Koronawirusdan goranmaklygyñ emelleri


Dünýä ýüzüniñ daşary ýurt teleýaýlymlarynda şu wagt göz-görtele gidip duran himiki-biologiki zäherlenmeleriñ garşysynda biz türkmenler nädip durup bilerkäk!?
Gelip gowuşýan habarlara görä hytaýda ýyldyrym çaltlygynda ýaýran Koronawirus dümewiniñ täsiri gyş geçensoñ öz täsirini ýitirjekdigini aýdýarlar. Emma gyş geçse-de, bir täsiri astyna alan koronawirus million adamlardan sowulyp geçäýermikä?
Ýok, bu beýle bolmasa gerek!
Şeýle bolsa koronawirusyñ täsirinden goranmak üçin ilki bilen etmeli zatlarymyzyñ biri agzymyzy we burnumyzy suw bilen arassalap, çaýkap durmaly. Öñ üç wagtyna edýän bolsañyz indi işleriñizi dynyp, ýa nahardan öñ burun boşlugyny suw bilen ýuwup, arassalamaly.
Ikinji etmeli zatlarymyzyñ biri hem öýde ýüzärlik tütetmek. Ýüzärligiñ tüssesi koronawirusyñ täsirini peseltmekde dermanlyk ösümlikdir. p.s. şunam belläýin bazarlardaky ýüzärligiñ bahasy galmasa-da belli. :)
Üçünji aýtjagym, eger ýüzärlik gyt bolsa onda sogan bilen sarymsagyñ gabyklaryny, özem bolsa bolýar, ýakyp tüssesini öýe tütetmeli.
Dördünji hem, borjak. Borjak Türkmenistanda ösüp ýetişýän derman ösümlikleriñ biridir. Borjak koronowirusyñ zreniýasyny peseltmäge ukyply.
Borjagyñ gaýnag çaýa demlenen görnüşi ýakymlydyr.
Şol bada aýyrmasa-da täsiri bir iki hepdäniñ dowamynda ýetirip başlaýar.
Türk telewideniýesinden görkezilýän habarlara görä salamlaşylanda elleşip, ýa gujaklaşyp görüşilende koronowirusly adamdan sagdyn adama geçmek ýaly ähtimallygy bar. Koronowirus dümewinden dümewlänler bar bolmasa-da, nätanyşlar bilen salamlaşylýar ýa görüşilýär. Şonuñ üçinem islendik adamyñ koronowirus keseliniñ bardygy ýa ýokdugy şübheli bolýar. Mümkin boldugyça dil bilen salamlaşmagy ündelýär.
Koronowirus bilen kesellän adam özüniñ kesellidigini duýman biler.
Siziñ saglygyñyz biziñ baýlygymyz diýmek bilen makalany tamamlaýarys.
Her bir türkmen ojagy bilen birlikde, dünýä ýüzüniñ ilatlary saglykly, sagdyn, şypaly nesiller bolup ýaşamaklygyny Beýik Alladan dileýäris!

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir