Türkmen halkyna (Muhammetguly Atabaýew)
Şu gün bizleriñ her tüýsli uly baýramymyz we ýagşy genlerimiz bolsa, şo günden beter bir ýagşy gündür. Bizleriñ borjumyzdyr ke, ýagşy ýürek bilen doga etmek bilen biziñ, okuwsyz, aam türkmenleriñ, gözüni açmak pikiri bilen biziñ dilimizde gazet çykargan adamlarga. Olarga biz, türkmenler, üýşüp ýagşy Tañry ýalkasyn bermek borjumyzdyr. Hudaýa şükür, biz hem bir millet hataryna goşuldyk.
Hemme milletler arasynda gazet çykýandyr. Emma türkmenler aralarynda bilýän (bolmalysy: beýle) ýagşy zat ýokdur. Milletleriñ içinde her bir işde türkmenlerden aýaga galan ýokdur. Belki Huda, imdi bizleriñ hem gözlerimiz kem-kemden açylyp, il hataryna goşulsak, gazet okap, her ýerleriñ täze habaryny, işlerini bilip, kem zatlarymyzy ýetirsek, öz türkmen içimizde bolgan işlerimiziñ ýagşysyna ýagşy, ýamanyna ýaman diýip, ýetmedik zatlarymyzy oñarsak, jemg, agzybir bolup.
Elbetde, biz az-(m) az hat bilýän adam şu gazetini ýazdyrar we töweregindäki hat bilmedik adamlarga okap bildirer. Şeýlelik bilen, bizler hem, enşalla, az-azdan ýolga tüşermiz. Şükür Hudaga, türkmenler hem imdi okuwynyñ gadyryny biraz bilerler we oglanlaryny yşkola berurlar. Hat bilegen adamlar gün-günden içimizde köpeler.
Şu çykjak türkmen dilindäki gazetde dogry boluşy ýazyljakdyr. Uruş, söwda, okuw, ekin-tikin, adat-düzgün we her bir şuña meñzeş zatlar, garaz, ahyry şu gazetde dünýäde bolgan her bir geñ gürrüñ, peýdaly habar bolsa ýazylyp mälim ediljek. Ol sebäpden men hem hemme okuwly türkmen doganlarymga maslahat berermen: şu gazetni derrew her (kim) öz adyga birisini ýazdyryp, okap bersin öz töwereginde hat bilmän adamlarga. Köp bir haýyrly, sogap işdir.
(14. XII. 1914)
Muhammetguly Atabaýew
Türkmen halkyna (Muhammetguly Atabaýew)
-
wagt
4 years ago
- Dogrysy edil señ beyderñe garaşamokdym.
-
Jeksparro
4 years ago
- @wagt, gazet, zurnallary diñe özüñ dörýändirin diyip pikir etme. Senem zähmet çekensiñ, aslynda muña zähmet diyip ownuk gürrüñem edip oturmaly däl! Halk köpçüligi okap düşünip dursa bolýar diýip paýlaşylýar. Onsoñam kitapcy.ga sayt kopyalamakdan, göçürmekden goralan dälmi aslynda!?
Pozduryp bilersiñ, onuñ üçin gynanjak zadymyz yok! Türkmen dilindäki maglumatlar köpelip dursa gowy dälmi!?
-
wagt
4 years ago
- Samsyklyga salma gayrat et. Meñ bellik edenlermiñ hijisinem gazet jurnaldan goçureñok, sayta giriş çykyş tabeliñ, haçan namani kopýalaýanyñ gornup dur statistikada. Hawa öñ goralandy, indi kopyany açdyk welin payradyp otyrsyñlay? Aydyana awtor zerurlyk duysa başga saytlarda-da goyay diyp aydardy diyp. Maglumat kopeltjegiñ çyn bolsa, aşagynda alan yeriñi yazsañ bizem begenerdik gaytam, gynanmagyñ deregine...
-
wagt
4 years ago
- Ynha, şu makaladan soñky goyanlaryñy saytdan alañok, naçe goysañ goyuber, bize parhy yok.
-
Jeksparro
4 years ago
- @wagt, häzir salgysyny goyayaryn, ýykaýdyñ zaññar! Sen aslynda kitapcy.ga saytdaky awtorlaryñ arasyndan meñ yazan zatlarymy pozuşdyrypsyñ! Näme adam saylayañ! Ozallar meñ yazan zatlarym duryardy şol saytda!!!
-
wagt
4 years ago
- Jañ etsene maña, köpeýogly ;-)))
-
wagt
4 years ago
- Name acan bolsañ yerindejik durandyr, gowja seret profiliñe gir-de, çala görüp tammal çykarma ))
-
wagt
4 years ago
- Şo saytda yok adam yok, yerden yoran galam tutyan bolsa, oñam bir zady bar bolsa goyuljak bolunya, ala böle señkini saylamalymy, senkini ocurmelimi indi? Biderek gep etme.
Hawa, birki sanysy ocuruldi, olam ya-ha awtorsyz goyan zatlañ, birem ucunji jahan urşy diydi name diydi adamlary howpurgadyan zatlar.. galan zatlañ durandyr, gir-de gowja seret.
-
Jeksparro
4 years ago
- Awtorlaryñ arasyndan pozulan men diýýän!? Poiskdan Gözläp tapmaly bolsa nämä gerek!? @Afrasyýap nirede!?
-
wagt
4 years ago
- Zahhak iýdi Afrasýaby :))
wagt 4 years ago- Jek serçe, eygilikmi? Biz-a bulary awtorlardan çöplap goyyas saýtymyzda. Senem aylan yeriñi gorkezman payradyp otyrsyñ? Alnan çeşmesi: www.kitapcy.ga diýeñde ya linkini goyañda bir zat bolar oytduñmi? Azabyñ siñipdimi bu zatlara oz zadyñ yaly payradyañ welin? Eger başga saytlarda paylaşjak diyp hayş eden bolsañ, alan çeşmañi gorkezmek şerti bilen ozumde name bolsa berayerdim-da (öñ sorañda beripdim-a) Eger talyplarda ya başga saytlarda goymak zerurlygyny duysak, awtor ya ozumiz goyardyk, sen azara galyp yorme. Saytymyzyñ ylmy çeşme hokmünde salgylanma mümkinçiligini, gymmatyny pese gaçyrmak u.n edyañmi ya, name u.n beydyañ? Awtoryndan ya ilki goylan saytyndan soraman beytmek ynsabyña dogry bolsa, goy, yene goy!
Nesip bolsa talyplaryñ adminini taparys, ya şol oçirer bizden ogurlan bu temalarñy, ya oña çenli ozuñ. (Ay ozuña oçurmersiñ, sebabi olar yaly başganyñ zahmetine az-uçyk hormatyñ bolsa, çeşme gorkezman payratmazdyñ bu birgiden azaplary)