Kuran okamaklygyñ pazylatlary

Hezreti Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem: ''Allanyñ gatynda Gurhandan has üstün şepagatçy ýokdur. Ne pygamber, ne perişde we ne başgalary'' diýip aýtdy.
(Abdylmälik, Tabarany)
Hezreti Pygamber Muhammet (s.a.w): ''Ymmatymyñ iñ pazylatly ybadaty,Kuran okamakdyr'' diýipdir.
(Ibn-i Mesud)
Hezreti pygamber (s.a.w): ''Kuran okañ, şeýtseñiz her harpyna Alla on sogap berer''. Men ''elif, lam, mim'' bir harpdyr diýemok. Elif lam mimiñ her biri aýry harpdyr'' diýipdir.
(Ibn-i Mesud)
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w.): ''Haýsy öýde Kurany Kerim okalsa şol ýerde bolluk, bereket köpeler, şeýtanlar uzaklaşar we melekler şol ýere hüjüm (üýşüp geler) eder'' diýdi.
(Ebu Hureýra)
Hezreti Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.): ''Kurany kalby we bedeni hassalyklar bilen, dünýä we ahyrýet hassalyklary üçin duran bir şypadyr'' diýipdir.
(Ibn-i Kaýýum)
Hezreti Pygamber Muhammet (s.a.w): ''Ertir namazyny muteakip Kuran açyp ýüz aýat okan kişä Hak tagala ýer ýüzündäki adamlaryñ sanyça sogap berer'' diýdi
(Amr bin Meýmun)
Hezreti Ebu Zerden getirilen (Alla ondan razy bolsun) rowaýata görä Resulallanyñ (s.a.w) oña: ''Eý Ebu Zer! Kurandan bir aýat öwrenmekligiñ señ üçin ýüz rekagat (nepil) namaz kylmaklygyñdan has haýyrlydyr'' diýipdir.
(Ibn-i Maje Mukaddime)
Hezreti Pygamber Muhammet sallallahu aleýhi wesellem: ''Haýsam bolsa bir jemagat bir öýde üýşüp Kurany Kerim okasalar (arasynda söhbet musafaha mutaala mukabele etseler) kalplary sukunet tapar, rahatlarlar. Allanyñ rehmeti olary gaplap alar, melekler olary gurşap alar, Alla tagala hem olary öz nezdindäkiler arasynda zikr eder'' diýipdir.
(Ebu Hureýre)

Çeşme: Elmalili M. Hamdi Yazır
41 Ýasin. Türkçe okunuşlu ve mealli.
Merve yayınları. İstanbul.

Terjime eden: @Jeksparro!!!

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir