Adamzadyñ gelip çykyşy we ilkidurmuş jemgyýetiñ döreýşi


Alymlar adamyñ gelip çykyşy barada dürli çaklamalar getirýärler we olaryñ kä biri üç tapgyra bölýärler. Birinji tapgyr ewolýusiýada adamyñ nesil daragtyñ kökleri maýmynlardan gaýdýandygy çaklaýarlar. Müsürde maýmyndan öñ ýany parapiteka we oña ýakyn propliopiteka diýip bellenýär. Olardan hem iki şaha gaýdýar. Olaryñ biri pliopiteka (uly maýmyn) we siwapiteka (bu Hindistanda Şiwalik ady bilen atlandyrylýarlar. Olar gibbon, orangutan maýmynlardan dörändigi çaklanýar).
Maýmyndan öñ ýany diopiteklar (tokaý maýmynlary) Ýewropa, Afrika we Aziýada ýaýraw bolanlaryñ bedenisi kiçi bolupdyrlar. Driopitelerden häziki garilla we şimpanzeler emele gelipdir. Başgalar adamzadyñ döremeginde progresiw ýol bilen gidipdir. Oña bolsa udabnopitek atly maýmyn ýakyn bolupdyr. (udabno atly gündogar Gruziýada ýeriň ady bilen bagly) Adam zadyñ emele gelmeginde gatnaşmaýan maýmynlar bolsa baglarda ornaşyp tokaýda ýaşamaga galdylar.
Başga maýmynlar bolsa biologik taýdan ösmeginde bedenleriñ ölçegleri ululmak ýok bilen gidipdirler. Olara bolsa megantrop (uly adam) diýip atlandyrylýar. Ol Ýawa (Indoneziýa) adada tapylan we gigantrop-äpet adam (gündogar Hytaýda) tapylypdyr.
Dripitek atly progressiw şahamçadan ramapitek (Rama „Ramaýana“ hindi poemasynda baş gahryman) diýip atlandyrylýar. Onuñ süñkleri Hindistanda tapyldy. Alymlañ kesgitlemegine görä olar 14-10 mln. ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar. Olaryñ keşbi haýwansypatlykdan üýtgeşikdi. Meselem, beýlekilere garañda öñki gyýak dişleri çykyp duranokdy. Soñky ösüşinde antropoitler iki aýagynda ýöräp ellerinde ýarag gurallary (şah, süñk, taýak, daş) göterdiler.
Ewolýusiýanyñ soñky tapgyrynda awstralopitek (latyn dilinde awstraliýaly) günorta maýmyn diýip atlandyrylýar.
Onuñ süñki 1924-nji ýylda Keniýada (Gündogar Afrikada) tapylypdyr. Oña „Zinjantrop“ diýip atlandyrylýar. (Gündogar Afrikada gadymy araplaryñ atlandyryşy) Alymlañ kesgitlemegine görä 5,5-4 tä 0,7-1 mln. ýyl ýaşadylar. Häzir 400 awstralopitegiñ süñkleri tapylypdyr. Olar yzky aýaklarynda süşüp awçylyk bilen meşgullanandygy kesgitlendi. Et bolsa olaryň esasy iýmitleriñ biri bolupdyr. Olaryñ diş gurluşy we gözleñ durşy häzirki adamlary sypatlandyrýardy. Dişleri we äñi driopiteklerden, romanitekden hem pes derejede ösen. Gorag üçin olar taýak, süñkler we daşlar ullanardylar. Iki aýakda ýöremegi bolsa olar tekiz meýdanda öwrenişmelidiler. Netijede, olar dogry ýöremegi gazandylar. 1959-njy ýylda Tanzaniýada möhüm açyşlañ biri bolupdyr. Ol ýerde zinantropyñ kelle süňki tapylypdyr. Onuñ ýaşan wagty takmynan ýarym million ýyl hasaplanýar. Emeldar (homo hapiler) adamyñ keşbi 1960-njy ýylda Olduwaý daglarda (Tanzaniýa, Gündogar Afrikada) tapylypdyr. Emeldar adamyñ keşbi 1965, 1967, 1972-nji ýyllarda Gündogar Afrikanyñ dürli ýerlerinde Gall uruş ýazynlary Ýewropada hem tapyldy. Tapyndylañ hemmesi Ç.Darwiniñ işindäki ýaly adamzadyñ nesil daragty Afrika materikdan ugur alýandygy şaýatlyk edýär. Adamzadyñ ewolýusiýasynyñ ikinji tapgyry
pitekantropuñ (maýmyn adam) emele gelmegi bilen bagly. Olaryñ süñki 1892-nji ýylda we 1936-njy ýylda Ýawa
adasynda tapyldy. Soñra pitekantropuñ süñkleri Aziýa, Afrika, Ýewropada hem tapyldy. Olara sinantrop (hytaýly adam), Ýelderberkli (Germaniýa), Olduwaýly (Tanzaniýada) diýip atlandyrylýar.
Pitekantropy irki döwürde „Emeldar“ (homo habilis) we pitekantrop (maýmyn adam sypatly) ýaşandygy aýdylýar. Sinantrop pitekantropuñ giçgi formasyna degişlidir. 1927-nji ýylda Demirgazyk Hytaýda gazuw agtaryş işler geçirilende gadymy awçylaryñ oturumly ýerlerinde 40 sany erkegiñ, aýalyñ we çagalañ galyndylary tapyldy. Ol süñkler örän gowy saklanypdyr. Netijede, olary içgin syn bermek ýeñil düşdi. Deñeşdireñde sinantrop pitekantropa ýakynlygy subut etmek bolar. Olary tapawutlandyrýan zat zähmetkeşligidir. Tapylan zähmet gurallaryñ dürliligi olary uly haýwanlara (ýabany atlary,keýikleri) öldürmek ukyply bolupdyrlar. Olar gowaklarda ýaşap özboluşly hojalygy ýöredipdirler. Alymlañ tassyklamagyna görä sinantroplar ody hem ullanmagy başarypdyrlar. Ot olar üçin ýylylyk, nahar bişirmek, awçylykda ýabany haýwanlary gorkuzmak üçin gerek bolupdyr.
Geýdelberk fiziki taýdan adam (1907-nji ýylda Germanýada Geýdelberg diýen ýerde) adamyñ sypatlaryñ hemmesini diýen ýaly öz içine alýar.
Adam sypatyna ýakynlygy Neondartaldan (1856ý. Germaniýada Düzseldorfuñ golaýynda Neandartal diýen obada) tapylan keşbi görkezmek bolar. Oña poleantrop (gadymy adam) diýipdirler. Neandartal keşpler Angiýada, Belgiýada, Fransiýada, Italiýada, Şweýsariýada, Krymda, Orta Aziýada, Eýranda, Yrakda hem tapyldy. Şol ugurda açyşlar entogen dogam edip gelýär. Olar orta boýly, beden gurluşugunda häzirki adamlardan güýçlidi. Olar çalasyn haýwanlary hem awlap bilipdirler. Ýöne häzirki adamlardan pikir etmek derejesi pesdi. Kelle süñki maýmynlaryñka çalymdaş edýärdi. Adamzadyñ üçünji tapgyry „Neontrop“ (täze adam) bilen bagly. F. Engelsyñ bellemegine görä olar taýyn adamlardy. Olar gadymy adamlardan fiziki we akyl taýdan hem ýokarydy. Olara pähimli ynsan adamlar diýip tutulýar. Gadymy daş asyryñ giçgi poleolit döwrüñ adamzady. Olar irki we giçki paleolit döwrüniñ aralygynda ýaşapdyrlar. Ol döwrüñ adamlaryna kromanýon (fransiýada Kro-monýan töweginde) we grimaldiý (Italiýada bir gowagyñ ady).
Ilkinji adamyñ jemgyýetini taryhy nukdaýnazardan syn bermek örän kyn we çylşyrymly. Sebäbi ylym anyk maglumat ýok diýsek ýalñyşmarys. Netijede, diñe arheologiýa, antropologiýa, etnalogiýa ylymlaryñ çaklamasy bilen subut etmek bolar.
Jemgyýetiñ ilkinji formasyna „Ilkinji adam sürüsi“ diýip atlandyrylýar. Bu özboluşly topar guramasy gadymy adamlañ jemgyýetini olam haýwanat dünýäsinden adamyñ jemgyýetine geçişi, soñra ol ugurda zähmetiñ, olaryñ tebigata garaýşy, topar düzüşini hem görmek bolýar. Netijede, adamyñ jemgyýeti düzülşi olaryñ zähmet gurallary pikirli taýýarlamak bilen baglydy.
Rus alymlar Elimenko P.P. Boriskowskiý P.I. urugyñ jemgyýeti (20-30 adamdan) döremegi gadymy paleolit döwründe bolup geçipdir diýip subut edýärler.
Hytaýda Çjoukondända geçirilen gazuw agtaryş işleri netijesinde ilkinji tire jemgyýet asyr boýy oturumly durmuşy ýöredipdirler. Meselem, gadymy gowaklarda oturumly düşelge bolupdyr. Tebigy ösümlige baý we haýwanat dünýäsi olara dürli tarapdan üpjünçiligi ýaranyp bilipdirler. Awçylyk käri bolsa döredilen jemgyýetiñ öñe gidişligini ýardam eder. Haýwanat dünýäsi dürli-dürlidi .Tropik zolaklarda kerk, antilopa, ýekegapanlar,piller demirgazyk raýonlarda atlar, ýekegapan, zuburlar . Kä halatda gowaklarda aýylary , ýolbarslary awlaýardylar.Awçylañ möçberini tapylan süñkleriñ sany boýunça kesgitläp bildiler. Awçylykda gowak usuly hem ýörederdiler. Olar ses bilen , ot bilen haýwanlary uly gaýalara erterdiler we netijede olary ýeñillik bilen öldürerdiler. Uly haýwanlara olar toparlaýyn awçylaga çykardylar. Ilkinji adamlar etiñ wajyplygyny düşünýärdiler.
Ilkinji adamlar bada ody tapmadylar, olar esasanam tokaýa ýangyn düşende alardylar we ony saklamagy başarardylar .
Ilkinji poleolit döwründe tebigat hem deñ däldi. Buzluk döwri gazaply sowukdy. 10 müñ ýyl mundan ozal Ýewropadaky buz günorta Finlýandiýa we Şwesiýa süýşipdir. 1 müñ ýyl ozal bolsa buzluk häzirki derejesine ýetýär. Buzlar demirgazygyñ ummanyndan günorta süýşerdi. Don derýasy ýaly ýeri 1-2 km. galyñlygyna ýeterdi. Demirgazyk Amerikany Ýewropa we Aziýadan üç esse meýdany tutardy. Günorta we orta Ýewropada howa şertler subtropik kadad günortada Aziýa we Afrikada tropik zolagynda saklanardy. Netijede, Ýewropada piller, begemotlar, gaplañlar, atlar bolardy.
Şol atlandyrylýan eýýamynda howa şertler ýyly bolardy, ösümligi hem baý bolardy. Giçki Aşşel atlandyrylýan eýýamynda buzuñ süýşmegi bilen sowuk howalar bolardy. Haýwanlañ köpüsi howa şertlerine çydaman ölmek bilen bolardy. Olañ ýerlerine bolsa sowuga çydamly haýwanlar döreýärdi.
Netijede, adamlar oduñ kömegi bilen sowgy hem çydamagy başarypdyr. Taýpalar uzak aralyga göçerdiler. Olar ot ýakmagy hem başarypdyrlar. Adamlar kynçylyk ýagdaýda bir-biri bilen jebisleşýärdiler. Zähmet bolsa olary haýwanat dünýäsinden adam jemgyýatine ýakynlaşdyrýardy.
Zähmet jemgyýetiñ berkitmegine getirerdi. F.Engelsiñ bellemegine görä zähmet adamyny döretdi. Ýöne ol pursatlar uzak wagtlap bolup, adamyñ kemala gelmeginde yzygiderli bolupdyr. Şol döwürde nika gatnaşygy hem öz täsirini ýetiripdir. Belli Amerikan taryhçysy, etnograf L.G.Morgan öz „Gadymy jemgyýet“ atly işinde ilkinji nikalar ýakynlygy saklapdyrlar. Ol mysal bilen Gawaýa, Malaýda maşgala gatnaşyk ulgamyny getirerdi. Adam zähmet çekende, iş boýunça gepleşik hem geçirerdi. Bu bolsa añyñ ösmegine ýetirerdi. Şol döwürde dil zerurlyk hem ýüze çykýar. Diliñ we pikiriñ ösmegini iki tapgyra bölýärler.
1. Arhantropany we paleontropy (gadymy adamlar)
2. Homo sapiens
Ikisiniñ arasynda diliñ kämilleşen derejesi görünýär. Ilki ses bilen ýüzlenmesi, soñra hereket (el bilen) soñra dil geçerdi. Ol hem haýal ösýärdi. Netijede dil homo sapiensde irki paleolitden giçgi paleolidiñ arasynda ýüze çykyp başlaýar. Synply jemgyýetde taýpa diller halkyñ diline geçýärdi. Kapitalistik gatnaşyklaryñ ösmegi bilen milli dil ýüze çykyp başlaýar. Dil maşgalalaryna:
1. Hindi Ýewropa
2. Semito hamit
3. Şumer we hurrit
4. Altaý
5. Hytaý tibet
6. Ural bölünşige girýärler.

Serdar Ataýew,
Ýazgül Jumaýewa.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir