Kiwi hakynda, azajygam bolsa, düşündiriş berip, onuň peýdaly taraplary barada gazetiň şu sanynda okyjylara ýetirmegi makul bildik. Kiwiniň mekany Hytaý hasaplanylýar. Oňa “kiwi” ady 1950-nji ýylda berilýär. Bu ady täzezelandiýalylar Hytaýdan ABŞ-a eksport etmek maksady bilen dakýarlar.

Kiwi — witaminlere baý miwe. Onuň düzüminde limon bilen pyrtykala garanyňda, askorbin turşusy köp. Kiwide kaloriýanyň azlygy sebäpli, ony horlanmak üçin ulanmak maslahat berilýär. ªeýle-de, kiwi adamyň organizmi üçin hem örän peýdalydyr. Sebäbi, ol adamyň immunitetini berkidýär. Häzirki wagtda ýokanç keselleriň köp ýaýran döwründe bu miwäni iýmek maslahat berilýär.

Kiwi organizmdäki ýaglary ýakýar we ganyňy suwuklandyrýar. Gan damarlaryny hapa ganlardan arassalaýar. Onuň ýürek-damar kesellerini bejermekde-de ähmiýeti uludyr. ªeýle-de, kiwiniň iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemeginde, iç gatamada, sary gaýnamada täsiri ýokarydyr.

Gyzykly maglumat: kiwiniň daşy iýilýär, şonuň üçin ony arassalamak hem hökman däl. Ony diňe gowy edip ýuwmak ýeterlik. Ony isleg bildirýänler şol durşuna ýuwup, iýip bilerler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir