Maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň ählisi olardan alynýan önümleri öz hojalygynda ulanýarlar. Türkmen halky hem dowarlaryň we düýäniň ýüňüni irki döwürlerden bäri ulanyp gelýärler.
Mallaryň ýüňüni işläp-bejerip keçedir-halylary, egin-eşikleri, hojalyk üçin zerur torbalary, horjunlary, garçynlary, saçaklary, ýorgan-düşekleri, saglyk üçin guşaklary, dyzlyklary, joraplary we başgalary taýýarlaýarlar.
Bu önümleriň ähisi özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, saglyk üçin peýdasy we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Dowarlaryň we düýäniň ýüňi deňeşdirilende düýe ýüňi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Düýe gylynyň içindäki boşluk onuň agramynyň ýeňil, gyzgyn saklamak ukybynyň ýokary bolmagyna we çyg geçirijiliginiň düýbünden bolmazlygyna ýardam berýär.
Düýe ýüňüniň gurluşynyň özboluşlylygy ondan taýýarlanýan ýylylygynyň gurak bolmagyna getirýär. Bu bolsa adamy hiç wagt tomsuna derletmeýär we gyşyna üşetmeýär.
Düýe ýüňüniň düzüminde haýwan süýümi-lanolin bar. Lanolin gyzanda adam bedenine, myşsalara we bogunlara oňaýly täsir edýär. Sonuň üçin düýe ýüňüniň önümleri daýanç hereket ulgamyna we bogun kesellerinde peýdasy köpdür. Ýene bir subut edilen ähmiýeti elektromagnit mеýdanyny ýok etmek ukybydyr. Şonuň üçin olar häzirki zaman tehnikasynyň adama täsirini peseldýär.
Düýe ýüňi tozany özüne çekmeýändigi üçin ol adamda allergiýa döretmeýär. Bu häsiýetleriň hemmesini nazara alyp häzirki wagtda kosmonawtlara we uzak aralyga ýüzýän deňizçilere düýe ýüňünden egin-eşik tikýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir