Fergýuson Makgregory göreşe çagyrdy
Amerikaly urşujy Toni Fergýuson golaýda sport karýerasyny tamamlandygyny habar beren Konor Makgregor bilen göreşmek isleýändigini öz usuly bilen aýtdy. Ol özüniň “Twitter”-inde irlandiýaly urşuja “Maknagget duşenbe, UFC-niň abraýyny hasam belende galdyraly” diýen setirler bilen ýüzlenip, özara tutluşyk geçirmäge çagyrdy. Mundan 1 aý gowrak wagt ozal, Jastin Getži bilen tutluşyk geçiren Toni Fergýuson şol duşuşykda ýeňlip, az-owlak şikes hem alypdy. Makgregor bolsa, 2 hepde ozal, karýerasyny tamamlandygyny habar beripdi. Makgregoryň bu çakylyga nähili jogap berjekdigi eýýämden köpleri içgin gyzyklandyrýar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir