AŞGABAT – ÄRSAGABAT
(«Aşgabat» sözüniň döreýşi hakynda)

Men Aşgabady ýürekden söýýärin. Oňa bolan ogullyk söýgimiň atalyk söýgüsine öwrülýändigini men duýýaryn.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Häzirki döwürde «Aşgabat» sözüniň döreýşi barada birnäçe pikir bar. XX asyryň birinji onýyllyklarynda belli dilçi alym A. Poseluýewskiý bu şäheriň adynyň parfiýa patyşalarynyň haýsy hem bolsa biriniň ady bilen baglanyşyklydygy baradaky çaklamany öňe sürdi.56 XX asyrdaky dürli neşirlerde bu şäheriň ady aşakdakylar ýaly düşündirildi.
1. Taryhçy S.G. Agajanow: «Aşgabat – Ärsaglar şäheri».57
2. Jugrafiýaçy E.M. Mürzäýew: «Astarta atly hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri».58
3. Dilçi alym S. Atanyýazow: «Aşgabat –Yşkabat («eşh» – söýgi we «abat» – mekan, şäher».59
4. Kinorežissýor A. Atajanow: «Aşgabat – Asabat («as» – asman, «abat» – mekan, şäher)».60
5. Atlantolog W. Şerbakow: «Aşgabat – Asgard (aslaryň şäheri)».61
Ine, Aşgabadyň ady bilen baglanyşykly esasy düşündirişler şulardan ybaratdyr. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi Aşgabadyň «yşk şäheri», «aşyklaryň şäheri» diýmegi aňladýandygy baradaky düşünjedir. Ýöne bu örän ýakymly eşidilýänem bolsa, bu ýerde hemme zat şeýle bir aýdyňam däl. «Eşh» pars-arap sözi bolmak bilen türkmen dilinde «yşk» (söýgi) we «aşyk» diýlip okalýar.62 Ýöne bu şähere Eşhabat, Aşkabat, ýa-da Aşykabat diýilmeýär ahyryn! Ýokarda getirilen ikinji (bu düşündirişiňem tarapdarlary az däl), dördünji we bäşinji
çaklamalar babatda aýdylanda bolsa, olaryň bary Aşgabat sözüne esas edip, «as» köküni alýandyklaryny we «Aşgabat» sözüniň «Aşg» we «abat» diýen iki bölege bölünýändigini hasaba almaýandyklary üçinem kabul ederlikli däldirler. Sebäbi «aşg» diýmek «as» diýmek däldir. Diýmek, diňe birinji düşündiriş galaýýar. Ony saýlap almaga esas barmyka? Hawa, şeýle etmäge taryhy maglumatlaram esas berýärler. Türkmen-Parfiýa şadöwletine baştutanlyk eden Ärsaglar neberesi hakda biz eýýäm gürrüň edipdik. Onuňam üstesine b.e. öňki VI – V asyrlarda Aşgabadyň häzirki ýerleşýän ýerinde dörän oba hut parfiýalylar zamanasynda ýeterlik derejede bolan berkitmä öwrülipdi. Dilçi alymlar hem şu pikiri goldaýarlar. Biz dilçi alym A. Poseluýewskiniň «Aşgabat» sözüniň Ärsaglar neberesinden
aýdan pikiri bilen tanyş bolupdyk.
Alym H. Ownuk bolsa orta asyrlaryň pars dilinde döredilen edebiýatynda bu neberäniň Aşganylar diýip atlandyrlandygyny tassyklaýar. Biz munuň şeýledigini Firdöwsiniň (XI asyr) goşgy setirleri arkaly hem subut edip bileris. Mysal üçin, onuň «Şanama» atly eserinde, aňyrsy pälwanlardan (ýagny, parfiýalylardan) bolan, söweşjeňlikleri bilen tapawutlanan, sasanylara gulluk eden we milady ýyl hasaby boýunça 590-njy ýylyň Nowruz aýynyň 9-nda sasanylar eýranynyň tagtyna çykan serkerde Bähräm Çubin aşakdaky sözler bilen sasanylara haýbat atýar:

Men kuwwatly, gazaba münen ýolbars kimin topulyp,
Sasanylar taýpasyny süpürip taşlaryn.
Patyşalyk kitabyndan atlaryny öçürerin,
Sasany hökümdarlarynyň ýumraryn men tagtlaryny.

Akyly bolan hakykata diň salsa, Beýiklik Aşkany patyşalaryna ýaraşýar.63

Bu setirleriň ýazylan wagtyndan dört ýüz ýyl geçensoň, Gündogaryň meşhur şahyry Alyşir Nowaýy (1441 – 1501):

Hany Keýanylar, Samanylar taýpasy,
Hany Isgender, Aşkanylar taýpasy?64

diýen sorag bilen okyjylaryna ýüzlenipdir.
Orta asyrlara degişli ermeni çeşmelerinde hem Ärsaglara Aşkanylar, nesilşalygyň başynda duran Ärsag I-i bolsa – Aşg I diýip atlandyrypdyrlar.65 Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Beýik Türkmen-Parfiýa şadöwletiniň sallançagynyň üwrelen ýeri bolan we parfiýa patyşalarynyň paýtagty bolup hyzmat eden Nusaýyň ýerleşen ýerinden bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýändigini hem bu aýdylanlaryň üstüne goşalyň. Grek geografy Isidor Harakskiniň (b.e. öňki II asyr): «Ärsag I Asaak şäherinde patyşa diýlip yglan edildi we şu ýerde hem baky ot goralyp saklanýar» diýmek arkaly häzirki Ruhabat etrabynyň çäklerini salgy bermegi hem ünsüňi özüne çekýär.66
Häzirki döwürde hiç kim «Asaak şäherini» Nusaýyň töwereginden gözlemelidigi babatda birjigem şübhelenmeýär, sebäbi Ärsag I başyna täç geýen badyna Nusaýa baryp ornaşýar. Käbirleri bu şäheriň Gökdepe etrabynda ýerleşýändigini, käbirleri hem Baharly etrabynyň çäginde ýerleşendigini (bularyň ikisi hem Aşgabatdan daşda däl) aýdýarlar67. Biz «Asaak şäheriniň» öz adyny Ärsag I adyndan alandygyna ynanýarys, sebäbi ol Parfiýanyň paýtagty Nusaýa göçüp barmagyndan öň hut şu şäherde tagta çykypdy ahyry. Grek dilindäki «Asaak» sözi ýoýlup, gündogarça «yşg» diýlip atlandyrylypdyr. Şeýlelik bilen, «Asaak şäheri» «Aşgabat» diýmegi aňladýar. Biz bu ýerde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň, ýagny, b.e. öňki VI – V asyrlarda dörän şäheriň adynyň iň irki taryhy çeşmelerde ýatlanyp geçilişiniň (b.e. öňki II asyr) şaýady bolýarys.
Parfiýa zamanasynda Köne Nusaýy Mihrdatkert (ýagny Mitridatyň galasy) diýip atlandyrypdyrlar. Mihrdat parfiýanyň patyşasy bolup, onuň adyny barlagçylar «Mihra (Mitra, ýagny, zaraostralaryň hudaýy Mihra) beren» diýip terjime edýärler (türkmenleriň Allaberen, Taňryberdi diýişleri ýaly) hem-de biziň günlerimize çenli gelip ýeten hut Mihra hudaýyň adynyň pars sözleriniň biri bolan «mähir» sözüniň manydaş sözüne öwrülendigini aýdýarlar68. Türkmen dilinde «Ene mähri» ýaly söz düzümi we «mähriban» sözi duş gelýär69. Eger ol ýerde täze ýurt tutunanlaryň Aşgabada Mihrdat kertden göçüp gelendigini çak etsek, onda olaryň täze dörän şähere hem öňki ýaşan şäherleriniňki ýaly, ýagny «Mihra şäheri» diýip at beren bolmaklary örän mümkindir. Ondan soňky döwürlerde halkyň öz islegine görä, «mihra» (mähir) sözüni «yşk» (söýgi) sözi bilen çalşan bolmagy hem mümkin. Bu şeýle bolaýanda-da, Mihrdat I özüni Ärsag VI (Aşg VI) diýip atlandyrandygyny ýatlasak, şäheriň ady bizi gadymy döwür – parfiýa zamanasy, ilkinji Ärsaglaryň atlary bilen baglanyşdyrýar.

Edebiýat:
56. Klyçew A. Aşhabad. ㅡ Aşhabad: Turkmenistan, 1976.ㅡ S.6.
57. Agad£anow S. G. Drewen li naş Aşhabad // Weçerniý Aşhabad. -12.02.1959.
58. Murzaýew E. M. Srednýaýa Aziýa. ㅡ 1957. -S.243.
59. Ataniýazow S. Çto oznaçaýet slowo Aşhabad//Pamýatniki Turkmenistana.ㅡ Aşhabad, 1971.-No: 2.ㅡ S.24.
60. Atad£anow A. Aşhabad, kak tebýa weliçat//Neýtralnyý Turkmenistan.ㅡ 30.04.1998.
61. Şerbakow W. Asgard-gorod bogow... S.201,2017.
62. Bolşoý russko-turkmeniskiý slowar.ㅡ M.: Rus. ýaz., 1986. ㅡ T.I. ㅡ A - O.ㅡ S.531.
63. Fidousi. Şahname/Per. s pers. S. B. Banu-Lahuti i W. G. Berznewa.ㅡ M.:Nauka, 1989.ㅡ S. 336.
64. Nawoi A. Sakiname//Izbrannaýa lirika.ㅡTaşkent, 1978.ㅡ S.80.
65. Gundogdyýew O. A. Gorod bo£estwennogo Arsaga...
66. Hlopin I. N. Istoriçeskaýa geografiýa...S.12.
67. Tam £e.ㅡS.189.
68. Dýakonow I. M. i dr. Ukaz. rab. ㅡ S. 44.
69. Bolşoý russko-turkmenskiý slowar...S.530-531.




Öwez GÜNDOGDYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir