Türkmen telekeçisi Hudaýberdiýew Aýdogdy öz öňünde goýan maksadyna laýyklykda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde 2012-nji ýylda berlen hususy mellek ýerinden towuk ýumurtgasyny öndüriji guş toplumyny 2013-nji ýylda açyp, ulanylyşa girizdi. Türkmen telekeçisi Aýdogdy Hudaýberdiýew ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşup hususy guşçylyk toplumynda 224 müň towuk idedip, gündelik 192 müň ýumurtga öndürilýär. Halypa telekeçiniň aýtmagyna görä guşlardan ýokary hilli önüm almak üçin olary ýaşyna we görnüşine görä talabalaýyk saklamaly we iýmitlendirmeli. Guş eti öz düzüminde gymmatly maddalary saklaýar. Şonuň üçin ol berhizlik, şypa beriji iýmit hökmünde hem ulanylýar. Guşlaryň ýumurtgasy hem ýokumly we siňňitli iýmit hasaplanýar. Häzirki wagtda biziň bazarlarymyzda towuk ýumurtgasy islegli harytlaryň birine öwrüldi. Guşlara berilýän ot-iým üpjinçiligini üpjin etmek maksady bilen 70 gektar ýer böleginde mekge, arpa we ýorunjanyň bol hasylyny alýar. Guşlara berilýän ot-iýmiň hem özümizde öndürilmegi, girdejiniň has-da artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Umuman aýdylanda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuklara, guşlara seretmegiň, yrsgalyňy, ykbalyňy olara baglamagyň özi hem uly bir bagtlylykdan nyşan –diýip belleýär

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir