Beýik Britaniýanyň iň baý türgenleri
Iňlisleriň meşhur “The Times” gazeti nobatdaky gezek iň baý britan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. F1-iň 6 gezek çempiony Lýuwis Hemilton 224 million funt sterlinge barabar baýlygy bilen sanawyň birinji hatarynda barýar. 2018-nji ýylda “Mersedes” bilen 40 million funtluk şertnama baglaşan 35 ýaşly Hemiltonyň girdejisi geçen ýyldakydan 37 million funt köpeldi.

Hemiltondan soň, 2-nji hatarda Demirgazyk irlandiýaly golfçy Rori Makilroý barýar. 31 ýaşly golfçynyň şu wagta çenli gazanan baýlygy 170 million funt sterlinge deňdir. “Real Madridden” hepdelik 300 müň funt hak alýan Garet Beýl sanawyň 3-nji basgançagynda. 30 ýaşly futbolçynyň umumy gazanany 114 million funt sterlinge deň bolup, ol Britan adasynyň 30 ýaşdan kiçi türgenleriniň arasyndaky iň baýydyr. 4-nji orundaky boksçy Entoni Joşuanyň 107 million funt sterling möçberinde pul baýlygy bar. Ol geçen ýylda Endi Ruiz bilen geçiren tutluşygyndan 78 million funt girdeji gazanypdy.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir