90 ýaşynda rekordlar kitabyna girdi

Ýaponiýada ýaşaýan 90 ýaşly Hamako Mori atly aýal rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. “Oýunçy mama” (Gamer Grandma) lakamy dakylan Hamako 39 ýyldan bäri kompýuter we wideo oýunlaryny oýnaýar. Ol 1981-nji ýylda kassetaly oýunlary oýnap başlapdyr. 1990-njy ýyllarda bolsa, kompýuter edinipdir. Onuň 2015-nji ýylda döreden “YouTube” akkauntynyň bolsa 250 müň agzasy bar. Ol metbugata beren beýanatynda her günde 7-8 sagat oýun oýnamak bilen meşgullanýandygyny aýtdy.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir