Berdinin gulagyna natanyş sesler gelip başlady. Gözüni açmaga çalyşdy. Bir gözi düybinden açylanokdy. Agzyny iki tarapa gymyldatdy. Agzynyn içi öt yalydy. Owurdy agyryardy. Agzynda üyşen tüykiligi tüykürjek boldy yöne şepbeşige dönen tüykilik çykjagam bolmady. Suwsapdy, beyleki gözüni çalajadan açmaga çalyşdy... Zeylan suwyn ysy gelyardi.howa gaty dymykdy. Biryerden erbet bir zadyn ysy burnuna uryardy, "name-de bolsa burnum ys alyar"diyip Berdi içinden pikir etdi." Bah akyl-huşum hem yerinde"diyip yene oylandy. Gözüni birki sapar yumup açdyda özünin nirdedigini bilmage çalyşdy. Yerzemindi yada şona menzeş bir yerdi.hütdük yaly bir yerdi. Ýanynda bir otyrgyç birem bir stol durdy. Tam gaty kiçidi.ayagyny uzatsa gapa arkayyn yetjekdi. Ýokardaky kiçijik penjireden içerik gün şöhlesi düşyardi. "Men nirdekam,wagt naçeka,günortan öytyan... Ýogsa-da men barde name işleyan"diyip Berdi pikirlendi. Bir zatlar yatlajak boldy,başarmady. Yatan yerinde dikeljek boldy. Endam jany şeyle bir agyrdy bütün sünni syzlayardy. Hatda çep böwri janyny alyp baryardy." Ey Allajan men nirde mana name boldyka... Hudayjan mana name etdiler men günam nameka"diyip Berdi nayynjar inledi. Berdi gözüni töweregine aylady. Gapy demirden yasalypdy. Stolyn yanynda yerde yüp yatyrdy.yene-de yerde pytrap yatan çüyler görünyardi. Yer sementden edilen diwaryn suwaglary uçuk-uçukdy. Diwaryn fundamenti zey çekip agaryp başlapdyr." Meni barik name üçin getirdilerka?urandyklara çyn welin nire bu tayy?kim bilen alyp bermedigim bardy,men bir only duşmanymam yokdy"diyip Berdi yene bir gezek yerinden turjak boldy.Goly diyen edenokdy,hamana ol düybinden gopan yalydy.Azajyk dinşirgenip yatdy.. Birdenka demir gapyn anyrsynda ses eşidildi: -Ay yoklay bu samsyk bize zat aydasy yok..eden dal bolaymasyn..bizem gaty kösedik bu pahyry göyberaysek natyar-diyip biri gapyny açyp durka yanyndaka yüzlendi."iki adam öytyan diyip"Berdi yatan yerinden oylandy. -Sen na bilyan..Iwanowyn name diyeni sen na eşitmedinmi?kersinow sen..ohow şudygyny öz gözleri bilen görenler bar..olar na yalan sözlandir öytyanmi-diyip bir beyleki gürledi.ilkinji gürlan gapyny açmany goydyda yere tüykirdi. -Ay goysana şunça azar berdik.men dal diyip gaty kan özelendi..hatda eline çüyem urdym..yok men edemok diyyar şonda-da..ohow onsonom bu döwürde birki manat bersen gördüm diymega anyrda dursyn kellesinem sana berer olar... -Hany yene bir sorap göreli!bolmasa son görerisda.Iwanowyn rejesi gen dal..Ol boyun aldyrmasanyz kellaniz bilen jogap berersiniz diydi.Mena natjegimi bilyan daldirin.. Gapy yene şykyrdap başlady.Berdi düynki bolan zatlary yadyna salmaga çalyşdy.Hawa..hawa ony polisya tutup alyp gaydypdy Mary bazaryn yanynda geçip baryarka...Welisopedini yany bejerip aylanmaga çykypdy..Mary bazary alawlap yanyardy..bir topar adam gykdabak bolupşyp gygyrşyp iki tarapa elewreyardi..Yangyn söwdürüji entek gelip yetişmandi..."Ya çagyrmadykylara bu kelesanlar"diyip Berdi oylandy.Telefon bilen yangyn söndürija jan etjek boldy.töweregine seretdi.adam bary elleri bedreli ody söndürjek bolyardy...Birki sany adam hem telefonda gygyryp yangyn söndürijini çagyryady -Gelyarmiş entek yoldamyş...diyip biri gygyrdy. -ay how mallar hiç welin men gelnejem bardy otayda...na adamyn jany şeyle ujyzmy?İçindakilere name boljak şona berjek barmy diyip yene bir eli suw doly bedreli oda tarap baryarka gygyryady... Bir gelneje saçyny başyny yolup gygyryp aglayardy.... -way bary malym gidendirle...wah yanyja getiren türk köwüşlerim yanandyrley...way doganlar yetegörünle....diyip bary güyji bilen ayal maşgala gygyryardy.."Berdi yangyn söndüriji name eglendika" diyen pikir bilen yola çykyp welisopedine minip çalt sürüp Maryn bazaryndan odyndan uzaklaşdy.edil şol pursat gyrada yoly yapyp duran polisyalar Berdini görüp gygyrmaga başladylar -Nira baryan barden geçmelidaldigini sen na görenokmy?Na janyndan irdinmi?beyla geçmek bolanok.Mary bazary yanypdyr...bar nirden şondan git barden geçme... Şol bada anyrdan bir maşyn trewoga bilen gygyrmaga başlady... -Gaçma sen welisopedli duran yeriden butnama...welisopedini gyra çekip düş üstünden... Berdi sakga durdy.Polisyalar edil awyna topulan yolbars yaly Berdin üstüne topyldylar. -Sen haramzada na munça zady weyran edip gaçyp gutularyn öytdünmi kim tutdy seni deyyus...yeke agyz gürlesen özüne garşy güna hasaplanar.Halkyn munça zadyny yakyp na bal güne batar ötdünmi?Gerek bolsa janyn bilen jogap berersin..akidin ony diyip Polisyanyn kapitany gara murt peşeneli pyyada agzyny köpükledip gygyrdy..Polisya Berdini polisyanyn maşynyna mündirip çaltlyk bilen wakanyn bolan yeriden uzaklaşdy.. Berdi ahli yadyna saldy..."hawa meni Maryn bazaryny yakandyr diyip pikir etyarler.Men beyle zady yatsam tursam yadyma getirmesem name...wah siz nejisler." Ikı polisya içerik girdi.. -Yerow yigit özüne geldin mi?Seni her gezek özünden gidermek bize kyn düşyar diyip gapyny açan polis it yylgyrşyny edip yylgyrdy.yüzünde adam sypatyndan nam nyşan yokdy.çep yanagynda bir çapyk bardy... Berdi çalaja "suw"diyip seslendi.. -Bar suw getir serjant diyip çapyk yüzli gürledi...Serjant düybinin syrçasy gopan bir kürüşgede bulanyk suw getirdi. -Hany içir diyip çapyk yüzli gürledi. Serjant suwy içirme niyeti bilen Berdinin agzyna kürüşgani eltdi..Berdi suw içyarka tasdan demigip ölyardi...kim bilyar naçe wagt suw içmandi...Berdi üsgürdi..demigendigi üçin ulydan ulydan dem aldy... Çapyk yüzli polis yene gürledi: -Göryan welin sen buzatlardan habaryn yok... Seni boşatmaly boljagow... Serjant dillendi:-men sana düynden bari aydyp gelyan şu dal diyip... -Bilip bolmaz diyip çapyk yüzli polis gürledi.-Entek muny kabir şertler boyunça göyberip bolar...Gerek wagtymyz yzyna çagyryp delil hökmünde kabir zatlary soramaly bolar..Bar ulagy alyp gelsinler..çagyr beylekileri..muna bir em-yom etsinler son göybersinler..sana bir zat diyeyin Berdişka...meni şeytdiler..beytdiler diyip agzyndan sypdyraysan...eşitmedim diyme yoguna yanarys...Welisopedli baryarkam awtoulag kakdy diyesin bolany bolyamy?Hany serjan tayyarlan derrew-diyip Çapyk yüzli polis dodagynyn iki tarapynda birigip gatan tüykiligini süpürdi.. Berdi name diyjegini bilman dine dymdy... Berdini keselhana eltenlerinde gün howry yany gaydyp başlapdy.

Avtor - LIDER
28.04.2009ý

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir