6-njy bap

Adamzadyñ betpälligi


1. Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi. 2. Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar. 3. Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi. 4. Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller (Nefiller örän uzyn we güýçli adamlar bolupdyrlar, olar Gelip çykyş kitabynyň 6-njy babynda ylahy barlyklaryň we ynsan gyzlarynyň nesilleri hökmünde ýatlanyp geçilýär. Soňrak, ysraýyllar Kengan ýurduny gözden geçirmäge gidenlerinde, nefilleri (ýagny nefillerden gelip çykan anaklary) görüpdirler) bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýamdan bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.
5. Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi. 6. Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy. 7. Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi. 8. Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.

Nuh pygamber

9. Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi. 10. Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy. 11. Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy. 12. Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi. 13. Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek. 14. Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal. 15. Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz tirsek bolsun. 16. Oňa üçek-de ýasa, üçegiň boýy bir tirsek bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa. 17. Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler. 18. Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň. 19. Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün. 20. Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler. 21. Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün». 22. Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir