Meni süýji gujagyñda goý, dünýe!

Haýranda men,
kim üçin sen toý, dünýe,
Kim üçinem...
ýöne bizi söý, dünýe!
Bir gün alyp gitjeklerin bilsem-de,
Menem sende gurup ýörün öý, dünýe!

Ne beýle harasat, goýnuñ gaý, dünýe,
Görerdiñ sen ýogsa menem, eý, dünýe
Älemi ürküzip ýören gamdakam,
Bilmersiñ sen diýip: ''Elwan geý!'', dünýe!

Aýnajakdym, wah bolmady maý, dünýe,
Kimse başga küýde içip meý, dünýe.
Indiden soñ ''Owadan sen'' diýdirip,
Dakdyñ meniñ döşlerime şaý, dünýe.

Goýduñ sen namysa-ara, baý dünýe,
Gün-günden kiçelip barýar boý, dünýe.
Nebsimem kä alyp gaçyp gidende,
Diýmediñ sen neçüýn, neçüýn ''Haý!'', dünýe?!

Doýan barmy, barmy senden, heý, dünýe,
Ýüregime ýagşy niýet guý, dünýe!
Dyza çöküp ýalbarýaryn men saña,
Meni süýji gujagyñda goý, dünýe!





Ogultäç ORAZTAGANOWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir