NUHUÑ GÄMISI NÄHILI IŞLEDIKÄ?

Gurhanda Nuh pygamberiñ gämisi hakynda: "Şanymyñ haky üçin biz ol gämini aýat (alamat, ybrat) hökmünde goýduk" ("Kamar" süresi, 15) diýen jümle bar. Ibni Katadede "Hezreti Nuhuñ gämisiniñ galyndysy Judi dagynda galdy, hatda bu ymmatyñ ilkinjileri ony gördi" diýen rowaýat bar. Ýerleriñ ot pürküp, suwlaryñ joşmagy barada bolsa "Emirimiz berjaý bolup, tennur feweran etdi" ("Hud" süresi, 40) jümlesindäki “tennur” - ojak, feweran - güýç-kuwwat, gazap bilen gaýnamak, pürkmek manysyna gelýär. "Köne Ähtde" Nuh pygamberiñ gämisimiñ uzynlygynyñ 137 metr, iniiniñ 23 metr, beýikliginiñ 14 metr bolandygyjy ýazýar. Hasaplamalara görä gäminiñ borty otuz alty tennis meýdançasynyñ ululygyna barabar bolupdyr. "Köne Ähtde" aýdylanlara görä ylmy iş alyp barýan hristian teologlar gämä şol döwrüñ ähli janly-jandarlaryndan bir jübüt - jemi 40 müñüsiniñ münendigini öñe sürýär. Bu pikire garşy çykýanlar bolsa nesil dowamatynyñ kesilmezligi üçin azyndan 1,5 million jübütiñ gämä münmeginiñ gerekdigini aýdýarlar. Türk alymy Ilhami Ýangyn bu boýunça geçiren ylmy-barlag işlerinde dini çeşmelere salgylanyp, Hezreti Nuhyñ gämisiniñ tagtadan däl-de, metaldan ýasalandygyny we "Titanik" gämisi ýaly bug bilen işländigi öñe sürdi. Barlaglaryny Töwratdyr yslam alymlarynyñ tefsirleri bilen delillendiren I.Ýangyn gäminiñ meýdany 42,5 million santimetr kup, agyrlygy, agyrlygy 50 müñ tonna, boýy 205 metr 75 sm bolandygyny ýazýar. I.Ýangyn meşhur tefsirçi alym Elmalyly Hamdy Ýazyryñ Gurhanyñ "Hud" süresiniñ 40-njy aýatyna beren: "Emrimiz gelen we tennur (tamdyr ýa-da gäminiñ gazany) tutaşyp parlan wagty şeýle diýdik, erkegi we urkaçysy bolan her janly-jandardan bir jübüt, garşysyna höküm berilmediklerden başga öz maşgalañy we iman getirenleri gämiñe ýükle" diýen tefsirine salgylanyp, şeýle netijä gelendigini aýtdy. "Bu gämini Hudaýyñ özem batyryp bilmez" diýlip ýasalan, emma birinji ýolagçylygynda 1500 adama mazar bolan "Titanik" gämisiniñ ululygyna deñ Nuhuñ gämisi boýunça alymlaryñ biragyzdan gelýän netijesi - onuñ bug bilen işlänligidir. Elmaly Hamdy Ýazyryñ bu boýunça baradaky pikiri şeýle: "Gämi ýelkenli däl-de, gaýyk ýaly ojakly we feweranly, ýagny gaýnap-pürküji mehanizmde hereket edipdir. Şu ýerde biz gämiden söz açanymyzda edil ojak feweran eden wagtynda "ýükle" emriniñ berilendigini görenimizde hereket etmäge taýýar bolup duran ullakan gaýykdygyna göz ýetirmekde kynçylyk çekmesek gerek". "Hezreti Nuhyñ gämisi-de "Titanik" ýaly bug bilen işleýärdi" diýen monografiýasynda Türkiýäniñ öñki dini işler ministri Ömer Nasuhi Bilmen hem Nuh pygamberuñ gämisiniñ bug bilen işlän äpet gämi bolandygyny makullaýar. Ýazgyda "Gäminiñ gazanly bolandygyna we bug bilen işländigine degişli ilkinji maglumat Ebu Haýýanyñ tefsirinde gabat gelýär. Haýýan "tennuryñ" - suwuñ toplanan ýeridigini aýdýar. Bu düşündiriş gäminiñ gazanynyñ bolandygyny tassyklaýar. Nuh pygamberiñ gämisiniñ gazanly bolup, bug bilen işländigi baradaky maglumatlar Ömer Nasuhi Bilmeniñ Gurhan tefsirinde şeýle beýan edilýär: "Hezreti Nuhyñ gämisi saçdan (polat metalyñ bir görnüşi) ýasalan gämidi we üç gatdan ybaratdy. Aşaky gatda ýyrtyjy haýwanlar, ortaky gatda beýleki janly-jandarlar, iñ ýokarky gatda Hezreti Nuh bilen oña iman eden adamlar bolupdyr".

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir