Ataş daşary ýurtdan gelip ,ilkibada hiç bärniň howasyna öwrenişmän ýaraman ýatdy.
Hatda 20-21 ýyllap içen agyz suwyndan bir ýyl içmäni üçin, gelen badyna içdi welin, tutdy bir içagyry, hem agyrýar hem-de suw ýaly için sürüp, barja ysgynyny hem aldy.
Ejesi Ogulnabat gelneje oglynyň gele-gelmäne bulamyk bolup sünüp ýatmagyndan göwni suw içmän, göni oba lukmanynyň öýune gitdi we baryp:
- Aýna, gyzym öýdemiň balam!?
- salam gelneje öýdele,eýgilikmi ýüziňi garaňka tutyp giçläpsiňle
- eýgilik bormy jan gyzym, ol jigiň daşary ýurdan gelip, öz göbek ganynyň daman topragyna öwrenişmän, öýde bulamyk bolup sünüp ýatyr, içi geçip,yzgynyny hem ýok, ýerinden galyp bilenok, jan gyzym öziň bir eýle beýlesin barlaşdyrda asmajyk ýazaýmasaň hassahana ýerleşdirmeli bolýas, ony
- bor, hazir görup beräýerin, diýdi-de ýoldaşynyň maşynyna Ogulnabat gelnejäni hem alyp olara gitdi
Ataşyň ýagdaýy öwerlik däldi.
Ol derrew derman sargap getiritdi we onyň ukollaryn edip, erte irden gelerin diýip gaýdy
Ataş bir iki gün öýde ukollaryn alandan soň birneme ganymatlaşdy
Indi ol arkaýyn iýip içýardi
Günleň birinde ony dostlary golaýdaky sport toplyma alyp gitdiler.
Olar o taýda basseýinde hezil edip balyk ýaly ýüzdiler
Suwdan çykyp öýe gaýdyşyn toplymyň içinde dosty gelýança, çagalaryň futbol oýnaýşyny synlady
Döwrebap açylan sport toplymynda gör naçe çagalar türgenleşik geçýar.
Olaryň ala goh bolup futbol oýnaýyşlaryny synlap durka, çagalaryň tälimçisi gelip,olaryň kemçilikleriin düzeldip öwrenýän ýaşajyk tälimçini ünsli synlady
Ol daşdan seredip durşy bilen bilen ýaňky tälimçä seretdi,ol arada tälimçi gyz kellesindäki sport kepkasyn eline alyp gyra gaýtdy.
Onyň şemala oýnaýan saçlaryn synlap, ýüreginiň bir burçynda bir zatlaryň howsala salanyny duýman galdy
Oňa çenli dosty geldi we
- Ataş gaýdaly öýden jaň etýaler, diýende ,ziňkildäp gitdi
Dostynyň
- O-how aşyk bolan ýaly kime seredýaňa, diýip gülumsiremegi göwnine ýaramady we
- otyrsanaý men nire, gyz nire, ýöne synlaýdym ,diýip dosty bilen öýe gaýtdy
Ataşyň öýe gelip hiç mazasy bolmady, o gyz kim, we nirden bilesi geldi
Ýüregi sport toplyma garşy çagyrdy durdy.
Dogry ol söýdi, bir bakyşda söýgi bormaý diýip kikirdeýan ýigit bu gün ,ol söýgiň torna özi balyk ýaly düşäýdi öýtýan
Ýüregi üzülip barýan ýigit ahyr çydaman dostuna jaň etdi
- Kakow sen nirdä
- öýde, name boldy
- sport toplyma, gidip gelelile
— nameeeeeee
- hiç zat, gideli diýdimmi gideli
— ahow, gije sagat 11- de sport toplymda name işiň bar
- şondada gideli
- ýokow, ýat erte azan bilenjik özümjik äkitjek, okeými
- okeý däl
— Uffffff, nätdiňaý dost, seni tizden tiz okuwyňa ugratmaly, bolmasa sen geleňden bäri, iş boldyňlaý bir gün içiň geçýar, bir gün ýene gör, menä ýatjak, ne meşaý, erte gidersiň, diýip trupkany goýdy
Ataş, gaharyna kakasynyň maşynynyň açaryn alyp, göni gije Kakowlara bardy we ony oýaly ukuly maşyna basyp, göni sport toplyma sürdi
Baryp görseler o taýda garaguldan başga adam ýokdy lapykeç bolan Ataş ýüzin sallap, maşynyna ýöredi
Kakow bolsa onyň yzyndan hüňňürdäp
- heý aşyk bolany hem görýas, gije 11 - den soň gyzyň gözlegine çykany welin göremizok
- görmedik bolsaň görüp gal şunam diýip dostyna bir ýumrugy ýelmäp göýberdi
- indi ýene bir agyz şo gyz barada bir zat gepläýseň, pökgi depen ýaly depýän häzir
- ahow, gyz saňa bolýa diýmese soň meni öldurjekmi urup, bu näme etdigiň bolýa
- howa öldurjek, dostyň dost bolýan bolsa, şu wagt gyz şu taýda bolardy, diýip gaýtam göwni bir ýaly,
- ýör gyzy gözläli, diýip maşynyna mündi
- ahow meni bir öýe düşur, sen näme etseň şony et
- seni öýe düşurup men name samsykmy, onda seni başyma ýapaýynmy, gözleşmejek bolsaň
- erte gözlarin, sen öýe sür maşyny diýip, olar öýlerine gaýtdylar
Kakowy öýlerine düşurüp, Ataş öýe gelip hiç gözine uky gelmedi
Gyzyň aý jemaly gözin ýumsa golaýyna geldi durdy, geldi durdy

Dile şirin şirin setirler geldi. Ol gyza düýşünde goşgy okap berdi. Onyň gülküsine aşyk boldy .Ol söýdi, ýürekden söýdi

Gaýtalap-gaýtalap señ adyñ dilde,
Ezizim men seni ýürekden söýýän,
Señ owadan zybañ görýän men gülde,
Ezizim men seni ýürekden söýýän.

Elmydama gülim bol sen ýanymda,
Ýüregime girip ak sen ganymda,
Şatlygym bol käte-käte gaýgymda,
Ezizim men seni ýürekden söýýän.

Bol sen asmanymda şöhle saçýan Aý,
Gel sen meni öz ýigidiñ, bagtyñ saý,
Gel bolaly sen maña, men saña tay,
Ezizim men seni ýürekden söýýän.

Boýnuña al señem göwniñ bar mende,
Geregim gitme sen, meñ yüregim sende,
Gel bagtly ýaşaly ikimiz bile,
Ezizim men seni ýürekden söýýän.

Nowça (dowamy bar)
Goşgyň awtory: Merdan Myradow

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir