Jastin Getji: “Eger men Habibi ýeňsem, Makgregor hökman dolanar”
Ýeňil agram kategoriýasynda UFC-niň wagtlaýyn çempiony Jastin Getji öň karýerasyny tamamlaýandygy barada üç gezek yglan eden Konor Makgregoryň dolanmagynyň mümkindigi baradaky pikirini aýtdy. Bu barada sport-express.ru habar berýär.
- Meniň pikirimçe, Konor dolanar. Oňa biziň Habib bilen göreşimizde kimiň ýeňiji bolýandygyny görmek gerek. Eger-de men ýeňsem, Makgregor hökman dolanar. Eger Habib ýeňse, onda onuň dolanjakdygyna ynamym ýok. Umuman, ol islendik ýagdaýda-da legenda, muny aýyrmak mümkin däl. Konor islendik göreşijiniň arzuw edýän hemme zadyna ýetdi. Onuň öňünde şyrdagymy çykarýaryn, ýöne onuň bilen ýüzbe-ýüz çykyp biljek wagtyma hem sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, ESPN Getjiniň sözlerini getirýär.
Öň iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony duýdansyz özüniň karýerasyny tamamlaýandygy barada habar berdi. Soňrak irland göreşijisi özüniň gelen netijesini garyşyk başa-baş göreşlere gyzyklanmasynyň ýitendigi we UFC-niň hereketlerine nägiledigi bilen düşündirdi. Duşenbe güni Toni Fergýuson Makgregory göreşe çagyrdy.
Konoryň hasabynda 22 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Soňky göreşinde ol 40 sekuntda Donald Serronäni nokauta gidirdi. Getji şu ýylyň maýynda Toni Fergýusondan üstün çykandan soň ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony boldy. Hut 31 ýaşly amerikaly Habib Nurmagomedowyň indiki garşydaşy bolmaly. Olaryň göreşi 19-njy sentýabra meýilleşdirilen we ol Abu-Dabide geçmeli.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir