Garaş maña, men gelerin,
Garaş ýöne çynyñ bilen.
Dökende güýz şelpelerin
Gamlansañam, garaşgyn sen
Garaş, ýagsyn ýagyş-garlar
Garaş zemin gyzan çagy,
Özgelere garaşýanlar
Derrew pälin bozan çagy.
Garaşgyn sen alys ýerden
Habar gelmän ýören çagy.
Garaş özüñ bilen des-deñ
Garaşýanlar iren çagy!

Garaş maña, men gelerin.
«Bestir indi, boldy bir çen,
Unut ony» diýenleriñ
Garaşyp sen ýakgyn için.
Goý, ynansyn oglum, ejem
Ýokdygyma bu dünýäde.
Ot başynda dostlarym jem
Bolup, içsin matam şerbedin,
Goý, diýsinler alyp bada:
«Ýatan ýeri bolsun ýagty...»
Garaş. Garaş, howlukma-da,
Içme olar içen wagty.

Garaş maña, men gelerin,
Dikleşerin ajal bilen.
Garaşmadyk bendelerem,
Goý, diýsinler: «Bagty gelen»
Garaş, hergiz etme heder,
Ot içinde galsam, meni
Şol garaşmak halas eder.
Garaşmadyk bilmez muny,
Bu ahwaly - biljek bir sen,
Birde meniñ özüm borun.
Goý, diýeýin: «Tapyp bilmen
Garaşmakda senden zorun». 
1941ý.

Константин Симонов.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir