Bellik! Yüregi gowşak adamlara we 16
ýaşdan kiçilere okamak maslahat
berilmeýär!
Sebäbi içindäki käbir maglumatlar
siziň psihologiýaňyza erbet täsir
hem edip biler.
Salam men öz başymdan geçen zatlary aýtmak isleýän. Öten agşam gyssagly köýnek tikmeli bolamsoň gije ýatman işimi etdim, gije sagat 4 töwerekleri ýeke özüm işläp otyryn onsaň birhili ses eşidilip başlady iki sany aýal ýada gyz gürleşýädi, sözleri eşidilenok diňe çalarak sesleri eşidilýädi. Öýdäkileriň biriniň telefony açyk galandyr dp hersiniň teline seredişdirdim telefonlar ýapyk ýada jigilerimiň biri meni gorkuzjak bolýandyr dp seretsem olaram ýatyr, ýene ýerime gelip işimi edip başladym ýöne ses ýatanokdy eşidilip dur menem ünsem bermedim barýaka ýatarda diýip telefonda aýdym açdym, biraz wagtdan soň ses eşidilmedi.
Birnäçe ýyl mundan öň öýde ýeke özümdim beýlekiler daşarda şonda öýdekäm ukym tutyp kellämi ýassyga goýdym çala irkildim welin bir ýogyn güňleç sesli adam göni gulagyma gelip “haaaaa” etdi menem haýdap gözümi açyp töweregime seretdim hiç kim ýok. Ýene bir gezegem tikin maşyna ýaplanyp çala irkildim welin bir guzujyk gulagyma gelip “määää” etdi menem haýdap gözümi açdym töweregimde hiç kim ýok özem şol wagt öýde ýeke özümdim, onsaň daşaryk çykyp seretsem daşarda goýunam ýok guzam ýok. Ýene birnäçe ýyl öň jigim bn bir komnatda gürleşip otyrdyk birdenem bir aýalyň hüwdi aýdýan sesi eşidilip başlady çalaja eşidilýädi bizem birhili geň galdyk. Ejemden soraýas eje sen daşarda aýdym ýada hüwdi aýtdyňmy diýip sorasak olam ýok hiç zadam etmedim diýdi.
Ýene bir zat men kiçikäm bir ýagdaý bolardy iňlisler şoňa “paranormal activity” diýýäler tm dilinde "Adatdan daşary hereket". Meň özüm bir komnatda ýeke özüm ýatýan ýanymda hiç kim ýatanok. Şonda ýatyrkam ilki bilen bedenim gurşup başlaýar soňam elim bn aýagymy biri saklaýan ýaly gymyldadyp blmk hatda gözümem açyp bilemok onsaň ýuwaşjadan ýokaryk göterilip başlaýan 1 metr töwrerekleri ýokaryk galýan bir salym howada durýan soň yuwaşjadan aşak düşýän. Aşak düşemsoň elimem aýagymam gözümem açylýar ýene öňki ýagdaýyma gelýän, kiçikäm şu ýagdaý köp bolardy jigimdede bolýan eken şo ýagdaý. Ýöne soň şoňa garşy bir zat tapdym şol göze görünmeýän zat gelip elimi aýagymy saklap gözümi ýapjak bolanda gözümi ýapman saklap bilsem maňa zat edip bilenok eken, özümde şony barlap gördüm bar güýjüm bn gözümi açyp saklaýadym olam ýapjak bolýady menem ýapdyrman açyp saklaýadym şonda maňa hiç zadam bolanokdy. Ýöne indi hudaýa şükür şol ýagdaýa bolanok.
Şu zatlar hakyky öz durmuşymda bolan waka.
Mowzuk Arxiv dan...
Ýaş gyzyň başdan geçireni: Jynlar yada Arwahlar
-
Jeksparro
4 years ago
- Ertir.comda hem tema edip açypdylar.
Jeksparro 4 years ago- Öñ şu temany bir kitapda okapdym...