Kerim Gurbannepesow.
Bir gün ýokary okuw jaýynda okaýan ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirende bir gyz şeýleräk sorag berýär. - Kerim aga, söýgi näme ? Kerim şahyr - Wah gyzym, on sekiz ýaşyňda sen söýgini bilmeseň men nireden bileýin.

Gurbannazar Ezizow.
Ýaş wagty, tomus günleri, suwa düşmäne gidipdir.
Suwyň gyrasynda az salym irkilipdir, oýansa eýýam eşik çalşyrylýan jaýy gurplap gidipdirler, bialaç diňe turuskaly galan. Gün ýaşara bolsa intäk wagt kän, assa ýuwaş öýüne dogry ylgap başlapdyr. Ýolda yzda görenler muňa ýaman geň galypdyr. Adamlar ýalňyş düşünmez ýalak sondan soň her gün ylgaman başlapdyr, şeýdip tä aradan çykýança sport bilen meşgullanypdyr.

Alty Garliýew, Nury Halmammedow
Aýgytly ädim kinosyna gelişjek sazy kimiň we nädip döredipbiljekdigini Alty Garliýew hemmerlerden gowy bilýädi. Bir ýaşyk arak bilen ony pianoly otagyna gabap gitti. Birinji gün gelip gapyny açýar, hemişeki ýalak çüýşeler boş.
- Nury çal !
- Alty bolonok, bolonok, bolonok.
Alty Garliýew elindäki gazet bilen piano urup, gaýtalaýar.
- Näme üçin, näme üçin, näme üçin !?
- Dur Altyş dur !
Gazetyň piano degendäki tyrkyldydan ylham alyp Nury Halmammedow şol gözel sazyny çalyp başlaýar. (diň diň diň ....)

Halk arasyndan toplan - Perhat Sabirovv

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir