Nädip dişagyrydan dermansyz dynyp bolar?
Nädip dişagyrydan dermansyz dynyp bolar?
Bimahal çagy çüýrän dişiň agyrysy azar berýär. Öýde agyryny aýyrýan derman hem ýok. Diş lukmanynyň ýanyna gitmegi bolsa irdene çenli goýmasaň, başga alaç ýok. Näme etmeli?
Şeýle bolanda, dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem örän gowy peýda edip biler. Bidenekden (şalfeý), ýakymlyjadan (duşisa), sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden, ajynarpyzdan (mýata pereçnaýa) melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar. Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornuny soda ýa-da birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutup biler...
Mundan başga-da, spirte ýatyrylan bir bölek hasany agyryly ýere goýup bolar. Gadymy hytaý usulynyň hem nepi degmegi mümkin. Başam we süýem barmaklaryň we gözüň görejiniň hem çekäniň arasyndan geçýän göz öňüne getirilýän çyzyklaryň kesişýän oý ýerinde simmetrik ýagdaýda ýörite nokatlar ýerleşýär. Eger olary başam barmagyň bilen mazalyja owkalasaň, agyry aýrylar.
Islendik ýagdaýda bir zady ýatdan çykarmaly däl: dişagyryny aradan aýryp bilseňiz-de, size çüýrük dişi özbaşdak bejermek başartmaz. Şonuň üçinem, göni diş lukmanynyňka howlugyň!
Nädip dişagyrydan dermansyz dynyp bolar?
-
bin
4 years ago
- Diş agyrydan dermansyz dynmak ün dişi gopar :-D
Jeksparro 4 years ago- Pygamber tebipçiliginde miswak ulanmaly diyyär. Senem şony ulanaýmasañ!