Dünýä syýahatçylygy pandemiýa sebäpli 4 aýda $195 mlrd ýitirdi
Şu ýylyň ilkinji dört aýy boýunça dünýäde syýahatçylykdan gelýän girdeji koronawirus pandemiýasy sebäpli $195 mlrd kemeldi. Şeýle maglumatlar BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynda (UNWTO) getirilýär. Bu barada vestikavkaza.ru habar berýär. Onuň maglumatlary boýunça, ýanwar-aprel aýynda beýleki ýurtlara syýahat eden syýahatçylaryň sany 97% azaldy. Ýagny, 2020-nji ýylyň ilkinji dört aýy boýunça bu görkeziji 44% pese düşdi, “bu bolsa halkara syýahatçylykdan gelýän girdejiniň $195 mlrd töweregi möçberde ýitmegine getirdi”.
Guramanyň çaklamalaryna laýyklykda, şu ýylda beýleki ýurtlara syýahat edýän syýahatçylaryň sany 850 mln – 1,1 mlrd kemeler, syýahatçylykdan gelýän girdeji bolsa dünýäde $910 mlrd - $1,2 trln pese gaçyp biler diýip, TASS ýazýar. Geçen ýyl beýleki ýurtlara giden syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetdi. Bu görkeziji 2018-nji ýyldakydan 4% ýokary boldy.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir