Towuk ýumurtgasynyň peýdaly häsiýetleri aýdyldy

Towuk ýumurtgasynyň adamyň saglygy üçin gowy taraplary köp. Daniýanyň hünärmenleri olardan iň geň galdyryjylaryny ýüze çykardylar:

Ýumurtga horlanmaga kömek edýär. Ertirligine iýilen gaýnadylan ýumurtga organizmi günortana çenli kanagatlandyrýar. Bu aşa iýmeklikden hem saklaýar. Wagtyň geçmegi bilen şeýle usul artykmaç agramdan hem çalt dynmaga kömek edýär.

Myşsalary berkidýär. Belok myşsalaryň saglygy we olaryň göwrümi üçin örän möhüm. Ýumurtga sarysy hem nurtient çeşmelerine baý. Şonuň üçin ol sportsmenleriň arasynda meşhur.

Beýnini berkidýär. Towuk ýumurtgasy öýjükleri beýni funksionalyny, şeýle-de nerw sistemasyny kämilleşdirmäge stimulirleýär. Ýumurtga çaga beýnisiniň ösüşi we onuň işi üçin zerur bolan holin hem-de DHA çeşmelerine baý.

Ýürek-damar ulgamyny berkidýär. Günde bir ýumurtga iýmeklik ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýär. Ýumurtga öz düzüminde belogy, köp sanly witaminleri we fosfolipid hem-de karatinoid ýaly bioaktiw komponentleri saklaýar.

Ýumurtga ýüregiň saglygy üçin örän peýdaly. Ganyň düzümindäki şekeriň derejesini gözekçilikde saklaýar. Günorta Finlýandiýanyň Uniwersitetiniň alymlary günde bir ýumurtga iýmegiň diabet howpuny peseldýändigini subut etdiler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir