Koronawirus keselden gutylan Hytaýyň raýaty bilen söhbetdeşligiň terjimesi.

Meniň familiýam Szýan, men 44 ýaşymda. Men özim Çunsin şäherinden, soňky bir näçe ýyl bäri Uhan şäherinde zähmet çekýärin.
Men şu gün Şansýa hassahanasyndan çykdym. Men koronawirus keselinden doly gutyldym.

15-nji Ýanwarda öz şäherime Hytaý täze ýylyny garş almana barýadym. Ýoldaşym meni wokzalda garaşýardy. Meni görende meni syrkow ýaly gördi. Ýoldaşym meni ýerli hassahana äkitdi we ýerleşdirdi. Hassahanada bejergi aldym. Ýöne bir näçe gün bejergiler alynsada, netije bolmady.
21 -nji Ýanwarda meni merkez hassahana geçirdiler we izolýatorda ýerleşdirdiler . Mende koronawirusdan pnewmaniýa kesellini anykladylar.

Çunsin şäherinde şu wirus ilkinji mende anyklandy. Doktorlar maňä oňat bejergi berdiler we üns bilen maňa seretdiler. Her gün wirusa we infeksiýa garşy dermanlar bilen doktorlar bejergi etdiler we bedenime ýörite dermanlary sepdiler. Gün-günden ýagdaýym gowlaşýardy. Doktorlar ýadaýymyň gowy diýip habar berdilerr . Men koronawirusdan doly gutyldym. Hassahanada edilen ähli bejergiler üçin menden hiç hili töleg alynmady.

Menden soraýarlar, bu kesel gorkulymy? Meniň jogabym: esasy zat ruhdan düşmeli däl, izolýatordan gorkmaly däl we doktorlaryň bejergilerini almaly we gutylmagyňa öziň ynanmaly.


Ceşme: https://ria.ru

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir