Habib Makgregory Twitteriň taryhynda iň gowy göreşiji diýip atlandyrdy
UFC-niň russiýaly göreşijisi Habib Nurmagomedow Konor Makgregoryň iň gowy göreşijiler baradaky sözüne jogap berdi. Öň, irlandiýaly göreşiji Twitterde başa-baş göreşdäki türgenler boýunça özüniň sanawyny neşir etdi we oňa Habibi girizmedi. Iki agram kategoriýasynda UFC-niň eks-çempiony sanawa Anderson Silwany, Žorž Sen-Pýeri we Jon Jonsy girizdi, özüni bolsa sanawyň ikinji ornunda ýerleşdirdi. Makgregor Silwanyň häzire çenli ýeňlişsiz tapgyry (16) we titul göreşlerinde wagtyndan öň gazanan ýeňişleriniň sany (9) boýunça Absolýut göreş çempionatynyň rekordçysydygyny göz öňünde tutmak bilen, ony birinji orunda goýdy.
“Iki agram kategoriýasynda wagtyndan öň gazanylan ýeňişleriň köplügi hem-de olaryň birindäki çempionlyk – Anderson Silwa MMA-nyň taryhynda iň gowy göreşijileriň sanawynda birinji orny eýeleýär” – diýip, Makgregor ýazýar. Emma ol özüni ujypsyzja görkezijilerine garamazdan ikinji orunda goýýar. Deňeşdirme üçin getirsek: UFC-de ol 12 tutluşygy geçirdi, olaryň ikisinde ýeňildi. Habib Makgregoryň diňe Twitterde gowudygyny belledi. Ol oňa garşy jogabyny neşir etdi.
“Sen ýarym ýeňil, ýeňil we ýarym ortaça agramda ýeňildiň. Sen hiç haçan UFC ýa-da Cage Warriors promouşenlerinde titul goramadyň. Sen Sen-Pýere, Silwa we Jonsa bilelikde garanyňda, has köp boýun syndyrdyň. Sen Twitteriň taryhynda UFC-niň iň beýik göreşijisi” – diýip, Habib ýazýar.
Makgregor özüniň karýerasynda 26 göreş geçirdi, olaryň dördüsinde ýeňildi. Ony Artemiý Sitenkow, Jozef Daffi, Neýt Dias, Habib Nurmagomedow ýeňdi.
Ýöne bir zady belläp geçmeli, Makgregoryň birnäçe üstünlikleri bar we şolaryň esasynda onuň iň beýik göreşijileriň hataryna bolmasa-da, MMA-nyň taryhynda iň abraýly türgenleriň hataryna goşulmagy göz öňünde tutmaga hukugy bar. Hut onuň gelmegi garyşyk başa-baş göreşiň meşhur bolmagyna ýardam etdi, netijede promouşeniň girdejisi-de, atletleriň aýlyklary-da ýokarlandy. 2015-nji ýyla çenli UFC-niň çempionlary we esasy “ýyldyzlary” göreş üçin $800 müňden ýokary almadylar, Konor bolsa $1 mln alan ilkinji göreşiji boldy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir