KAMASUTRA KITABY HAKYNDA

Kamasutra (1) m.s Iㅡ IV asyrlar aralygynda ýazylan diýlip çaklanylýan jynsy gatnaşyklaryñ görnüşlerini öz içine alan hindi seksuallygyny ýaýbañlandyran uly göwrümli eserdir.
Gadymy hindileriñ söýüşmek düzgünlerini düşündirýän bu eser birnäçe hindi dessanlaryndan alynan epizodlary üýtgedip beýan edýär.
Seksuallyk hakda ýazylan iñ gadymy kitaplaryñ biri bolan kamasutra gündogaryñ jynsy gatnaşyga aýratyn üns berip gelendigini we nähili ýerine ýetirmelerden ybaratdygyny sistematik düşündiren eserdir.
Hristiýanlygyñ orta asyrynda jynsy gatnaşyklygy gadagan edip her dürli jynsy aktiwitany germetik görnüşde ýorumlap we bu aktiwita girenleri ''jadygöý'' diýip ýakypdyrlar, orta asyrlarda 10 milýona golaý adamzat inkiwiziýa jezasynda gynalypdyr ýa-da ýakylypdyr.
Hindistan we Hytaý jynsy gatnaşyk medeniýetleri bolsa düýbünden başgaça ýoldady. Kamasutra Sir Riçard Burton tarapyndan iñlisçä terjime edilende, günbatarda neşir edilip kitap edilip çykarylanda uly gohyñ galmagyna hem-de birnäçe tarapdan garşylyga sezewar bolmaga getiripdir. Şol sebäpdenem kä ýerlerde şol kitaby neşir etmeklik gadagan edilipdir. Puriten, hristiýan we ýahudy ahlak pelsepesi jynsy gatnaşygy we keýpi-sapany adamzada asyrlar boýy gadagan edip öwredipdir.
Ýagdaý şeýle bolansoñ Gündogar medeniýetleri ýüzýyllar boýy jynsy gatnaşygy şygyr ýollary bilen işläpdirler.
Kamasurra, Tantrizm we Taoizm bilen baglanyşykly eserler bu taryhy hakykatyñ esasy subutnamasydyr.
Kamasutra yşk senetçiligi hakynda ýazylan taryhdaky iñ meşhur kitaplaryñ biridir.
Ony ýazan kişi hindistandaky Watsýaýana mezhebinden bolan Mallagana atly biri diýlip çak edilýär. Kamasutra hindi medeniýetiniñ we pelsepesiniñ bir bölümidir. Ýazyjy dini ýazgylary galama alanda medeniýetiñ bir parçasy bolan söýüşme düzgünlerinem çetde goýmandyr.
Kamasutra ýazylan wagtlarynda medeniýetli hindiden üç sany prinsip talap edilipdir. Olar: Dharma (hakykat we dine degişli zatlar), Artha (dünýäniñ owadanlygy we başgalar), Kama (yşk we zowk almak düzgünleri)
Kämilleşmek Dharma, Artha we Kamanyñ prinsiplerine baglydy.
Kama Sutra (yşk ýazgylar) taryhda ilkinji gezek jübütleşmek pozisiýalaryny, jynsy oýnaşmalary, öpüşmek şekillerini düşündirýän kitap hökmünde asyrlar boýy ellerde saklanyp gelipdir.
Kamasutra haýsydyr bir seks kitaby ýa-da pornografik eser däl-de, senetçilige degişli eserdir.
Kamasutrada düşündiriljek bolýan zat
yşky-söýginiñ we jynsy gatnaşygyñ zowky sapa degişli tarapy bolsa-da spirtual tarapy hem bardyr.
Bu birleşmede keýpi-sapa ýokary derejelere çenli göterilip biliner, ýöne ýatdan çykarylmazlygy gerek bolan her dürli zowky-sapanyñ ruhumyzyñ çuñluklarynda birnäçe täze gapylary we bilimi açyp biler.

KAMASUTRA NÄDIP BAŞLADY?

Kamasutra efsanasynyñ özboluşly gyzykly taraplary bar: Ýoga, meditasion we jadylygy ýaradan Tañry Şiwa günleriñ birinde söýüşmegi küýsäpdir we söýgüni özünde duýmaga başlapdyr.
Onuñ aýaly zenan tañrysy Parwatidi. Ol Parwatini ýany bilen äkidip Kaileş dagyndaky köşgüne bardy. On müñ ýyllap otaglaryndan çykmadylar. Diñe gapyda nobatçylyk edýän ak öküz Nandi, öýüñ içinde bolýan zatlary eşitdi we ol muny bilýärdi. Içerde bolup geçýän jynsy efsanada başy ölümli adamzadyñ edip görmedik bölümleri, zamany hem geçiren jynsy gatnaşyklary bolup geçipdi.
Öküz Nandi eşidenlerini we bilýänlerini aýtmazlyga and içipdi.
Ýöne bu syry saklamak oña gaty agyr degdi.
Ähdini bozup bolup geçen hadysalary aýtdygyça agzyndan çykan sözler ýeke-ýekeden gül bolup orta döküldi. Adamlar bu gülleri toplap, ýüpe düzdüler we adamlar şo güllere seredip içgin meditasionlary ýerine ýetirmekdäki düzgünleri, müñlerçe kelemeleri yzygiderlikde öwrendiler.
Belkäm hijisi Nandiniñ bilýänlerini we Tañry Şiwa bilen Parwatiniñ jübütleşendigini bilmediler, ýöne güllerde gören hakykatlaryndan soñra adamlarda zowky-sapa sürmeklik dogrusynda täze gapylar açylyp başlady. Indi asyrlar boýy Hindistanda adamlar Şiwa we Parwatiniñ aşan çäksizligine baryp bilmek üçin jynsy gatnaşygyñ zowkyny saklamagy medeniýetleriniñ aýrylmaz bölegi hökmünde görmäge başlapdylar.

KAMASUTRA NÄMÄNI DÜŞÜNDIRÝÄR?

Ýygy-ýygydan durulup geçilen ýañsylamalaryñ tersine görä Kamasutra ýönekeý jynsy pozisýalary düşündirýän kitap däldir.
Kamasutranyñ başlangyjynda, jynsy gatnaşykda, birlikde zenanyñ bilmesi gerek bolan 64 sany düzgünler sanalýar.
Şolaryñ içinde tans etmekden, aýdym aýtmakdan, saz guraly çalmakdan tütünli yslar, parfumerler taýynlamaga, doga etmäge, surat çekip, heýkel döretmäge çenli dürli senetçilik ukyplary özünde jemleýändigini alymlar düşündirýär.
Ýagny jynsy gatnaşyk bir estetik bütewilikde dykgata ýetirilýär. Seks diñe ynsanyñ jynsy kanagatlanmasyny rahatladýan zat däl, şol bir wagtda ruhuny we estetik barlylygyny dowam etdirýän manawy bütewiligi düşündirýär. Zenanlaryñ her dürli başarnyklyklaryna we jynsy ukyplyklaryna görä synplandyrýan Kamasutra, jübütleşikleri ýa-da söýüşmegi ýaýyp görkezýär.
Söýüşmekligiñ düzgünleriniñ arasynda öpüşmeden başlaýan, ogşamaga, dyrnajaklamaga, her dürli görnüşde zowk bermäge, hyýal güýjüni kuwwatlandyrýan düzgünler gaýtalanýar.
Zenan orgazmda özüni alyp baryşynda örän detally görnüşleri açyklaýan Kama Sutra şeýleräk görnüşde jübütleşmekligi gür berýär(2):
Zenanlar lezzeti-zowky-sapany alyp gowy oýanyklygyny görkezýän şeýle alamatlar bar:
''Bedeni gowşar, gözlerini ýumar, utanç-haýany ýitirip, öz jynsy organyny erkegiñ jynsy organyna golaýlatmaga çalyşar. Lezzeti-zowky-sapany almak üçin özüni şeýle alyp barýar:
Ellerini sallar, erkegiñ turmagyna rugsat bermezlige çalyşar, keýpiniñ gaçandygyny belli eder, erkegi dişlär, urar; erkek işini bitiren bolsa-da bedenini öñe-yza oýnatmaga çalyşar.
Şolar ýaly ýagdaýda erkek birleşmäge başlamazdan öñ zenanyñ jynshanasyny (wagina) eliniñ barmaklarynyñ uçlary bilen jyns agzasyny oýarmalydyr.
Zenanyñ jynshanasynyñ erñegi gowy ýumşaýança garaşmaly, şondan soñ erkek penisini ýoniniñ içine salmalydyr(3).
Erkegiñ jynsy birleşmede etmeli zatlary şulardyr:
''Jyns agzany sürtelemeli,
Sürtelemeli we çaýkamaly,
Jynshana batyrmaly,
Owkalamaly,
Basdyrmaly,
Doñuz uruşy,
Sygyr oturuşly,
Sert oýnaşmasy.
1) Zenanyñ jynshanasy bilen erkegiñki laýyk görnüşde garşy-garşy getirlip biri-birine degeninde muña lingamy öñe sürmek ady beriler.
2) Lingamy el bilen tutulýar we erkek jyns agzasyny üstünde we töwereginde gezdirýär, muña sürtmek we çaýkamak ady berilýär.
3) Jyns agzany gowy edip jynshananyñ üstüne urulýar. Muña batyrmak, degirmek diýip at berilýär.
4) Şol ýagdaýda jyns agzasynyñ aşagynda jynshana sürtülse muña süýkemek diýip at berilýär.
5) Jynshanany lingam bilen uzak wagtlap bassyrylsa muña bassyrma diýilýär.
6) Jynsy agzany jynshanadan uzaklaşdyrylýar, şondan soñra kuwwatly ýagdaýda jynshananyñ çygjaran dodaklaryna urulsa, muña uruşdyrmak diýilýär.
7) Eger jynshana diñe bir tarapdan jyns agza bilen bassyrylsa muña doñuz urgusy diýilýär.
8) Şol şekilde jynshananyñ iki ýanyna bassyrylsa muña sygyr urşy diýilýär.
9) Lingam jynshananyñ içinde bolsa daşyna çykarylmazdan jynshananyñ içinde öñe-yza oýnadylsa, muña serçe oýnaşylmasy diýip at berilýär.
Bu ýagdaý, birleşmäniñ hetdinden aşylan wagty edilýär.
Zenan erkegiñ işleýişini gujurlandyrmak üçin ýokarda erkegiñ eden dokuz düzgünine goşant hökmünde şulary hem ýerine ýetirmegi gerekdir:
Gysymlamak, topujylamak, salyşmak.
1) Zenan erkegiñ jyns agzasyny uzynlygyna dogurlap içine dogry çekip bir az wagtlyk içinde saklap dursa muña gysymlamak diýilýär.
2) Jynsy gatnaşyk wagtynda zenan jynshanasyny bir top ýaly galdyrjak bolsa muña topujy ady berilýär.
Ýöne muny birnäçe gezek deñäp görüp ýerine ýetirmeli.
3) Jynsy gatnaşyk wagtynda erkek garnyny we gasygyny ulaldyp, zenan garny we gasyklary bilen edil bir çarh aýlanýan ýaly emaý bilen hereketleri edäýse muña salyşmak ady berilýär.
Zenan ýadansoñ alnyny söýgülsiniñ alnyna daýandyrmaly we jynsy birleşme pozisýonunda şeýle dynç almalydyr.
Bir az wagtlyk şeýdip zowky sapa sürüp dynç alanyndan soñra bu sapar öwürlip üstüne çykyp birleşmäni galan ýerinden täzeden başlamalydyr. Kamasutrada aýratynam oral seks; anal seks; oýnaşmak, ýanyn oýnaşmak, jynsy gatnaşyk wagtynda nämeleriñ edilmegi hakda; jynsy gatnaşykdan soñra nämeler edilmeli;
haýsy pozisýanyñ haýsy düzgünlere ýol açjakdygyny; öýlenmek üçin nähili gyz gözlemelidigini, zenanlaryñ aýratynlyklary; nähili zenanlara öýlenmegiñ gerekdigi,
Ilkinji jübütleşik nähili edilmegi, durmuşa çykan zenanlar bilen nähili jübütleşmeli, haýsy erkekleriñ nähili zenanlary nädip yryp biljekdigi, haýsy zenanlaryñ añsat yryljagy, haýsy we nähili aýratynlykdaky erkekleriñ zenanlaryñ üstünden höküm sürüp biljekdigi hakdaky detallar taryp edilýär, madda-madda yzygiderlikde agzalyp geçilýär.





_______________________
1. Vatsyayana. Kama Sutra, Çev. Mustafa Küpüfllüo¤lu, Ayflegül Deniz, istanbul:Çivi Yazıları, 2000; Vatsyayana, Kama Sutra: Eski Hintlilerin Sevişme Sanatı, Çev. ilhan Güngören ve Ömer Güngören, ‹st.: YOL yayınları, 1997.
99 (türkçe)
2. Vatsyayana, Kama Sutra: Eski Hintlilerin Sevişme Sanatı, terj: ilhan Güngören ve Ömer Güngören, ‹st.: YOL yayınları, 1997. S: 101-103. (türkçe).
3. Lingam erkegiñ jyns organy (penis), ýoni: aýallyk jyns organy (vajina).


Umyt Saýyn

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir