... ýene-de, köçäñ bir gyrasynda otyr(her agşam bolşy ýaly). Ejesi bilen kakasy bolmansoñ, häzir mamasy bilen ýaşaýardy. Elindäki şaryny hem, hiç wagt ýanyndan aýyrmaz, beýleki çagalar dükandan elleri doñdurmaly gelýärkä, olara serederdi. Ony hiçkim halanokdy, goñşylaryny seretmez, deñ-duşlary aralaryna goşmazdy. Aslynda, ol şeýlebir mähirli we akyllyjady. Her gün agşam geler, öýümiziñ gabadynda otyrarda, şary bilen oýnar, hem-de özi ýaly çagalaryñ oýnaýan oýunlaryny synlardy. Hiçkim bilen gepleşmezdi. Ýöne, meñ bilen bir gezek gepleşdi, -«Ulalanyñda kim bolmak isleýäñ?» - diýip, soranymda, -«Dostym bolsa bolýar, başga hiç zat gerek däl»- diýdi. Gymmat bahaly oýunjaklar bilenem işi ýokdy. Gowy görülmäge we ene söýgüsine mätäçdi. Oña gyzgynjak çorba eltdim(belki begener). Garnyny gowy doýursyn diýip, çörek almaga öýe girdim. Gelsem, beýleki çagalar çorbany alyp iýip(içip) otyrlar, ol bolsa olara seredip dur. Çagajygyñ şaryny hem elinden alypdyrlar. Çagajyk, bularyñ näme üçin beýle etýändiklerine düşünip bilmän, näme diÿjegini bilenokdy. Kiçi ýaşda uly zatlary öwrenýärdi. Bir güni dok bolsa, iki güni açdy. Mamasy hem, köplenç uryp, sögüp, azar berýän eken. Bir gün, çagajyk ýatyrka düýşünde ejesini görýär. Ejesi ogluna: - "stolyñ üstünde bir muska bar, ony alyp boýnuña dak" - diýip, aýtýar. Çagajyk oýanyp stolyñ ýanyna baryp, bir bada hiç zat tapmaýar. Soñ muskany tapyp, boýnuna dakýarda, düşegine geçip ejesiniñ gelerine garaşyp uklap galýar. Ertesi ir bilen çagadan ses çykman soñ, mamasy oýandyrmak üçin otaga girýär. Ýorgany galdyryp, çirkin ses bilen gygyrýar... Çaganyñ boýnyndaky muska bogazyny gysyp, dem alyp bilmän ölüpdir. Stolyñ üstünden bolsa bir hat bukjasy(konwert) tapýar, garry aýal. Oglanjygyñ ejesi şulary ýazypdyr: - «Eje! Sen ogluma gowy seretmediñ. Men ýanyma aldym. Bärde ruhy rahatlyk tapar. Senem gel bir gün ýanyma». Garry aýal şok bolup bunalyma girýär. Bir näçe günden soñam aradan çykýar. Arada şol jaýy ýykmak üçin edara işgärleri gelende, gapyda bir şar bardy. Şarda, «Hoş Geldiñiz!» - diýip, ýazylgydy. Ençe ýyldan soñ.

çeşme: canim.net terjime: @Allaberdi T.Ç.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir