Salam hormatly agzalar we gadyrly mymanlar! Yakynda \"gyz/zenan we oglan/erkek gatnashygy\" barada ozara pikir alyshygyny etdik welin, men-a ka zatlary owrenip galdym. Dini taydan yagday sheyle, belki, kopumiz yadyrgap bileris yagdayi, yene-de www.yslam.info sahypasynda bar bolan yazgydan bir bolegi barigem goyayin diydim, belki, islane peydasy deger. Ynha, yazgy: \"Aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebi Yslam dinindäki ähli emr we gadaganlyklar ynsanlaryň, aýratynam, musulmanlaryň şahsy, maşgala we jemgyýetçilik ýaşaýyşlaryny düzgünleşdirip, dünýä we ahyret bagtyny gazanmaklygy baş maksat edinendir. Emr we gadaganlyklaryň hemmesinde ynsanyň bähbidi bardyr, olaryň hiç biri zyýanly däldir. Käbirleri göräýmäge şahsyýet üçin peýdaly görünse-de, jemgyýet üçin zyýanlydygy sebäpli gadagan edilendir. Mysal üçin, käbir zatlary daşky görnüşine görä baha berip, peýdaly ýa-da zyýanlydygyna höküm edýäris. Bu babatda Allatagala Gurhany kerimde şeýle aýdýar: «Siziň halamaýan zadyňyz, mümkin, siziň üçin peýdalydyr. Şeýle hem siziň göwnüňizden tursa-da, şol zat siziň üçin zyýanly bolup biler. Her bir zadyň ýagşy ýa-da erbetdigini anyk we kesgitli görnüşde diňe Alla biler, siz bilmersiňiz.» (Bakara, 216). Bu aýat nämäniň peýdaly, bähbitlidigi we nämäniň zyýanlydygy meselesinde ynsanlaryň kämahal yalňyşyp biljekdiklerini, haýyr bolany şer, şer bolany-da haýyrly diýip häsiýetlendirip biljekdiklerini nygtaýar. Şol sebäpli Allatagala her bir meselede bolşy ýaly, aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebini hem hut özi düzendir. Gurhany kerimde we Pygamberimiziň hadyslarynda bu mowzuk bilen baglanyşykly belli kada we düzgünler taglym edilendir. Hawa, geçmişi we geljegi iň gowy bilýän Allatagala käbir erbetlikleriň öňüni almak maksady bilen aýal-erkek gatnaşyklarynda erkinlik ýörelgesini çäklendirendir. Mysal üçin, maşgala abadançylygyna, nesil sagdynlygyna we şahsyýetde utanç, edep, haýa-şerini we ynam duýgularyny ýok eden zynanyň öňüni almak üçin «Zyna yakynlaşmaň, çünki ol çenden aşalyk we erbet bir ýoldur» (Isra, 32) aýaty bilen zyna eltjek ähli hal-hereketleri we gatnaşyklary gadagan edendir. Aýal bilen erkegiň özara ýakynlyk derejesine göra mährem (biri-birleri bilen öýlenmekleri gadagan) bolanlar, mährem bolmadyklar we bularyň mähremlik derejesine laýyklykda, kabir esaslar kesgitlenipdir. Bu esaslara laýyklykda, aýal-erkek gatnaşyklary düzgünleşdirilipdir. Şonuň üçin ynsanlaryň ten-bedenleriniň käbir agzalary jynsy meýilleri döredýändigi sebäpli, öwrat (utanç-haýa duýgusy sebäpli ynsanyň ýapmagy zerur bolan ýerleri we agzalary) kabul edilipdir. Öwrat ýerleriniň ýapylmagy we olara seredilmezlik edep hasap edilip, her hili erbetligiň düýbünden ýok edilmegi usuly esasy maksat kabul edilipdir. Öwrat näme? Utanmak manysyny aňladýan öwrat sözi, ynsanyň jynsy agzalarynyň bolan ýerlerini göz öňünde tutan bir meňzetmedir. Yagny, açyk bolmagy sebäpli ynsanyň utanç duýjagynyň ikuçsyzdygyny aňladýar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň: \"Erkek erkegiň, aýal-da aýalyň öwrat ýerine seretmesin\" (Müslim) Hadysy şerifinde bu many göz öňünde tutulandyr. Köneürgenç türkmenleri döwletiniň ýetişdiren meşhur yslam alymy Fahreddin Razy ýazan Gurhan tefsirinde ynsanyň biri-biriniň ýanynda ar-namys, utanç-haýa kabul ediljek hallaryny (öwrat) we olaryň edebini dört görnüşde jemleýändir, 1. Erkekleriň özara öwrat haly we onuň edebi. 2. Aýallaryň özara öwrat haly we onuň edebi. 3. Aýalyň nätanyş bir erkek bilen öwrat we gatnaşyk edebi. 4. Erkegiň nätanyş bir aýal bilen öwrat we gatnaşyk edebi. 1. Erkekleriň özara öwrat haly we onuň edebi Erkekler özara bilelikde bolanlarynda haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapylmagy zerur bolan öwrat ýerleri göbek bilen dyz aralygydyr. Erkekleriň biri-birlerine göbek bilen dyz aralygyny görkezmegi haram saýylypdyr. Göbek bilen dyz aralygyndan başga bedeniň tutuş hemme ýeri öwrat saýylmayar. Öwrat bolmagynyň delili şu hadyslardyr: Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Huzeýfe diýen sahabany metjitde dyzy açyk halda görende, \"Dyzyňy ýap, çünki o taýy öwratdyr\" diýýär. (Tirmizi). Şeýle hem bir gezeginde-de Hezreti Ala (Alla ondan razy bolsun) \"Dyzyňy açma, öli ýa diri, hiç kimiň dyzyna seretme!\" diýip aýdýar (Tirmizi). 2. Aýallaryň özara öwrat hallary we onuň edebi Aýallar özara bile bolan wagtlaıy haýa duýgusy sebäpli ejap edip ýapmagy zerur bolan ýerleri edil erkekleriňki ýalydyr. Aýallaryňda özara biri-birleriniň göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri haram saýylypdyr. Bulardan başga bedenleriniň beýleki ýerlerine (pitne endişesi ýok bolsa) seretmeleriniň hiç hili zeleli ýokdur. Bu meselede ýakynlyk derejesi hasaba alynmaýar. Ejesi, gyzy, gyz dogany, goňşusy ... tapawudy ýok, bularyň biri-birleriniň göbek bilen dyz aralygyna seretmeleri halal däldir. 3. Erkegiň nätanyş bir aýal bilen öwrat we gatnaşyk edebi Aýallaryň elleri we ýüzünden başga tutuş bedeni nätanyş erkekler üçin öwrat saýylypdyr. Seredilmegi ýa-da görüljek şekilde açylmagy dürs däldir we edepsizlik saýylýar. Erkegiň nätanyş bir aýala ýörite seretmegi dürs görülmändir we uly edepsizlik hasap edilipdir. Erkek adam biygtyýar aýalyň öwrat ýerlerine seretse, Allatagalanyň: \"Mümin erkeklere aýt! Gözlerini haramdan sowsunlar\" (Nur, 31) emrine laýyklykda, derhal gözüni ýumup, ýüzüni öwürmelidir. Erbetlige iteklemejek bolsa, zerurlyk ýagdaýda bir gezeklik seretmek dürs görlendir. Emma bakyşyňy ikinji gezek gaýtalamaklyga rugsat edilmändir. Ymam Agzam hem bu pikirdedir. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiz döwründe şeýle waka bolýar. Pygamberimiz bilen Hezreti Aly köçede ýöräp barýarkalar Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun) nazary nätanyş bir aýala düşende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýdýar: \"Eý Aly, nazary nazara goşma. Birinjisi üçin saňa hiç hili günä ýokdur, emma ikinjisi seniň zyýanyňadyr\" (Ebu Dawut). Alym Kurtuby bu hadysy okandan soň, El-Jamyg atly kitabynda şeýle düşündiriş berýär: «Ynsan, umuman, ilkinji bakyşyna päsgel bolup bilmeýär. Şonuň üçin munuň jogapkärçiligi ýokdur. Emma kalplaryň arassa galmagy, erbet pikiriň döremegine ýol bermezlik üçin Allatagala hyjap aýaty bilen gatnaşyklaryň perde arkasyndan ýöredilmegini, gürleşende özüňe çekiji, maýyl ediji görnüşde gürlemezligi musulman zenanlara emr edendir. Yogsa, musulman erkekleriň we zenanlaryň nebis we şeýtan allaryndan uzakda bolmaklary mümkin däldir.» Türkmen halkynda asyrlaryň jümmüşinden dowam edip gelýän yaşmak edebi bardyr. Hylwat halynyň gadagan edilmegi Rowaýata görä, Musa aleýhissalam bir mejlisde oturdy. Üstüne bir don geýnen halda şeýtan oňa görünýär we käbir sowal-jogap alşandan soň, \"Ýa Musa, seniň üç zatdan ägä bolmagyňy ýatladýaryn\" diydi we sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: \"Nika düşen bir aýal bilen ikiçäk galma, çünki mähremi bolmadyk aýal bilen hylwat halda bolan erkegiň ýoldaşy bolaryn. Onuň ýüreginde şol aýala, aýalyň ýüreginde-de şoňa garşy yşk we pitne oduny tutaşdyrýançam, olar bilen ýoldaşlygy dowam ederin ... \" diýýär, Müslimiň habar bermegine görä, Amr bin As şeyle gürrüň berýär: Haşym ogullaryndan bir adam Umeýriň gyzy Esmanyň ýanyna giripdiler. Esma şol wagtlar Ebu Bekiri Syddykyň nikasynda ýaşaýardy. Hezreti Ebu Bekir olary Esrmanyň ýanynda görende, erbet bolýar we ýagdaýy Resullullaha şikayat edip habar berýär. Şeýle hem \"Haýyrdan başga bir zat görmedim\" diýýär. Pygamberimiz aleýhissalam: \"Şübhesiz, Alla Esmany şeýle erbetliklerden gorandyr\" diýenden soň, münbere çykdy we: \"Bu günden soňra bir adam ýanynda bir ýa-da birnäçe adam bolmazdan, äri öýde bolmadyk aýalyň ýanyna hiç kim girmesin\" diyip aýtdy we biri-birine nika halal bolan aýallar bilen erkekleriň hylwat halda galmaklaryny gadagan etdi. Hylwat halynda galmaklygyň iň howplusy garyndaşlar arasynda bolup geçýär. Umuman, gyz-oglan ýa-da zenan-erkek, tapawudy ýok, biri-birlerine nika halal bolmagyna garamazdan, aga-daýy, bibi-daýza, çagalarynyň ýa-da obadaşynyň bolandygy üçin, biri-birlerinden ägä bolmaýarlar. Pygamberimiziň şu hadysy beýle etmekligiň uly yalňyşdygyny görkezyär. Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalara: \"Öz nikalysy we mähremi bolmadyk aýalyň ýanyna girmäň\" manydaky sözüne ensardan biri: - Eý Allanyň Resuly, hamw hakynda näme aydýarsyňyz?” diýdi. Pygamberimiz: \"Hamw ölümdir\" jogabyny berdi (Buhary). Başga bir hadysy-şerifinde hamwyň aýalyň gaýyn atasynyň beýleki ýakyn garyndaşlarydyr diýip düşündirilýär. Gaýynata we onuň ogullary äriň aýalyna mährem (nikalaşmak haram) bolandygy üçin, hylwat halda galmaklarynyň hiç hili zeleli ýokdur. \"Äriň doganoglanlary we dolananlary oňa girmeýär, çünki olar mährem bolmadyk adamlardyr. Şeýle hem äriň aradan çykmagy sebäpli, gaýynlary we äriniň doganlarynyň ogullary mähremlikden aýrylýar. Kazy Iýaz hem \"Bir gelniň ýüwürjileri we gaýynagalary bilen ikiçäk galmagy dinde pitne we heläk ediji sebäp hökmünde ýeterlikdir. Ynha, bu ýagdaýy pygamberimiz ölüm diýip suratlandyrypdyr. Bu sözi aýdýarka sözüni gataldyp aýdypdyr\" (A. Dawutogly, \"Müslim terjimesi we şerhi\") diýýär. Şeýle ýagdaýyň aslynda nähili howpludygyny beýan etmek eýýäm ýeterlikdir. Garyndaşlyk derejesi näme bolsa bolsun, biri-birine nika halal bolan adamlaryň ýapyk ýerde ikiçäk galmaklary zyna eltýän sebäplerden bolandygy üçin, anyk we kesgitli ýagdaýda haram kabul edilipdir. 4. Aýalyň ýat erkekler bilen öwrat we gatnaşygynyň edebi. Ebul Ala el-Mewdudi, aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebi barada şeýle düşündiriş berýär: «aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebinde ikisi arasynda örän inçe bir tapawut bardyr. Ol hem şeýledir. Erkek adamyň ýaradylyşynda söýen ýa-da hoşal bolýan bir zat bolsa umuman oňa ýetmek üçin gaýrat görkezer çäre gözlär. Aýal bolsa diňe arzuw eder. Emma arzuwyna ýetmek üçin gaýrat etmek beýlede dursun, ony aýtmaga-da gurby çatmaz. Şonuň üçin pygamberimiz sallallahu aleýhi wessellem bu ýagdaýy nazarda tutup erkekleriň aýallara seretmezligi üçin berýän ähmiýetini aýallar hakynda kän bir görkezmändir. Hatta Äşe enemize söweş tälimi oýunlaryny görkezen Hebeşli adamlara seretmeklige rugsat edendir.» Ümmi Seleme we Meýmune enelerimiziň kör bolan Ibni Ümmü Mektuma seretmeklerini Resullullahyň gadagan etmegi meselesini bolsa alymlar şeýle düşündirýärler: «Erkekler bilen aýallaryň bir mejlisde bile oturmaklary, dowamly ýagdaýda biri-birilerine seretmekleri dürs däldir.» Ýokarda belleýşimiz ýaly, türkmen halky haýa-şerimiň dowamlylygyny gazanmak üçin aýallar bilen erkekleriň aýratyn otaglarda oturmaklygyny däbe öwürmek bilen bu hakykaty durmuşa girizipdir. Ibnu Hajer el-Asgalany aýallaryň erkekler bilen gatnaşygynyň edebi hakynda şeýle aýdýar: “Aýallar elmydama erkekler görmesin diýip ýaşynýarlar. Metjide, köçä we sapara şeýle ýagdaýda çykýalar. Emma erkekler hiç haçan aýallar görmesin diýip başy ýalykly çykmaklary emir edilmändir. Şeýle ýagdaýda aýallar zerurlyk halatynda erkekleriň ýüzlerine seredip biler” diýip belleýär. Ymamy Gazaly hem şu pikirdedir. Aýallaryň erkekler bilen gatnaşyklarynda berjaý etmeli edepleri şulardan ybaratdyr: Gürleşmek edebi Allatagala aýal-erkek gatnaşyklarynyň edebiniň manymazmunyna yşarat edip şeýle aýdýar: «Aýallar gürleşende hoşamaý sözlemesinler, soňra ýüreginde egrilik bar adamlar tamakin bolarlar, şonuň üçin olar agras we düşünükli sözlesinler.» (Ahzap, 32) Çünki aýallaryň sesi özüne çekijidir. Üstesine näzik görünjek bolup hoşamaý gürlemek, näz etmek erkekleriň ünsüni has-da çekýändir. Şeýle ýagdaýda erkekler şol aýal hakynda erbet pikirde bolup bilerler. Sonuň üçin Allatagala musulman aýallaryň hemmesine ýüzlenip, olaryň emeli hereketlerden daş durmaklaryny emir edendir. Aýatyň dowamynda bolsa şeýle aýdylýar: «Yslamdan öňki jahylyýet döwrüniň aýallarynyň özüni alyp barşy ýaly, köçä bezenip çykyp endamyny görkezrnesinler», Şeýlelik bilen aýallaryň erkekleriň arasynda hiçhili zerurlyk ýokka aýlanyp olaryň ünsüni çekmezlikleri, pitne we harama sebäp bolmazlyklary emir edilendir. Bezenmek edebi Bezenmek, owadan görünmek, halanylmak umuman aýallaryň ýaradylyşynda bar bolan häsiýetdir. Şol sebäpli dinimiz Yslam olardaky bu duýgynyň barlygyny hoş görýändir. Hususan är-aýal arasynda gowy gatnaşyklaryň dowamary üçin bular zerulyk kabul edilipdir. Aýal ärini hoşal etmek üçin herhili bezeg we zynatyny dakynyp biler. Emma ärinden başgalaryny hoşal etmek üçin bezenmeklige asla rugsat berilmändir. Çünki Allatagala: «Aýallar zynatlaryny, elleri we ýüzünden başga ýerlerini açyp görkezmesinler» (Nur, 31) aýaty bilen muny gadagan edendir. Sözümizi jemläp aýtsak, aýallaryň zyna eltjek her hili hereketden, bezenip owadan görünmekden daş durmaklary gadagan edilendir. Ahyret doganlygy edebi Halkymyzyň arasynda gadymdan dowam edip gelýän, emma türkmenlerde juda seýrek gabat gelýän däpleriň biri hem ahyret doganlygydyr. Käbir ýerlerde aýal bilen erkek biri-birlerine \"Sen meniň Ahyret doganymsyň\" diýip ganlary gatylyp, kyýamatlyk dogan bolunýar. Şeýle etmeklik olary biri-birine mährem derejä ýetirmez, sebabi mähremlik nesil, öýlenmeklik, süýt emmek ýoly bilen bolýandyr. Bu üç ýoldan başga hili ýagdaýda mähremlik bolmaz. Emma aýalyň aýal bilen, erkegiň erkek bilen kyýamatlyk dogan okaşmalarynda hiç hili zelel ýokdur. Garry aýallaryň edebi Aýbaşy we önelgeden galan, nikalanmak umydy galmadyk garry aýallar, zynatlaryny erkeklere görkezmezlik şerti bilen pürenjegini aýyrmaklarynda hiç hili günä ýokdur. Yöne örtünmekleri olar üçin has haýyrlydyr. (Nur, 60) Bu aýat bilen Allatagala aýbaşy we önelgeden galan aýallara ýeňillik bolsun diýip, örtünmek meselesinde rugsat edilendir. Çünki olar şehwetden kesilip, erkekleriň ünsüni kän bir çekýän däldir. Olaryň erkeklere hem zerurlygy galmandyr. Rugsat berilmegine garamazdan, garry aýallaryň takwa bolmaklary ündelýär. Biri-birlerine mährem bolanlaryň gatnaşyklarynyň edebi. Ýokarda hem bellenişi ýaly, aýallaryň el we ýüzünden başga ýerleri öwrat bolup mährem bolmadyk, ýagny, nika düşen erkeklere şol ýerlerini görkezmekleri haram saýylypdyr. Mährem bolan (nikalaşmak haram bolan) adamlar aýalyň göbek we dyz aralygyndan başga öwrat kabul edilen ýerlerini görmeklik günä saýylmadyk adamlar (Nur, 60) süresinde şeýle düşündirilýär. «Aýallar zynat ýerlerini (elleri we ýüzünden başga tutuş endamyny) ärine, kakasyna, gaýynatasyna, öz ogullaryna, öweý ogullaryna, erkek doganlary bilen jigilerine, we olaryň ogullaryna, gyz doganlary bilen jigileriniň ogullaryna, musulman aýallara, hyzmatyndaky gul-gyrnaklara, erkeklik hyjuwy galmadyk garry ýaşulylara, heniz aýala-erkege degişli öwrat we mährem yerlerini saýgaryp bilmedik çagalara görkezmeginde hiç hili zelel ýokdur, emma bulardan başgasyna zynat ýerlerini görkezmek bolmaýar ... » (Nur, 31). Aýatda aýdylan hadyslar barada gysgaça düşündiriş berilse has gowy bolar. Şeýle hem aýatda geçen zynat sözi aýalyň elleri we ýüzünden başga mährem bolmadyk adamlara görkezmek öwrat bolan tutuş endamy diýmekdir. Çünki zynat diýlip aýdylmagynyň sebäbi, aýalyň zynat we şaý-seplerini dakynan ýerleriniň goralmagyna ünsi çekip örtünmegini güýçlendirmek üçindir. Aýratynam zynaty görkezmek, zynat dakylan ýerleri açyp görkezmek diýen manyny aňladýar. Şonuň üçin Allatagala aýatda aýalyň zynat ýerlerini, ýagny, mährem däl erkeklere görkezmek öwrat bolan elleri we ýüzünden başga tutuş endamyny kadadan çykma hökmünde diňe mährem bolan adamlaryň görüp biljegini beýan edendir. Aýalyň mähremi bolan adamlar bolsa şulardyr: Äri: Är aýalynyň endamynyň hemme ýerine seredip biler. Aýalyň ärine hiç bir ýeri öwrat däldir we onuň ýanynda ýapynmagy hökman däldir. KAKA: - Aýalyň kakasy, atasy, babasy. GAÝYNATA: - Ariniň kakasy we atasy .. OGULLARY: - Aýalyň özünden dünýa inen ogullary ... ÖWEÝ OGULLARY: - Ariniň başga aýallaryndan bolan ogullary we olaryň çagalary ... DOGANLARY WE JIGILERI: süýtdeş, öweý tapawudy ýok, ähli doganlary we jigileri .. . DOGANLARYNYÑ WE JIGILERINIÑ OGULLARY: Gyz-oglan tapawudy ýok, ähli doganlarynyň we jigileriniň ogullary... Bu sanan adamlarymyz bilen aýalyň öýlenmekligi haram bolanlygy üçin olaryň ýanynda hem ikinji derejeden öwrat bolan, ýagny, göbek bilen dyz aralygyndan başga, saç, baş, boýun, gerden, döş, gol, bajak we ş.m. zynat ýerleriniň açyk bolmagy günä däldir, ýöne ýapynmak edeplilikdir. Aýatda kakanyň doganlarynyň we daýylarynyň agzalmaýanlygynyň sebäbi, bular kaka hökmünde kabul edilenligi üçindir. Şeýle hem süýt emişen doganlar-da aýala mähremdir. MUSULMAN AÝALLAR: Musulman däl aýallaryň ýanynda musulman bir aýalyň ýanynda göbek bilen dyz aralygyndan başga, saç, baş, boýun, gerden, döş, gol, bajak we ş.m. ikinji derejeden öwrat bolan ýerlerini açyp görkezmegi haram we günä saýylypdyr. ERKEKLIGI ÝOK ADAMLAR: Eneden doglanda ya-da dürli sebäpden erkekliginden mahrum galan adamlaryň we dälileriň ýanynda aýal ýapynman biler. Sebäbi bularda jynsy arzuw bolmanlygy üçin aýal hökmündedirler, ýöne iň laýygy örtünmekdir. KIÇI ÇAGALAR: Bular aýala-erkege degişli öwrat we mährem ýerlerini heniz saýgaryp bilmedik çaga bolanlary üçin aýalyň zynat ýerlerini görkezmeginde hiç hili zelel ýokdur, ýöne olaryň edepli, terbiyeli yetişmekleri üçin görelde bolmaklyk has laýygydyr. Hawa, jemläp aýtsak. bu sanalan adamlar, umuman, aýal bilen bile ýaşamak, iýmek-içmek we bile işlemek zerurlygy bolup biljek kişilerdir. Bularyň ýanynda ýeňillik bolmagy üçin Allatagalanyň musulmanlara eçilen lutuf-yhsany we keremidir. Yslam ýeňillik dinidir. Eger şeýle ýeňillik berilmedik bolsa bu elbetde, durmuşda uly kynçylyga sebäp bolardy. Sebäbi aýallaryň işlände we hyzınat edende zynat ýerleriniň käbir taraplary açylma ähtimaly köp bolýandyr. Şonuň üçin her iki tarap-da kyn yagdaýa düşerdi. Şu hakykaty hem unutmaly däldiris. Elbetde, ýokarda aýdylan erkekleriň ýanynda aýalyň zynat ýerlerini örtmezligi meselesi Allatagalanyň berýän rugsady we kesgitleýän çägidir. Hökman açmaly diýlen düşünjäni aňlatmaýar. Kämil, edep-haýaly bir musulman aýal olaryň ýanynda zynat ýerlerini açmaga ejap eder, utanar. Aýala mährem bolan şol erkekler hem käbir halatlarda aýalyň zynat ýerleri açylaýanda-da oňa asla seretmez. Seretmek dürs bolmaýşy ýaly, özi üçinem uly utanç we edepsizlik saýar. Çünki edep-haýaly her musulman, hemişe takwa ýaşajak bolar. HOW ENE HAKYKATY .... ....\" Bashyny we dowamyny yakynda sahypamyzdan okap biler islanler.

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir