Türkmeniñ daşa ýazylan taryhy



Göktürkmenleriň hat-ýazuw medeniýeti  barada söhbet

Asyl hünäri taryhçy bolan adamlar şindi kagyz ýüze çykmanka dürli taryhy ýazgylaryň deriniň, agaç gabygynyň, ýapragynyň, ýasyja tagtajyklaryň, toýun gap-gaçlaryň, iki-ýeke daş bölekleriniň we dag gaýalarynyň ýüzüne ýazylandygyny bilýändirler. Emma uly bir milletiň taryhynyň daşa ýazylyp galdyrylandygyny bilýän bardyr öýdemzok. Ony özümizem bilemizokdyk. Ýöne, täsinliklere baý bu dünýäde şeýle taryh -  daşyň ýüzüne ýazylan taryh bar eken. Özem şol daşyň ýüzüne ýazylan taryh biziň milletimize – türkmen milletine degişli. Daşa ýazylan taryhymyzyň biziň üçin aýratyn gymmaty onuň türkmen üçin keramat hasaplanýan öwlüýälerde şöhratly ata-babalarymyzyň guburlaryna dikilen mukaddes daşlaryň ýüzüne ýazylyp galdyrylmygydyr. Gadymyýetde dörän oguz-orhon ýazuwy baý geçmişi bolan merdana halkymyzyň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasdyr. Oguz-orhon ýazuwy barada köp ýyllaryň diwamynda ençeme ylmy işler ýazyldy. Emma gynansagam şolaryň hiç birinde-de şol ýazuwy oguz-türkmen halkynyň döredenligi barada aýdylmady. Aslyýetinde, oguz-orhon ýazuwy öňler şu ýazuwyň saklanyp galan ýerleriniň ady boýunça «orhon-ýeniseý» ýazgylary diýlip atlandyrylýardy. Oguz-orhon ýazuwynda beýan edilýän goktürkmenleriň taryhyna degişli maglumatlaryň üstünde köp alymlar işlediler. Bu barada XX asyrda ep-esli mukdardaky işler neşirem edildi. Ýöne, şol işleriň köpüsinde çykarylan netijeler, edilen jemlemeler bilen ylalaşmak juda kyn. Türki we mongol dilli halklaryň taryhy boýunça belli taryhçy L.N.Gumilew köp eserleri döreden meşhur alym. Emma hunlaryň we göktürkmenleriň taryhyna degişli işlerinde ol bu halklaryň taryhynyň tükmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň bir döwürleridigini bir ýerde-de agzamaýar. Ol özüniň göktürkmenlere bagyşlap 1967-nji ýylda neşir edilen «Gadymy türkler» diýen işinde: «V-VII asyrlarda hiç haçan beýik kaganatyň düzümine girmedik köp halklar hem soň «türk» boldular.  … meselem, türkmenler…» – diýip, hiç bir esassyz netije çykarypdyr. Dünýä belli alymyň şu setirlerini okap, «wah, bu döwleti döreden türkmenler ahyry!» diýesiň gelýär. Eger-de göktürkmenleriň (öňler «Türk kaganaty» diýilýärdi) döwletini türkmenler döretmedik bolsa, onda Il han, Gara han, Ýegen han, Arslan han, Ýetdi han, Gapagan han, Çölli han, Hally han, Ýolly han... bular haýsy milletiň wekillerike?! Göktürkmenleriň döwleti döwründe şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan döredilen tükeniksiz genji-hazyna bolan oguz-orhon ýazuwy barada, onuň ýaýran ýerleri hakynda ilkinji gezek XVII asyryň ahyrlaryna degişli maglumatlarda aýdylýar. Ýöne, bu ýazuwy öwrenmäge ilkinji synanşyk XVIII asyryň 20-30-njy ýyllarynda ruslara ýesir düşüp, Sibirde ýaşan şwed serkerdesi F.I.Stralenberg tarapyndan edilipdir. Özüniň 1730-njy ýylda Stokgolmda neşir edilen kitabynda ol oguz-orhon ýazuwyna degişli hatlary görkezipdir. Ýöne, Stralenberge bu haty okamak, onuň haýsy halkyň mirasydygyny anyklamak başartmandyr. XIX asyryň dowamynda oguz-orhon ýazuwynyň ýaýran ýerleri, onuň esasy ýadygärlikleri kesgitlenilipdir we ony okamaklyga ençeme gezek netijesiz synanşyklar edilipdir. Oguz-orhon ýazuwyndan fin milletiniň taryhyny gözlän finlýandiýaly alym J.Aspeliň birnäçe ýyllaryň dowamynda bu ýazuwa degişli harplary öwrenmek bilen, onuň 38-40 sany harpdan-nyşandan durýandygyny anyklapdyr. Oguz-orhon ýazuwynyň türki dilli milletleriň diline degişli bolaýmagynyň mümkinligi hakyndaky çaklamalary öňe süren rus alymy N.M.Ýadrinsew bolupdyr. 1889-njy ýylda Russiýanyň Geografiýa jemgyýetiniň Gündogar-Sibir bölümi tarapyndan N.M.Ýadrinsewiň baştutanlygynda oguz-orhon ýazuwyny öwrenmek maksady bilen ýörite ylmy ekspedisiýa guralýar. N.M.Ýadrinsew Tola we Orhon derýalarynyň boýlarynda şu ýazuwa degişli ençeme ýadygärlikleri, şol sanda soňra dünýä belli ýadygärliklere öwrülen Kolteginiň we Bilge hanyň hatyrasyna daşyň ýüzüne ýazylan ýazuw ýadygärliklerini açypdyr. N.M.Ýadrinsew tarapyndan ýüze çykarylan bu ýazgylar  ýerleşen ýerleriniň ady boýunça soňra «Orhon-Ýeniseý ýazuwy» diýen ada eýe bolupdyr. N.M.Ýadrinsew aýratyn hem Költeginiň ýadygärligine uly üns beripdir. Sebäbi Költegine degişli daşyň arka ýüzünde hytaýça ýazgylar hem bar eken. Soňra şol hytaýça ýazgynyň okalmagy we terjime edilmegi oguz-orhon ýazuwynyň diliniň türkmençedigini, türki dilde geplýän bir halka degişlidigini kesgitlemäge mümkinçilik beripdir.Netijede, ençeme ýyllaryň dowamynda Ýeneseý, Orhon, Selenga, Tola derýalarynyň boýlaryndy ýüze çykarylan oguz-orhon ýazuwyna degişli ýadygärlikler dilçiler we soňra bolsa taryhçylar tarapyndan uly gyzyklynma bilen öwrenilip başlanýar. Oguz-orhon ýazuwyny öwrenmäge belli türkşynas W.W.Radlow we zehinli dilçi we taryhçy, daniýaly alym W.Tomsen girişipdirler. 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Daniýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň ýygnagynda W.Tomsen oguz-orhon ýazuwynyň elipbiýi we ony okamagyň usullary dogrusynda çykyş edýär. W.Tomsen bilen bir wagtda oguz-orhon ýazuwyny okamaklyga W.W.Radlow hem girişipdir. Ol W.Tomseniň elipbiýini peýdalanmak bilen Koltegine degişli ýazgyny okapdyr we 1894-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Russiýa YA-nyň ýygnagynda bu barada çykyş edipdir. Şeýlelikde, bizin ata-babalarymyzyň gadymy geçmişi barada uly taryhy açyşlar edilipdir. Üstünden 1300 ýyl töweregi wagt geçen şol ýazuw ýadygärlikleri okanyňda, şunça asyrlaryň dowamynda dilimiziň sähelçe özgerendigini, köp-köp sözleriň şol gadymyýetdeki ýaly görnüşde şu güne çenli dilimizde saklanyp gelendigine göz ýetirýäris. Türkmen halkynyň taryhy geçmişi barada möhüm çeşme bolan oguz-orhon ýazuwy esasan meşhur göktürkmen hanlarynyň ruhuna bagyşlanyp dikeldilen mazar daşlarynyň ýüzünde saklanyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Diýmek, oguz-orhon ýazuwynyň halkymyz üçin onuň diňe bir daşyň ýüzüne ýazylandygy bilen däl, eýsem bu ýazuwyň halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran meşhur hanlarymyzyň ruhuna bagyşlanyp, olaryň guburynyň üstüne galdyrylan daşlaryň ýüzüne ýazylandygy üçin hem aýratyn mukaddesdir. Göktürkmenleriň döwletiniň taryhy boýunça möhüm çeşmelere öwrülen bu ýazuw ýadygärlikleriň iň ähmiýetlileri Költeginiň, Bilge hanyň, Gutlug Ilteriş hanyň, Tonýukugyň we başgalaryň hatyrasyna dikeldilen daşlaryň ýüzüne ýazylan ýazgylardyr. Bu ýazgylarda oguzlaryň şöhratly geçmişiniň uly bir döwri beýan edilýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, bu ýazgylardaky wakalary, seneleri we adam atlaryny şol döwrüň we giçki döwürleriň jikme-jik beýan edilen hytaý taryhy maglumatlary hem doly tassyk edýär. Bu bolsa oguz-orhon ýazgylarynyň ähmiýetini has hem artdyrýar. Ýazgylaryň şeýle çeşmeşynaslyk ähmiýetiniň bolmagy olary Göktürkmenleriň döwletiniň taryhyna degişli birinji derejeli maglumatlaryň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Alymlaryň tassyklamagyna görä, oguz-orhon ýazuwyna degişli ýazgylaryň içinde aýratyn gymmatlylary Költegin bilen Bilge hanyň hatyrasyna ýazylan ýazgylardyr. Bu ýazgylarda ady tutulan hanlaryň döwründe oguzlaryň galkynyşy, bu galkynyşlarda bu iki meşhur türkmen hanlarynyň hyzmaty hakynda gysgadan düşnükli gürrüň berilýär. Daşa ýazylan şol mukaddes taryhy ýazgylar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1.    Arslan (Tabak) hanyň     (572-581), 2.    Gutlug (Ilteriş) hanyň     (682-693), 3.    Gutlug hanyň, Gapagan hanyň (693-716) we Bilge hanyň maslahatçysy bolan Toňýukugyn (647-726), 4.    Şöhratly ýagyçy (serkerde) Költeginiň (685-731), 5.    Bilge hanyň (716-734) we başgalaryň guburlarynyň üstüne galdyrylan mukaddes daşlaryň ýüzündäki ýazgylardyr. Daşa ýazylyn taryhymyzyň iň irki ýazuw ýadygärligi Arslan hanyň mazaryndaky ýazgylardyr. Ýüzüne göktürkmenleriň taryhy ýazylan Arslan hanyň başujundaky daş taryh ylmynda «Bugut daşy» ady bilen bellidir. Arslan han tagt ady bolup, onuň çyn ady Tabak handyr. Bu hanyň ady dürli taryhy edebiýatda Tobo, Taspar görnüşlerinde-de kän duşýar. Arslan han Göktürkmenleriň döwletini döreden Bumyň hanyň (552) Gara handan (552-553) we Mugan handan (553-572) soňky üçünji ogly bolupdyr. Bu hanyň döwründe Göktürkmenleriň döwleti kuwwatly imperiýa öwrülip, dünýäde onuň bilen besleşip biljek bir döwletem bolmandyr. «Bugut daşynyň» ýüzünde göktürkmenleriň döreýşi bilen baglanşykly rowaýat, Bumyň handan gelýän göktürkmenleriň syýasy taryhy we onda Arslan hanyň bitiren beýik işleri görkezilipdir. Guwandyrýan zatlaryň biri-de, «Bugut daşanyň» ýokarsynda türkmen ruhunyň ikinji eýýýamynyň onany bolan möjegiň buýsançly şekiliniň ýerleşdirilmegidir. Göktürkmenleriň taryhyna degişli ýazuw ýadygärlikleriniň biri-de Gutlug Ilteriş hanyň hatyrasyna onuň inisi Gapagan han tarapyndan galdyrylan mazar daşydyr. Taryh ylmynda bu ýadygärlik ýerleşýän ýeriniň adyna görä «Ongin ýadygärligi» diýlip hem atlandyrylýar. Ýadygärligiň ýüzündäki ýazgylara görä, Gutlug han «ýylan ýylynda» aradan çykypdyr. Bu bolsa, W.W. Radlowyň hasaplamalaryna görä, 693-nji ýyla gabat gelýär. Eýýäm bellenilip geçilişi ýaly «Ongin ýadygärligi» göktürkmenleriň taryhynda öçmejek yz galdyran doganlar Bilge han bilen Költeginiň ata-enesi Gutlug Ilteriş han bilen Ilbilge hatynyň hatyrasyna dikeldilipdir. Bu ýadygärlikdäki ýazgylar iň köne oguz-orhon ýazgylaryna degişli bolsa-da, ol alymlar tarapyndan gowşyk öwrenilipdir. Onuň hem esasy sebäbi ýazgylar daşyň ýüzüne ýazylanam bolsa, asyrlaryň dowamynda ýazgylar zaýalanypdyr. W.W. Radlow ýadygärligiň ýüzündäki ýazgy setirleriniň içinde ýekeje-de doly sözlemiň galmandygyny, bu bolsa ýadygärlikdäki taryhy teksti dikeltmekde uly pesgelçilik döredýändigini ýazypdyr. Ýöne, geçirilen ýüzleý ylmy barlaglar Gapagan hanyň öz agasy Gutlug hanyň doly terjimehalyny we göktürkmenleriň gysgaça taryhyny beýan edýändigini takyklapdyrlar. Toňýukugyň hatyrasyna dikeldilen mazar daşy Demirgazyk Mongoliýany aýlanýan döwründe Ý. Klemens tarapyndan 1897-nji ýylda ýüze çykarylypdyr. Bu açyş barada W.W. Radlow 1898-nji ýylda Russiýanyň «Ylymlar Akademiýasynyň habarlary» žurnalynda habar bilen çykyş edipdir. Ýadygärligiň ýüzündäki ýazgylary W.W. Radlow terjime edipdir we 1899-njy ýylda neşir edipdir. Toňýukugyň ýazgylaryny nemes alymy F.Hirt hem öwrenipdir we terjime edipdir. F. Hirt Toňýukuk baradaky hytaý çeşmelerini öwrenmek bilen onuň doly terjimehalyny dikeldipdir. Toňýukugyň ýazgylaryny W. Tomsen hem terjime edipdir. Toňýukugyn ýadygärligi Tola derýasynyň sag kenarynda Nalaýha demir ýol menziliniň töwereginde ýerleşýär. Ýadygärligiň ýüzündäki ýazgylar ýöne bir mazar ýazgylary bolman, ol bir halkyň uly geçmişi hakynda gürrün berýän özboluşly taryhy eserdir. Ýazgylaryň gymmatly tarapy, ol kimdir biriniň adyndan däl-de, hut Toňýukugyn öz dilinden beýan edilipdir, ýagny göktürkmenleriň taryhy we onda öz bitiren işleri barada Toňýukugyň özi gürrüň beripdir. Bu bolsa, bu ýazgylaryň şindi Toňýukuk dirikä, onuň özi tarapyndan ýazylyp, ölenden soň, mazar daşynyň ýüzüne geçirilipdir diýip, netije çykarmaga esas berýär. Ýadygärligi kimin dikeldendigi görkezilmeýär. Ýöne, üç sany göktürkmen hanynyň weziri (Boýla-baga-tarhan) bolan, ady «Beýik hüwi» («hüwi» guşy göktürkmenlerde parasatlylygyň sinonimi bolupdyr) manysyny berýän Toňýukugyn («Toň» – beýik, «ýukuk» - hüwi) ýadygärligini halk diken bolmaly. Sebäbi, Göktürkmen döwletiniň wezirleriniň hiç biri hem halk içinde Toňýukugyňky ýaly uly abraýa eýe bolup bilmändir. Toňýukugyň ýazgylarynda özi barada maglumatlardan başga-da, göktürkmenleriň hytaý ýapjalygyna öwrülişi, taýpa serdarlarynyň ikiýüzliligi, Gutlug hanyň we özüniň taýpalary bir ýere jemlemek ugrunda alyp baran işleri, göktürkmenleriň Gutlug hanyň baştutanlygynda 682-nji ýylda Hytaýa ýapjalygyň ýok edilişi we garaşsyzlygyň gazanylyşy barada gürrüň berilýär. Toňýukugyň ýazgylarynyň arasynda göktürkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada-da köp maglumatlar getirilýär. Şunda ol garaşsyzlygyň millete abadançylyk, bolelin durmuş berendigini ýazýar. Göktürkmenleriň aga-ýana ýaşan ýerleri barada ýazmak bilen Toňýukuk olaryň Çugaý-Oguzda we Garagumda ýaşandyklaryny belleýär. Toňýukugyň ýazgylarynyň gymmatly tarapy, onda göktürkmenleriň goňşy döwletler we halklar bilen gatnaşyklary, olaryň erkinlik hem-de döwlet garaşsyzlygyny dikeltmek ugrunda alyp baran söweşleri, türkmeni türkmen eden men-men ärler barada belli bahasy bolmadyk maglumatlary berýär. Bu ýazgylarda aýratyn hem göktürkmenleriň alyp baran uruşlary gowy beýan edilipdir. Toňýukuk Ilteriş hanyň göktürkmenlere garaşsyzlyk alyp bermek we öz döwletini güýçli bir imperiýa öwürmek üçin 29 gezek ýöriş gurandygyny belleýär. 710-njy ýylyň gyşynda Gapagan han tarapyndan gyrgyzlara garşy alnyp barlan urşuň ýeňiş bilen tamamlanandygyny Toňýukugyň «kyrgyzy ukyda basdymyz» diýen sözleri tassyk edýär. Şol ýyl turgeşlere garşy alnyp barlan söweşiň hem üstünlikli bolandygyny Tonýukuk şeýle beýan edýär: «kaganyny tutdumyz, ýabgusyn, şadyn anda ölürtik». Göktürkmenleriň döwrüne degişli ýazuw ýadygärlikleriniňiň ajaýyby, ylmy taýdan ähmiýetlisi meşhur ýagyçy (göktürkmenleriň döwründe «serkerde» sözi «ýagyçy» diýlip atlandyrylypdyr) Költeginiň hatyrasyna bina edilen ýadygärlikler toplumydyr. Bu ýadygärligi 1889-njy ýylda N.M. Ýadrinsew ýüze çykaryp, ondaky ýazgylar 1891-nji ýylda W.W. Radlow tarapyndan öwrenmäge girişilipdir. Költeginiň ýadygärligine köp syýahatçylar tarapyndan barlyp görlüpdir we 1958-nji ýylda çeh arheology L. Ýisl tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän alymlar topary tarapyndan jikme-jik öwrenilipdir. Ýadygärlik toplumynyň umumy meýdany 80X40 metre barabar bolup, ol gündogardan günbatarlygyna uzalyp gidýär. Toplumyň daşyna garym gazylypdyr we suwalyp agardylan pagsa diwar bilen aýlaw edilipdir. Pagsa diwaryň üsti çerepisa bilen örtülip, toplumyň diwary, garym edil ýadygärlige girilýän derwezäniň agzynda tamamlanýar. Derwezäniň sag we çep tarapynda biri-birine bakdyrylyp goýulan, mermerden edilen iki sany goçuň heýkeli ýerleşdirilipdir. Pagsadan edilen howlynyň içinde mermerden edilen pyşdylyň üstünde (pyşdyl hytaýlylarda bakylygyň simwoly hasaplanylypdyr) Költeginiň hatyrasyna galdyrylan ýüzi ýazgyly şol meşhur daş goýlupdyr. Gynançly ýeri, Költeginiň ýadygärlikler toplumy asyrlaryň dowymynda harabalyga öwrülipdir. Ýöne, ýadygärlikler toplumynyň galyndylary L. Ýisle onuň  mysaly taslamasyny dikeltmäge mümkinçilik beripdir. Çeh alymynyň pikirine görä, ýüzi ýazgyly daş çerepisa bilen örtülen powilýonyň içinde ýerleşip, powilýonyň diwary suwalypdyr we agardylypdyr. Powilýondan aňyrlygyna ýol gidip, ol ybadathana barypdyr. Ýoluň iki gapdalynda bolsa, edil hormat garawulyndaky ýaly, Költeginiň egindeşleriniň we hyzmatkärleniň hakyky ölçegdäki orboýuna duran heýkelleri ýerleşdirilipdir. Ybadathana dortgyraň görnüşde bolup, onuň meýdany 10,25X10,25 metre barabar bolupdyr. Onuň agardylan diwarlarynda Költeginiň gatnaşan söweşlerinden suratlar ýerleşdirilipdir. Ybadathananyň üsti hem çerepisa bilen örtülipdir. Onuň içinde bolsa Költeginiň we onuň aýalynyň heýkelleri oturdylypdyr. Ýadygärlikler toplumynyň töwereginden L. Ýisl Költeginiň we onuň aýalynyň heýkeliniň kelle böleklerini tapmak başardypdyr. Költeginiň kellesine üstünde bürgüde meňzeş guşun şekiljigi oturdylan agaç pudagyň (wenok) halkasy geýdirilipdir. Ýadygärlikler toplumyň töwereginde 169 sany adam boýurak daş gazyklar (balbal) uzyn hatar bolup ýerleşipdir. Balballar Költeginiň söweşlerde öldüren ýagylarynyň umumy sanyny görkezipdir. Şu ýerde häzirki döwürde ginişleýin ulanylýan «duşman» sözüniň ýerine «ýagy» sözüni ýöne ýere getirmedik. Çünki daşyň ýüzüne ýazylan taryhymyzda «duşman», «serkerde» sözleri dine «ýagy» we «ýagyçy» görnüşlerinde berilýär. Käbir balballarda gödek çekilen adam sypatlaryny, guşagyň we eliň şekillerini görmek bolýar. L.Ýislin pikirine görä, balballaryň sany has köp bolupdyr, ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň ep-esli bölegi zaýalanyp, ýok bolupdyr. Költeginiň ýadygärligi Orhon derýasynyň boýunda hytaý imperatory Sýuan Szun tarapyndan iberilen hytaýly ussalar tarapyndan ýörite gurlupdyr. Bu ýadygärlikden 1 km töweregi aradaşlykda bolsa Bilge hanyň ýadygärligi ýerleşipdir. Ýöne, Bilge hanyň ýadygärligindäki ýazgylar gowy saklanmandyr. Költeginiňem, Bilge hanyňam ýadygärliklerine ýazgy eden Ýolly han (734-739) bolupdyr. Költeginiň ýadygärliginiň gurlan wagty barada şeýle ýazgy bar: «bijiň ýyly, ýedinji aý, ýeti ýigrimi gün (ýigrimi ýedinji gün)». Bu sene ýadygärligiň 732-nji ýylda gurlandygyndan habar berýär. Bu senäni ýadygärlikdäki hytaý dilli ýazgylar hem tassyk edýär. Költeginiň ýadygärligindäki ýazgylar göktürkmenleriň 550-718-nji ýyllar aralygyndaky taryhy barada yzygiderli maglumatlar berýär. Bu ýazgylar goşgy görnüşinde ýazylypdyr. Ýazgylary eden Ýolly han bolsa-da, Költegin baradaky gürrüňler Bilge hanyň dilinden beýan edilipdir. Şonuň üçin hem ýazgy setirleriniň arasynda Bilge hanyň «inim Költegin» diýen sözleri häli-şindi gabat gelýär. Költegin baradaky ýazgylary okanyňda türkmeniň ata bolan söýgüsiniň gadymdan gelýändigine göz ýetirýärsiň. Ýolly han Költeginiň söweşlerde münen atlarynyň atlaryny birin-birin agzapdyr: Baýyrgalaryň ak aty, Başgy, Şalçy, Azman, Ogsuz… Költeginiň ýazgylarynda Göktürkmenleriň döwletiniň pese düşüşi, onuň sebäpleri we 50 ýyldan gowrak wagt dowam eden baknalyk barada ynandyryjy gürrüň berilýär. Göktürkmenleriň 630-682-nji ýyllarda Hytaýa garaşly bolanlygy hakynda Költeginiň hatyrasyna ýazylan ýazgyda: «Tabgaç budunyna (hytaý halkyňa) beglik ugry ogluň gul boldySilik (päkize) gyz ogluň güň (gyrnak) boldy»Ýa-da: «Ellig ýyl işig – güýjük bermiş» - diýip hytaý imperatory üçin 50 ýyllap iş we güýç sarp edendikleri beýan edilýär. Költeginiň hatyrasyna ýazylan ýazgylar göktürkmenleriň taryhynyň 50 ýyllyk baknalyk döwrüniň taryhy barada başga-da kop maglumatlary berýärler. Bu ýazgylarda şol döwrüň türkmen jemgyýetiniň durmuş toparlary, Hytaý bilen alnyp barlan söwda gatnaşyklary, göktürkmenleriň uruş hereketlerini alyp baran beýleki ýurtlary hakynda hem köp maglumatlar berilýär. Mysal üçin, göktürkmenleriň raýaty bolan baýyrgalaryň duşmançylykly hereketi Költegin tarapyndan «Ulug Erkin ýagy boldy» diýlip hesiýetlendirilýär. Ýa-da bolmasa, «Ediz buduny anda öldi», «Izgil buduny ýok boldy» - diýip göktürkmenleriň edizlere we izgillere garşy alyp baran uruşlarynyň nähili netijeleri berendigini anyk beýan edipdir. Bilge hanyň hatyrasyna bina edilen ybadathanany hem hytaý imperatory Sýuan Szunyň buýrugy boýunça hytaýly ussalar gurupdyr we onuň diwarynda Bilge hanyň ömri we eden işleri barada hytaý dilinde ýazgylar edilipdir. Bilge hanyň mirasdüşeri Ýolly han eýýem belläp geçişimiz ýaly, kakasynyň ruhuna bagyşlap daş dikipdir we onuň ýüzünde edil hytaýlylaryň edişi ýaly göktürkmen halkynyň döreýşi we onuň adamzat taryhyndaky orny, Bilge hanyň ömri we bitiren bimöçber işleri barada gymmatly maglumatlary ýerleşdirmegi başarypdyr. Bu ýazgylarda 700-nji ýyllarda 16-17 ýaşlaryndaky Bilge hanyň (ol döwürler Mogilýan şat diýlip atlandyrylypdyr) tangutlara garşy guralan ýörişe we 709-njy ýylda çikleri boýun egdirmäge gatnaşyşy, 714-nji ýylda Bäşbalykdan yzy çekilişleri, 715-nji ýylda dokuztatarlar bilen bolan söweşe, 716-njy ýylda uýgurlary boýun egdirmäge gatnaşyşy, onuň 717-nji ýylda tatablaryň we garlyklaryň üstünden gazanylan ýenişdäki we 720-nji ýylda Lýançžouyň eteginde hytaý goşunlaryny derbi-dagyn etmekdäki hyzmatyny, 721-722-nji we 733-nji ýyllarda kidanlara we tatablara garşy täze guralan ýörişlerde we söweşlerde tapawutlanyşy barada gyzykly gürrüňler berilýär. Bilge han hakyndaky ýazgylar bu meşhur hanyň ömrüniň ahyrky günlerine çenli bolan wakalary öz içine alypdyr. Oguz-orhon ýazgylary syýasy wakalardan başga-da, göktürkmen jemgyýetiniň dürli ugurlaryna degişli başga-da örän köp maglumatlary berýär. Olarda dürli durmuş toparlarynyň atlary, adam atlary, döwlet derejeleri, garyndaşlyk gatnaşyklary we başgalar barada kösanly maglumatlary görmek bolýar. Oguz-orhon ýazgylarynda ogul, gyz, ini, gelin, aba, apa (apa-aýal dogan manysynda), öge1 (ene) ýaly sözler häli-şindi duşýar. Bu atlar henize bu güne çenli türkmen dilinde giňden ulanylyp gelinýär. Ýa-da bolmasa «güni»  düşünjesi ýaňy-ýakynlara çenli türkmen durmuşynda ýaşap geldi. Ýagy, gul, kişi, är, garyndaş, atdaş, arkadaş, baý, urug ýaly sözler şol wagtlar hem bar eken.  Oguz-orhon ýazgylary ata-babalarymyzyň yslamdan öňki dini duşunjeleri hakynda-da maglumatlary berýär. Göktürkmenleriň zamanasynda-da biziň ata-babalarymyz birhudaýlyga uýupdyrlar, ýagny olar Taňra sygynypdyrlar. Gürrüňi edilýän ýazgylarda şol hudaý biziň şu günki atlandyryşymyz ýaly «Taňry» diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem göktürkmenleriň döwründe ata-babalarymyzyň «suw-ýer» hudaýyna we aýal-gyzlaryň we çagalaryň howandary Umaý öge – Umaý enä çokunandyklary barada hem maglumatlar berilýär. Gadymy mirasymyz bolan oguz-orhon ýazgylary göktürkmenleriň döwlet gurluşy barada-da gymmatly çeşme bolup durýar. Ýazgylaryň şaýatlyk etmegine görä, göktürkmenlerde «döwlet» sözi «il», döwlet baştutany bolsa «Il han» ýa-da «han» diýlip atlandyrylypdyr. Gulluk basgançaklarynda döwlet baştutanyndan soňra han tarapyndan bellenilýän ýabgu we şat durupdyr. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döwründe bolşy ýaly, göktürkmenleriň döwleti hem çep we sag gola bölünipdir. Şol gollara bolsa hanyň neslinden bolan teginler – şazadalar dolandyryjy edilip bellenilipdir. Göktürkmenleriň döwletinde «tarhan», «buýruk», «tutuk» diýip atlandyrylan wezipeler bolup, bu wezipeleri köşk adamlary ýerine ýetiripdirler. Olar hanyn ýerlerdäki dolandyryjylary bolupdyrlar. Şu ýerde biziň üçin dünuksizrägi «tutuk» bolup durýar. Ýone, bu sözüň aslynda türkmeniň «tutmak» sözüniň durandygyny göz öňüne tutsak, onda bu söz hem düşnükli mana eýe bolýar, ýagny tutuklar kiçeňräk tire-taýpalaryň baştutanlarydyr. Göktürkmenleriň döwletinde köp ýaýran dereje – wezipeleriň biri-de «begler» bolup durýar. Begler Göktürkmenleriň döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Ady agzalan wezipeler we derejeler «budun» diýlip atlandyrylan göktürkmen halkyny dolandyrypdyrlar. Oguz-orhon ýazuwy türkmen halkynyň gadamy ýyl hasaby barada hem gymmatly maglumatlary berýär. Muňa şol ýazgylarda häli-şindi duşýan seneler şaýatlyk edýär. Gyzykly ýeri, halkyň içinde häli-häzire çenli ulanylyp gelinýän towşan ýyly, balyk ýyly we ş.m. ýyl atlary şol döwürler hem ulanylypdyr. Aýdanlarymyzy Költeginiň ýazgylarynda agzalan «bijin ýyly, dokuzynjy aý…» diýen maglumat hem tassyk edýär. Oguz-orhon ýazgylaryny okanyňda gownejaý, oýlanyşykly düzülen sözlemler we söz düzümleri köp duş gelýär we olar häzirki zaman türkmen söz düzümlerinden känbir tapawut hem etmeýär: «Özi ýaňyldy (ýeňildi), hany ölti, buduny güň – gul boldy» . «Baý bir ärtim. Agylym on, ýylkym sansyz erdi». «Inim ýedi, oglum üç, gyzym üç erdi». «Gyzymy kylyňsyz (galyňsyz) birdim» we başgalar. Umuman alanynda, oguz-orhon ýazuwy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän taryhy barada gymmatly çeşmedir. Daşa ýazylan taryhymyzyň ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti hem bardyr. Sebäbi Oguz hanyň nesli bolan göktürkmen hanlary mazarlaryna daş dikdirip, ýüzüne taryhymyzy ýazdyryp, gelejekki nesillerine – bize we bizden soňkylara miras goýup gidipdirler.

Jumadurdy ANNAORAZOW,taryh ylymlarynyñ kandidaty.


www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir