Pygamberimiz ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli dürli hünärli adamlar bilen gatnaşyk açyp, ynsanlar arasynda tapawut goýmandyr. Täze döreden jemgyýetinde her kimiň mynasyp paýyny bererdi. Musulmanlary gün-günden bagtly hem şadyýan ýaşar ýaly etmek, onuň başdan ýüreginde beslän işlerinden biridi. Muhammet pygamber (sAllahllahu aleýhi wesellem) her üýşmeleňde mü"minlere: "Biri-biriňizi söýgi bilen bagryňyza basyň, ýürekden söýüň, biri-biriňize jaýyň diwary ýaly bolup jebis duruň, gamly, şat günleriňizde-de, gytçylykda, bolçulykda-da bir bolşuňyzy saklaň, biri-biriňizi goldaň, biri-biriňize hemaýat beriň, biri-biriňizden zadyňyzy gaýgyrmaň, içiňizde biri-biriňize kine saklamaň, alçak boluň, tekepbirlikden, men-menlikden daş duruň, biri-biriňiz barada alada ediň" – diýip, maslahat bererdi. Adalat, söýgi, merhemet, geçirimli we jomart bolmak, birek-birege hemaýat bermek ýaly beýik dini hem-de ahlak ýörelgeleriniň musulmanlaryň göwünlerine soltan bolmagyny Muhammet pygamberiň ak ýürekden isländigini biz anyk aýdyp bileris. Pygamberimiz garyp-gasarlara has ýakyn durardy. Baýlara tekepbir bolmazlyklaryny, ellerindäki mal-mülkleriniň garyp-gasarlaryň zähmetiniň eseridigini aýdyp berip, olara: "Işläne iş hakyny maňlaýlarynyň deri guramanka beriň"8 diýip, iş buýrýan musulmanlara öwrederdi. Işçilere bolsa edýän işlerini mümkingadar oňat etjek bolmagy maslahat bererdi. Bir gezek üst-başlaryndan garypdygy bildirip duran bir topar adam pygamberimiziň ýanyna geldi. Pygamberimiz olaryň halyna gynanyp, ur-tut sahabasyna görkezme berip, gelenlere gerek bolan kömegi berdirdi. Halk bilen gatnaşykda peýdaly gürrüňler etmegiň ähmiýeti uludyr. Pygamberimiz gürlän wagty salyhatly gürlärdi, her sözüni bölüp-bölüp aýdardy. Ol gürlände aýdýan zatlaryna düşünmän galmak asla mümkin däldi. Diňleýänler Onuň sözlerini ýat tutmaga-da ýetişýärdiler. Gürleşýän adamy az boldy, köp boldy – oňa tapawudy ýokdy. Ol gürlände tebigy bir sypata girip, howlukman mylakatly gürlärdi. Wagt tapsa, çakylyga-da giderdi, oturyp adamlar bilen dürli meselelerden söhbet açardy. Sahabalardan Zeýd bilen Sabit (r.a.) hezretleri: "Pygamberimiz adamlaryň arasyna baryp, olar bilen dürli meseleler barada söhbet gurardy" diýip güppüň berýärler. Myhmançylykda bolanda, pygamberimiz öňünde arpa nandyr hurma goýulsa-da ony höwes bilen iýip, öý eýesini utandyrmajak bolardy. Pygamberimiz ýygy-ýygydan bazarlara baryp dükanlara aýlanardy. Käwagt terezini eline alyp, ony nähili çekmelidigini satyjylara öwrederdi, söwdada dogry bolmagy olara maslahat bererdi. Öndürýänleriň we alyjylaryň biri-birlerini aldaman söwda etmeklerini gazanardy. Müşgili bolan her bir adam pygamberimiziň huzuryna girip, oňa beresi gelen sowalyny berip, kanagatlanarly jogap alardy. Ol hassalaryň halyny sorap durardy. Olaryň tizräk aýaga galmagyny dileg ederdi, agyr ýatan hassa göwünlik bererdi. Pygamberimiz jynaza gatnaşardy, merhumyň ýakyn hossarlarynyň başlarynyň sag bolmagyny dileg ederdi, olara göwünlik bererdi. Goňşa goldaw bermek yslamyň asylly däplerinden biridir. Pygamberimiz aýallary tebigatyň ýaradan iň bir näzik gözelligi saýyp, olar bilen özüni mylaýym alyp barardy.

Çeşme - Ýadyma düşenok bloknodymda durdy. Soñ halap goýaýdym.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir