasy örän uzyn.
Owwal Peşka ejesi bilen ýagyşda ezilip, kä ekini orup alynan atyzdan, kätede ädigine sary ýapraklar ýapyşýan tokaýdaky sokmak ýoldan daň atýança ýöredi. Soňra gapyň açylaryna garaşyp, garaňky däliziň astynda iki sagada golaý durdy. Däliz howla görä ýylyrak hem çyg däldi welin, emma şemal turanda ýagyş damjalary bu ýerigem gelýärdi. Däliz asta-ýuwaş adamdan doldy, adamlaryň arasynda gysylyp galan Peşka kimiňdir, biriniň balyk ysy kükäp duran postynyna kellesini goýup irkilip galdy. Gapy şakyrdap açyldyda, Peşka bilen ejesi kabulhana girdi. Bu ýerde ýene uzak wagt garaşmaly boldylar. Hemme hastalar oturgyçda gymyldaman, sessiz otyrdylar. Peşka olary synlaýardy, örän köp täsin närseleri görýänem bolsa gürlemän dymyp durdi. Emma kabulhana bir ýetginjek oglan, bir aýagy bilen agsaklap girende, Peşka hem edil şolar ýaly agsaklap ýöräsi geldi. Ol ejesiniň tirsegine dürtüp, elini agzyna ýetirip, pyňkyryp güldi-de:
— Eje, eje seret!— diýdi
Ejesi:
— Ýuwaş bol, oglum ýuwaş bol— diýdi.
Kiçi penjireden, uklap gözleri çişip giden feldşer göründi. Feldşer ýogyn sesi bilen:
—Hany, geliň ýazylyň! — diýdi.
Hemme bilen bir hatarda agsaklap ýöreýän oglanam penjiräň öňüne geldi. Feldşer herkimden adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini, näçe wagtdan bäri hastadygyny we ş.m zatlary soraşdyrdy. Peşka ejesiniň beren jogabyndan özüniň adynyň Peşka däl-de, Pawel Galaktianowdygyny, ýedi ýaşyndadygyny, sowatsyz we ençeden bäri hastadygyny bilip galdy.
Ýazylyş tamamlanansoň az-kem dik aýakda durmaly boldy. Kabulhanadan ak halat geýen, biline ýalyk daňan lukman geçip barýardy. Agsaklap ýöreýän oglanyň ýanyna gelende egnini gysyp ýogyn ses bilen:
— Samsyk ekeniň-eýt. Samsyk bolmasaň şeýderdiňmi? Düşenbe güni gel diýsem, juma güni gelip dursuň. Meň üçin gelýän bolsaň hiçem gelme! Wah, emma aýagyňdan aýyrylyp galarsyňda, samsyk— diýdi.
Oglanyň ýüzi sadaka soraýan adamyň ýüzi kimin gaýgyly görünişe geçdi, gözlerini mölerdip:
— Bir ýagşylyk ediň, Iwan Mikalaýewiç!— diýdi.
Lukman ýaňsylaýjy äheňde:
— Iwan Mikalaýewiçmyş— diýdi— Düşenbede gel diýipdim, aýdanymy etmelidiň. Akmagyň biri, akmak diýsänim.
Lukman hastalary kabul edip başlady. Lukman otagynda oturyp hastalary gezekli-gezegine çagyrýardy. Otagdan oglanyň agy sesi, kätede lukmanyň gaharlanyp:
— Hä, nämüçin aglaýaň? Men seni soýup durunmy? Sesiňi çykarma!— diýýäni eşdilýärdi.
Peşkaň nobaty geldi. Lukman:
— Pawel Galaktianow!— diýip çagyrdy. Ejesi göýä bu çakylyga garaşmadyk ýaly aljyrap galdy. Peşkaň elinden tutup otaga alyp girdi. Lukman stoluň ýanynda, galyň kitaby ünsiz galam bilen urup otyrdy. Lukman giren adamlara hem seretmän:
— Niräň agyrýa?— diýip sorady.
Ejesi:
— Çagaň tirsegi agyrýa, ýaşuly— diýip jogap berdi. Oň ýüzi şeýle bir özgerdi, Peşkaň ýarasy ony çyndanam örän gaýgylandyran ýalydy.
— Çykaryndyr!
Peşka çekine-çekine boýnundaky ýalygy aýyrdy, soň ýeňi bilen burnuny süpüryp postunyny çykaryp başlady.
Lukman:
— Gelin, myhmanhana gelmediň— diýip hüňňürdedi— Nämä haýal hereketlenýäň? Senden başkada garaşyp duranlar kän.
Peşka gyssana-gyssana postunyny çykaryp ýere taşlady, soň ejesiniň kömegi bilen köýginem çykardy. Lukman ýaltalyk bilen oňa seretdi, ýalaňaç garnyna pytykläp göýberdi, çukur dem alyp:
—Peşka dost, garyn sallap bilipsiňa— diýdi — Tirsegiňi görkez, hany!.
Peşka ganly hasa gözüniň gytagy bilen seretdi, lukmanyň ak haladyna garap aglap göýberdi.
Lukman:
— a-a-a— diýip Peşkany utandyrmakçy boldy— Öýlendiribermeli oglan bolupdyr, aglaýşyna seret! Utananogam.
Peşka aglamajak bolup, ejesine seretdi, onuň bu bakyşynda: «Öýe baraňda keselhanada aglanymy aýdyp goýaýma, birden» diýen utanç bardy.
Lukman onuň tirsegine seretdi, tirsegini gysyp gördi, uludan dem aldy, dodaklaryny dişläp ýene-de tirsegini gysyp gördi. Ol:
— Nähili aýal sen?— diýdi— Nämüçin öňräk alyp gelmediň? Elinden aýrylyp galjak eken-a. Gözüň körmi, tentek, muň boguny kesel.
Peşkaň ejesi:
— Siz gowy bilýäňiz, ýaşuly— diýdi.
— Ýaşulymyş… çagaň elini iriňledip göýberipsiň-a, ýene ýaşuly diýen bolýaň. Bi elsiz ne işe ýaraýa? Öle-ölýänçä saňa ýük bolar. Burnuňa syňryk çyksada keselhana ýügürýäň. Çaga bolsa ýarym ýyllap dert baryny çekdiripsiň. Hemmäňizem şular ýaly.
Lukman papiros otlady. Papirosyny çekip bolýança aýaly garaşdyrdy. Hyýalynda aýdýan aýdymynyň äheňine kybaplap başyny oýnadyp, her hili zatlar barada oýlanyp oturdy. Lukmanyň öňünde ýalaňaç duran Peşka onuň gepine gulak asyp, papirosyň tüsesine seredip durdy.
Papirosyny çekip bolandan soň lukman ukudan oýanan dek başyny galdyrdy-da öňkisine görä ýumşak äheňde gürläp başlady:

— Maňa seret, gelin! Muny ýag ýa derman bilen bejerip bolmaýa. Çagany keselhanada ýatyrmaly bolarsyň!.
— Ýatyrmaly bolsa, ýaşuly, ýatyrman elimizden geljek näme bar?
Lukman, Peşkaň egnine elini goýup:
— Biz muny oparasiýa ederis. Sen, Peşka, şu ýerde gal, ejeň gidibersin. Ikimiz şu ýerde galarys, dost. Meň malinalarym pişen. Ikimiz, Peşka, işimizi bolanymyzdan soň balyk tutmaga bararys, men saňa tilki görkezerin!. Myhmançylyga bararys, bolýamy? Ejeň, seni ertir gelip alyp gider, bolýamy?
Peşka, ejesine soragly nazar bilen garady.
Ejesi:
— Galaý, oglum!— diýdi.
Lukman, keýpiköklyk bilen:
— Galar, galar— diýdi — Gepläp oturmagam, artykmaç. Men, oňa diri tilkini görkezerin. Ýarmarka baryp oýunjak alarys. Marýa Denisowna çagany ýokary alyp çykyň!
Lukman keýpikök, göwünjeň adama meňzeýär, ýoldaş tapanyna begenýäne meňzeýär. Peşka onuň sözüni ýykmakçy däl, üstesine ömürinde ýarmarka diýen ýere baryp görenok, diri tilkinem göresi gelýär, emma, ejessinden aýry nädip galyp biler? Biraz oýlanyp görensoň, ol lukmandan ejesinem hastahanada alyp galmagy haýyş etmekçi boldy, emma agzyny açmagada ýetişmän galdy, feldşer aýal oň elinden tutup tekçekden alyp çykyp gitdi. Peşka agzyny açyp töwrege bakyp barýardy. Tekçek, pol we başga zatlar, açyk sary reňke bolaýypdyr, hemmesinden ýakymly ösümlik ýagynyň ysy gelip durdy. Ähli ýere lampa asylyp, ýöreljek ýolada haly ýazylypdyr, diwardan mis krant hem çykyp durdy. Peşka hemmesindem beter özüniň krowaty bilen külreňk odýalyny halady. Ol ýastygy bilen odýalyny tutup gördi, palatany aýlanyp çykdy-da lukmanlar gowy ýaşaýan eken diýen pikire geldi.
Palata o derejede uly däldi, üç sany krowat goýulan eken. Krowatyň biri boş, ikinjiside Peşkaňkydy, üçinjisinde bolsa dynuwsyz üskürynyp, guta tüýkürýän ýüzi salyk bir goja ýatyrdy. Peşkaň krowaty duran ýerden, gapydan seretseň başka palataň iki sany krowaty görünýärdi. Krowatyň birinjisinde başyna tegelek plasmas goýulan reňki soluk, hor bir adam ýatyrdy, ikinjisinde başy hasa bilen daňylan, daýaw bir adam ellerini ýaýyp ýatyrdy.
Feldşer aýal Peşkany palata salyp, çykyp gitdi, birazdan soň bir topar geýim göterip geldi, ol:
— Bular saňa, geýip gör!— diýdi.
Peşka çykaryndy we begenip täze eşiklerini geýip başlady. Köýnek-balagyny, külreňk žempirini geýensoň özüni göwniýetijilik bilen synlady, "şu geýimlerimde obada aýlansam gowy bolardy" diýip oýlandy. Oň göz öňünde ejesi ony derýaň etegindäki atyza jojuklara kelemiň ýapyragyny ýygyp gelmäge göýberdi, ol ylgap gidýär, oglanjyklar we gyzjagazlar oň daşyny gurşap alýarlar, žempirini uly höwes bilen synlaýarlar.
Palata aşpez aýal iki sany agaç tawak, iki çemçe we iki bölek çörek göterip girdi. Tawaklaryň birini goja berdi, ikinjisi Peşkaň göňüne goýup:
— Iý!— diýdi.
Peşka tawaga seretse, ýagly kelem çorba, bir bölek et bar eken. Ol, ýene-de "lukman gowy ýaşaýan eken, özem başdaky görünişi ýaly gaharjaň däl eken" diýip oýlady. Ol, her gezek çorbany owurtlanda, çemçesini ýalap, kelem çorbany uzak wagt içdi. Soň tawakda göşden başga hiç närse galmansoň goja gözüniň gytagy bilen garady, oň henizem çorba içýänini görüp oňa höwesi geldi. Ol ulydan dem aldyda, eti asta-ýuwaş iýip başlady, emma, onuň ähli hereketleri biderek boldy, derrew etem iýip boldy. Diňeje azajyk çörek galdy, çöregi huruşsyz iýmegem ýokanok, emma özge çäresem ýok. Peşka oýlanyp gördide, çöregem iýdi. Şol mahal aşpez ýene-de tawak göterip geldi. Bu gezek tawakda ýeralmasy salynan göwürma bar eken. Ol:
— Çöregiň nirde?— diýip sorady.
Peşka jogap bermegiň deregine garnyny sypady.
Aşpez:
— Nämüçin iýip goýduň? Gowurmany näm bilen iýjek?— diýdi.
Ol çykyp gitdi we ýene-de bir bölek çörek alyp geldi. Peşka dogup, döräli bäri gowrulan et iýip görmändi. Gowrulan eti iýip görüp örän tagamly eken diýen pikire geldi. Gowurma derrew tamam boldy. Gowurmany iýip bolanda, kelem çorbadan agyşan çörekden sähel ulurak çörek agyşdy. Goja naharlanyp bolansoň agyşan çöregi şkafa salyp goýdy. Peşka hem şeýtmekçi boldy, emma, azrak pikirlenip çöregi iýmegi şkafda saklandan Has ýagşy gördi.
Garny doýansoň gezelenje çykdy. Goňşy palatada ýaňky göreninden başgada dört adam bar eken. Olardan diňe biri Peşkaň ünsüni özüne çekdi. O nowça, gamgyn, sakgallak, örän hor adamdy. O adam krowatda ýatyrdy, başyny sagadyň dili kimin gymyldadýar, sag elini dynuwsyz sylkýardy. Peşka ençe wagt ondan gözüni aýyrmady. Ol adamyň bir sydyrgyn başyny oýnatmagy Peşka başda gyzykly bolup göründi, bu hereketi wagty hoşlugy üçin edýän ýaly bolup duýuldy. Emma ol adamyň ýüzüne üns berip seredip, agyr kesele duçar bolanyny aňansoň, Peşkaň kalbyny gorky gaplap aldy.
Üçünji palata girende, endamyna ýag çalynyp goýulana meňzeýän üç sany gyzyl tenli adamy gördi. Olar krowatlarynda gymyldaman ýatyrdylar, agyz-burnuny biri-birinden saýgarmak kyn bolan bu adamlar majusileriň taňrylaryna meňzeýärdi. Peşka aşpezden:
—Gelje, nämüçin olar, bular ýaly— diýip sorady.
Aşpez:
— Çeçek çykan bulara, ýigidekje— diýdi.
Peşka palatasyna gelip, krowatynda oturyp, bile ýarmarka gitmek üçin lukmana garaşyp başlady. Emma lukman gelmedi. Goňşy palataň gapysynda feldşer göründi. Ol kellesine gaba buz salynyp goýulan hastaň ýanyna gelip eňildide:
— Mihaýilo— diýip gyrgyrdy.
Uklap ýatan Mihaýilo gymyldamadam. Feldşer elini sylkdyde çykyp gitdi. Peşka lukmana garaşyp oturan mahaly, ýanynda ýatan gojany sylap başlady. Goja dynuwsyz üskürynyp guta tüýkürýärdy. Ol uzyn-uzyn hyrryldap üskürýärdy. Peşka gojaň bir häsiýeti ýarady. Goja üsküren wagty dem alanda kükreginde bir zatlar sykylyk çalyp herhilli sesler çykarýan ýaly bolýardy.
Peşka:
— Ata, içiňde sykylyk çalýan näme — diýip sorady.
Goja jogap bermedi. Peşka azrak garaşyp:
— Ata, tilki nirde?— diýip sorady.
—Nähili tilki?
—Diri tilki.
— Nirde bolardy? Tokaýda bolýa-da.
Ençe wagt geçdi, emma lukman henizem gelmedi. Aşpez çaý alyp geldi, çaý bilen iýmäge çörek goýmany üçin Peşka käýedi. Feldşer ýene-de gelip Mihaýilony turuzmaga synanyp gördi. Penjirelerden garaňkylyk görünip başlady, palatalarda çyralar ýakyldy, lukman bolsa henizem gelmedi. Indi gün giç ýarmarka hem baryp bolmaz, Peşka krowatynda ýatdyda uklajak boldy. Ol lukmanyň söz beren oýnjagyny, ejesini, oň sesini, garaňky külbelerini, peçlerini, ezme kepir Ýegarownany ýatlady… Ýatlady welin, birden köňli bozulyp, ýüregini gam basdy. Ertir ejesiniň alyp gitjegini ýatlap, ýylgyrdy-da, gözüni ýumdy.
Bir zatlaryň şakyrdysy ony turuzdy. Goňşy palatada kimdir biri gezip ýördi, pyşyrdap gepleýärdi. Şemiň ýagtysyna Mihaýiloň krowatynyň ýanynda üç adamyň gezip ýöreni görünýärdi. Olardan biri:
— Krowaty bilen alyp çykýasmy, ýa diňe özünimi?— diýip sorady.
— Diňe özüni. Krowaty bilen alyp geçip bolmaýa. Jaýy jennetde bolgaýyň bimahal ölüşini diýsene.
Biri Mihaýiloň egninden, ikinjisi aýagyndan tutup göterdi. Mihaýiloň eli we haladynyň etegi sallanyp galdy. Üçünjisi çokundy. Soňra üçüsi aýaklary bilen poly takyrdadyp, Mihaýiloň haladynyň etegini basyp palatadan çykyp gitdiler.
Uklap ýatan gojaň kükreginden sykylygyň sesi eşdilýärdi. Peşka dyň salyp durdy, soňra garaňky penjirä seretdi, ýüregini gorky gaplap aldy. Krowatyndan böküp turdy-da:
— E-e-ej-e-e— diýip gygyrdy.
Gygyryp göýberdi welin, emma jogaba hem garaşman goňşy palata ylgady. Şemiň ýagtysy otagyň garaňky burçlaryny çalaja ýagtyldyp durdy. Mihaýiloň ölenine gyganan hastalar krowatlarynda otyrdylar. Saçlary hüžžük, öz saýalary bilen garyşyp giden bu adamlar äpet bolup görünýärdi we gitdigiçe äpetleşýän ýaly bolup duýulýardy. Iň garaňky burçdaky krowatda oturan adam kellesini we elini dynuwsyz sylkýardy.
Peşka haýsy gapa girjegini oýlap durman çiçjek keselleri ýatan palata kursap girdi, o ýerden kolidora çykyp, kolidordan krowatlarda uzyn saçly, kempir keşbindäki, äpet mahluklar ýatan otaga atylyp girdi. Aýallar bölüminden geçensoň, ol ýene-de kolidora çykyp galdy, tanyş tekçegi görüp, ýüwüryklap aşak düşdi. Birinji gata düşende özi oturan kabulhanany görüp, daşary çykylýan gapyny gözläp başlady.
Penjire şakyrdady, sowuk şemal ýüzüne urdi. Peşka kösene-kösene howla çykdy. Ol bu wagt diňeje bir närsäni, gaçmagy oýlaýardy. Ol ýoly bilmeýärdi, emma eger ylgap gidiberse, elbetde öýüne, ejesiniň ýanyna ýetyp barjagyna ynanýardy. Bulutly gijedi, emma buludyň arasyndan aý nur saçyp durdy. Peşka tekçekden çykyp dogurlygyna garap ylgap gitdi, ammary aýlanyp geçende gür otluga duş geldi, bir az oýlanyp duransoň, yzyna, hastahana tarapa gaýtdy. Hastahanany aýlanyp geçensoň öňe gitmäge ýürek etmän ýene-de durup galdy, hastahana binasynyň aňyrsynda gonamçylyň krestleri agaryp görünýärdi. Ol:
— Eje-e-e— diýip gygyryp ýene-de yzyna ylgap gitdi.
Garaňky jaýlaryň ýanyndan geçip barýarka penjiresi ýagty jaýa gözi düşdi. Ýagty, sary yşyk garaňkyda gorkuly görünsede, gorkudan özüni ýytyren Peşka şol tarapa öwürildi. Penjiräň ýanynda tekçek we ak tagta kakylan gapy bardy. Peşka tekçege ylgap çykdyda penjireden seretdi, birden bütin durkuny çäksiz guwanç gaplap aldy. Penjireden, stoluň ýanynda kitap okap oturan şadyýan, göwünjeň lukmany gördi. Peşka begenjiden gülüp, tanyş adamyny elini bulap çagyrmakçy boldi welin, birden nämälim güýç demini bogup, aýagyna gelip uruldy. Ol sandyrap gitdi we tekçege huşundan gidip ýykyldy.
Ol huşuna gelende bir eýýam gün dogupdy. Düýn ýarmarka alyp barmagy, balyk tutmagy, tilkini görkezmegi söz beren örän tanyş ses ýanjagyzda eşdildi.
— Heý-ý, tentek, Peşka-eý! Tentek bolmasaň şeýderdiňmi? Käýeýän adam ýokda, saňa.

Anton ÇEHOW

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

ÇEŞME: www.kitapcy.com

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir