Han Ýomudskiý
Türkmen halkynyň agzybirligi, asudalygy we garaşsyzlygy, abadanlygy ugrunda göreşen adamlary biz hiç haçan ýatdan çykarmaly däldiris. Emma, gynansak-da, köp wagtlap, şol adamlar ýatdan çykaryldy. Eger ýatdan çykarylmadygam bolsa, ýatlanylanda-da ýüzleýräk gürrüň etdik. Şol adamlaryň birem Han Ýomutskidir. Bu adam hakynda taryhymyzda suwytly bir doly edilen zat ýok. Ýazyjy Ata Atajanowyň «Teke gyzy – Tatýana» atly romanynda onuň obrazyny döretmeklige synanyşyk edildi. Han Ýomutskiý patyşa goşunynda gulluk eden adam. Polkownik çininde otstawka çykýar. Özem Kyýat hanyň neberesinden. Otstawka çykandan soň ol Zakaspi oblastynda dürli jogapkär wezipelerde işläpdir. Şonda ol türkmen halkynyň tümlükde we baknalykda ýaşaýandygyna aňryýany bilen göz ýetirýär. Şonuň üçinem ol türkmeniň hatlysowatly, medeni derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda göreşipdir. Elbetde, ol patyşa administrasiýasyna garşy açaçanlykda göreş alyp barmasa-da, inçelik bilen işleýär. Ol Muhammetguly Atabaýew, Artykgül Tekinskaýa ýaly öz döwrüniň öňdebaryjy adamlaryna ýol salgy beripdir. M. Atabaýew 1901-nji ýylda Bäherdendäki rus ýerli mekdebini tamamlanda Han Ýomutskiý Bäherden pristawy eken. Muhammetguly Daşkentdäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýa okuwa ibermekde-de Han Ýomutskiniň goldawy bar. Türkmenistanyň döwlet arhiwinde Muhammetgula degişli birnäçe dokumentler bilen birlikde, onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasy hem saklanylýar. Şoňa gol çekenem Bäherden pristawy kapitan Han Ýomutskiý. Muhammetguly Atabaýew Daşkent seminariýasyny tamamlandan soň zähmet kursuny geçmek üçin Peterburga gitmeli bolýar. Onuň muňa serişdesi ýetenok. Şonuň üçinem Han Ýomutskiý oňa pul serişdesini hem kömek beripdir. Elbetde, olaryň gatnaşyklary dogrusynda köp gürrüň etse bolardy. Ýöne biziň bu gezekki söhbetimiz Han Ýomutskiniň patyşa administrasiýasy tarapyndan yzygider yzarlanyşy hakda bolar. Bu babatda maňa arhiw materiallaryny tapmaga ýardam edendigi üçin flosofiýa ylymlarynyň doktory Nedir Kulyýewe minnetdarlyk bildirýärin. Nedir Kulyýew baryp altmyşynjy ýyllarda Han Ýomutskiý, Artykgül Tekinskaýa, Muhammetguly Atabaýew ýaly taryhy şahslary ilkinji gezek öwrenmekde köp işleri bitiren alym. Han Ýomutskiý öz progressiw garaýyşlary üçin hemişe yzarlanypdyr. Muňa şaýatlyk edýän bir dokument meniň elimde. Onda şeýle diýilýär: «... Ähli musulman halklaryň diňe bir dini doganlar bolman, eýsem-de bolsa ganybir dogandyklary barada mollalar tarapyndan ilatyň gulagyna guýulýar. Munuň şeýledigine 10-njy fewralda Muhammediň (s.a.w) doglan gününiň bellenilip geçilmegi hem güwä geçýär. Musulman halkyýetleriniň arasynda öňden gelýän birekbirege bolan agzalalygy, hatda duşmançylygy hem aradan aýyrmak isleginiň döremeginiň özi panyslamçylaryň ýakynlaşmak babatdaky ýörelgeleriniň ýol alýandygyndan habar berýär...» Agenturalaryň berýän maglumatlary esasynda ýazylan doneseniýeler, elbetde, barlanylmalydy. Kiçem bolsa ýöne hökümete garşy alnyp barylýan işleriň merkezi hökmünde Merw ýezdinde ýaşaýan türkmenleriň bir topary göz astyna alnypdyr. Doneseniýeden mälim bolşuna görä, otstawkadaky polkownik Han Ýomutskiý we maryly baý, Merw uýezd uprawleniýesiniň öňki dilmajy Mämmet Orazow bu topara baştutanlyk edipdir. Han Ýomutskiý, Mämmet Orazow we olaryň pikirdeşleri rus häkimiýetine garşy oppozisiýa döretmek, türkmenleriň aň-düşünjesini ösdürmek barada alada edipdirler. Ýygnanyşyklarda Osmanly döwletiniñ peýdasyna gürläpdirler, panyslamçylygy ündäpdirler. Rus döwletiniň bähbidine zyýankeşlikde aýyplap, Türküstan ohrana bölüminiň naçalnigi bu topary we onuň baştutanlaryny ýok etmegiň zerurdygyny nygtapdyr. Emma şol döwrüň täsirli adamlarynyň arasynda Han Ýomutskiniň düşen pajygaly ýagdaýyna ýürekden gynanan adamlar hem bolupdyr. Muny hakykatyň hatyrasyna aýtmagymyz gerek. General-adýudant Kuropatkin bu babatda öz hatynda şeýle ýazypdyr: «Maňa gelýän habarlara görä «hamana ilaty häzirki düzgüni agdarmaga taýýarlaýandygy üçin» N.N.Han Ýomudskiý tussag edilipdir. Men Ýomudskini indi 22 ýyldan bäri örän ýakyndan tanaýaryn we munuň köp sanly duşmanlarynyň guran «oýunlarynyň» netijesidigine şaýatlyk edýärin. Onuň duşmanlarynyň arasynda türkmenlerem bar. Ýomutskiý hökümdara wepaly we özüni rus adamsy saýýar. Ol gaty arassa adam. Merw oazisinde bolan mergi keselini ýatlaň. Şonda poruçik Ýomutskiý öz janyndan geçip, ilaty halas etdi. Garahassaçylyk ýyly hem şeýle boldy. Ol şu golaýda Romanowlaryň öýüniň 300 ýyllygy mynasybetli hökümdaryň gaşynda tagzym etmäge gatnaşýan deputasiýa ýolbaşçylyk etdi. Muny ol öz hasabyna etdi. Ýomutskiý Russiýanyň we türkmen ilatynyň bähbidi üçin işleýän adam...» Han Ýomutskiniň 1907'nji ýylyň 21-nji fewralynda Muhammetguly Atabaýewe ýazan haty Atabaýewiň öýi dökülende ele salynýar. Şonda ol öz şägirdine şeýle ýüzlenýär: «Men seniň ideýalaryň, maksadyň we pikirleriň örän dogrudygyny ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Biziň hemmämiziň, seniňem, meniňem, Lollugyňam öz halkymyzyň arasyna dolanyp barmagymyz, oňa şu ýagdaýda hemaýat bermegimiz gerek. Ýöne muny nädip gazanmaly? Bu hakda maslahatlaşyp, ynamdar ýoly we usullary saýlap almaly». Türküstan raýon ohrana naçalniginiň kömekçisi bolan podpolkownigiň pikirine görä, «bu hat Han Ýomutskiniň syýasy taýdan ynamdar adam däldigini görkezýär». Olar bu göreşe ikilik etmezlik üçin kasam içipdirler: «Eger kim bu kasama ikilik etse, onda onuň aýaly talakdyr». Han Ýomutskiý hakynda dürli ýyllarda dürli adamlar gyzyklanypdyrlar. Onuň hereketleri göz astynda bolupdyr. Ol hakdaky maglumatlar gerekli ýerine iberilip durlupdyr. Aşgabat okrug sudunyň prokurory Uktinowyň ynamyna görä, Ýomutskiý türkmen «halkçysydyr». Onuň pikirine görä, ol rus häkimiýetiniň ýerli ilat üçin ýöredýän her bir syýasatyna türkmen üçin peýdalymy ýada zyýanlymy diýen nazarýetden baha berýär. Ýöne ol Han Ýomutskini öňden görüji hökmünde häsiýetlendirip, onuň haçanam bolsa bir wagt rus häkimiýetine garşy ýaragly gozgalaňa gatnaşmakdan saklanjakdygy barada aýdýar. Emma generalleýtenant Leş Ýomutskiý hakda düýbünden başgaça pikirde. Ol Ýomutskiniň polkownik Žukowa arkalanyp, oblastda hökümdarlyk edýändigini, diňe bir ýerli ilatyň däl, eýsem garşysyna gitseler, administrasiýada işleýän wezipeli adamlaryň hem ykballaryna täsir edip bilýändigini, bu babatda hatda oblastyň naçalnigi üçin hem kepil geçip bilmejekdigini ýazýar. Ýöne ol Ýomutskiniň türkmenleriň ýerli häkimiýetiň garşysyna gönükdirilen gozgalaňçy guramasyna gatnaşmaýandygyny, asla şeýle guramanyň ýokdugyny hem ýazypdyr. Ýöne onuň käbir hereketlerinde ýerli ilatda rus häkimiýetine bolan garaýyşlary döredýändigi, munuň bolsa soňabaka türkmen ilatynda milletçiligi döredip biljekdigini, netijede bolsa golaý wagtlarda olaryň Russiýanyň dahyllylygyna zeper ýetiriljekdigi habar berlipdir. Elbetde, ýerli administrasiýada onuň dostlary hem duşmanlary ýeterlik bolupdyr. Gepiň gysgasy, ondan eýmenmän durmandyrlar. Çünki ol her bir edilýän işde öz halkynyň bähbidini arapdyr. Halkyny sowatly, medeniýetli etmek ugrunda göreşipdir. Pikirini batyrgaýlyk bilen aýdypdyr. Hemme döwürdede şeýle adamlardan çekinilipdir, ahbetin. Kyýat hanyň agtygy bolan Garaş han Ýomutskiý Nikolaý Nikolaýewiç diýen rus adyny hem göteripdir. 1917-nji ýylyň oktýabrynda ol rewolýusiýanyň tarapyna geçýär. Akgwardiýaçylar Zakaspide agdarylyşyk eden döwründe Eýrana gaçmaga mejbur bolýar. Ony kontrrazwedka yzarlap tapyp, Taganroga etap bilen iberýär. Oňa mundan gaçmak başardypdyr. Krasnowodskide, 1920-nji ýylyň ýanwar aýynyň başlarynda ol bortunda teke otrýadynyň ştaby bolan gämini Eýrana, Aşyr adasyna tarap alyp gaçmagy ýola goýupdyr. Eýranda bolan döwründe ol atabaýlar bilen japarbaýlaryň arasyndaky dawajenjelleri parahatçylyk ýoly bilen çözmek üçin elinde baryny edipdir. Bu iki taýpanyň wekilleri öri meýdanynyň we suwuň üstünde hemişe dawalaşýan ekenler. Akgwardiýaçylar Zakaspiden kowlandan soň ol Gyzyl Goşun bilen aragatnaşygy ýola goýupdyr. Han Ýomutskiý Moskwanyň eteginde açylan türkmen halk magaryf öýüniň ilkinji direktory bolupdyr. Muňa güwä geçýän buýrukda şeýle diýilýär:«Türkmen halk magaryf öýi. Birinji nomerli buýruk. Türkmenistan MKniň başlygynyň kararyna laýyklykda Türkmenis tan Respublikasynyň Magaryf halk komissarlygynyň görkezmesi boýunça men 1924-nji ýylyň 2-nji awgustynda Halk magaryf öýüniň direktorlygyna bellendim. N.N.Ýomutskiý». Soň türkmeniň görnükli ogullary bolup ýetişen adamlaryň ençemesi Han Ýomutskiniň elinde okap tälim aldylar, terbiýelendiler. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin akademikoftalmolog Sary Karanow, akademikhimik Aýyt Nyýazow, wraçepidemiolog Ýazly Mämmedow, uly döwlet işlerinde işlän Aňkar Taýlyýew we beýlekiler hut Han Ýomutskiniň elinde terbiýelenipdi. Han Ýomutskiý ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda sanatoride dynç alyp ýörkä, dogduk diýardan uzakda aradan çykýar. Megerem, onuň jesedi şo ýerdede jaýlanylýar. Garaşsyz Türkmenistan üçin göreşen, gerek bolsa howphatar etmän öz şirin janyny orta goýup bilen Adamy biz hiç haçan ýatdan çykarmaly däldiris. Ol türkmenleriň arasynda ilkinjileriň hatarynda türkmen taryhyny ýazmaga synanyşyk edipdi. Häzirki türkmen taryhyny dogruçyl ýazmak hakda gürrüň gidýän wagty biziň onuň goýup giden mirasyna ýüzlenmegimiz gerek. Han Ýomutskiniň «Türkmenler we rewolýusiýa» diýen uly göwrümli makalasynyň şu günki gün belli bahasy ýokdur. Gymmatlylygynyň bir sebäbem, makalada gürrüňi edilýän wakalar onuň öz görüpeşiden zatlarynyň bolmagydyr. Şol makaladan birje mysal: «... Onuň ýatyrka (otluda – A.Ç.) üstüni basdylar we tussag etdiler. Soňra bolsa, onuň üstünden harby meýdan sudunyň gurnalan ýeri bolan Krasnowodskä tarap äkitdiler. Sudda Eziz özüni şeýle bir ärlerçe alyp bardy, hatda duşmanlardyr sud edýänler hem onuň merdanalygynyň we buýsançlylygynyň öňünde baş egdiler. Ol atuwa höküm edildi we Krasnowodskiden birnäçe kilometrlikde höküm şol günüň özünde ýerine ýetirildi. Ol atylanda hem gözlerini daňjak bolsalar, rugsat bermedi. Gaýta arkaýyn durup, jellatlara nähili ataňda nireden degjekdigini, nädeňde jaýdar atyp boljakdygyny salgy berýärdi. Ynhada ol donuny serpdi de, köýneginiň bagjygyny çözdi we «Ýürekden ur! Ine, ýürek!» diýip kükregini görkezdi hem ýeke damary tirpildemän wintowkanyň nillerine ruhubelent garap durdy...» Bu pajygaly wakany eger Han Ýomutskiý öz wagtynda ýazyp gitmedik bolsa, biz ýigriminji asyryň ikinji onýyllygynyň ahyrlarynda iň soňky merdana türkmen hanlarynyň biriniň ölüminiň neneňniçiksi ýagdaýda bolandygyny başga hiç ýerde okamasakda okamazdyk. Dönükligiň elinden wepat bolan hanyň ölümi gör, nähili beletlik bilen beýan edilýär! Mundan başgada arhiwlerde H. Ýomutskiý bilen baglanyşykly köp maglumatlar, onuň hatlary saklanylýar. Megerem, bulary ýygnap özbaşyna kitap görnüşinde neşir edilse, taryhymyzyň «ak tegmilleriniň» birini dolduryp, Han Ýomutskiniň we onuň egindeşleriniň ruhunyň öňünde borjumyzy berjaý etdigimiz bolardy.
1993 ý, fewral.
A. Çüriýew
www.kitapcy.ga
wagt 4 years ago- Jek serçe, eygilikmi? Biz-a bulary awtorlardan çöplap goyyas saýtymyzda. Senem aylan yeriñi gorkezman payradyp otyrsyñ? Alnan çeşmesi: www.kitapcy.ga diýeñde ya linkini goyañda bir zat bolar oytduñmi? Azabyñ siñipdimi bu zatlara oz zadyñ yaly payradyañ welin? Eger başga saytlarda paylaşjak diyp hayş eden bolsañ, alan çeşmañi gorkezmek şerti bilen ozumde name bolsa berayerdim-da (öñ sorañda beripdim-a) Eger talyplarda ya başga saytlarda goymak zerurlygyny duysak, awtor ya ozumiz goyardyk, sen azara galyp yorme. Saytymyzyñ ylmy çeşme hokmünde salgylanma mümkinçiligini, gymmatyny pese gaçyrmak u.n edyañmi ya, name u.n beydyañ? Awtoryndan ya ilki goylan saytyndan soraman beytmek ynsabyña dogry bolsa, goy, yene goy!