"Kontrrewolýusion guramada durmandym.."

Gadyrly okyjy, sen bu ýazgydaky soraglaryň protokollary bilen ilkinji gezek tanyşýaň. Onuň taryhy uly. Ýazgy Oktýabrdan soň türkmen edebiýatynyň ilkinji kerpijini goýanlar Berdi Kerbabaýew bilen Garaja Burunowyň otuzynjy ýyllaryň başlarynda horluga we süteme sezewar edilişi hakda.Olaryň niçiksi horluga sezewar edilendigini bolsa aşakdaky dokumentler şaýatlyk edýär. Ol dokumentler 1932-nji ýyldan bäri KGB­-niň arhiwinde saklandy.Bulary okyjylara elýeterli edendigi üçin Milli döwlet howpsuzlygynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirýärin.Dokumentler haýsydyr bir düşündiriş berip oturmaga mätäç däl. Şonuň üçinem men ony bolşy­bolşy ýaly, okyjylaryna hödürleýärin.

I. Berdi Kerbabaýew
Iş N"2870 Günäkärlenýän Berdi Kerbabaýewiň soragynyň protokoly. 1932­nji ýylyň 5­nji dekabry.54­nji maddanyň 2­nji bölümi we 54­nji maddanyň 4­nji bölümi boýunça men özümi günäkär saýamok we maňa ýöňkelýän punktlary inkär edýän.
1. Ne Türkmenistanda, ne-de başga ýerden men haýsydyr bir kontrrewolýusion guramanyň sanyndan habarym ýok. Mundan öňki soraglarda Türkmenistanda maňa belli aýry-aýry adamlaryň milletçilikli işleri barasynda giňişleýin görkezme beripdim. Tejendäki «Do­kuzlyk» atly söwda kompaniýasynyň hiç hili syýasy iş bilen meşgullanmandygyny tassyklaýaryn.
2. Men özümiň türkmen ylmy-edebi jemgyýetine aktiw gatnaşandygymy tassyklamak bilen, onuň öz öňünde hiç bir hili kontrrewolýusion maksat goýmandygyny aýdyp bilerin. Ýöne jemgyýetiň milletçilikli häsiýetinden ugur alandygyny weli boýun alýan. Olam jemgyýetiň agzalalygyna, adamlaryň sosial gelip çykyşyna garamazdan, kabul edilmegi sebäp boldy. Şonuň netijesinde­de jemgyýetiň hatarynda sosial ýat elemetleriň köplügi emele geldi. Şeýle hem jemgyýet sosial ähmiýetini doly seljermän, köne türkmen şahyrlarynyň eserlerini ýygnap, olary neşir etdi.
3. Türkmen intelligensiýasynyň ýokary gatlagynyň meniň gatnaşýan söhbetdeşliklerim hakda ozal görkezme beripdim. Bularyň kontrrewolýusion-milletçilkli çlenleriň maslahaty bolandygyny inkär edýärin.
4. 1926-njy ýylda Bakuwda geçirilen türkologik gurultaýyndan gaýdyp gelen delegatlaryň azajyk toparyň öňünde doklad bilen çykyş edendikleri ýa-da azerbaýjanly we beýleki milletçiler bilen bolan gürrüňçilikleri hakda aýdan zatlary ýadyma düşenok. Magaryf işgärleriniň 1928-nji ýylyň başynda bolan gurultaýy döwründe men Leningradda okaýardym. 1930-njy ýylda Aşgabatda Türkmenkut ylmy konferensiýasy geçen wagtynda men onuň işine gatnaşdym, ýöne kontrrewolýusion-milletçilikli häsiýetdäki gürrüňleriň hiç birisine-de gatnaşamok.
5. 1927-nji ýyla çenli döwürde («Tokmak», «Türkmenistan») meniň edebiýat işimde ideologiki ýalňyşlyklar bolupdy. Edebiýat işimde men hiç bir kontrrewolýusion-milletçilikli guramanyň hiç hili tabşyrygyny alamok we olary ýerine ýetiremok.
6. Antisowet wagzy, aýratynam ýaragly gozgalaň hakdaky wagzy hiç haçan alyp barmadym.
7. Men Tejende hiç hili jemgyýetdir guramany ne özbaşdak özüm ýa-da Burunow bilen döredemok.
8. Antisowet guramasy ýa-da antisowet maksatlar üçin hiç haçan hiç hili serişde ýygnamok. Ýöne bir gezek öz öňki mugallymym Kemal Nogaý üçin (teatr adamsy) zerur wagty 60-70 manat pul ýygnadym.Başga hiç hili görkezme berip biljek däl. Protokol maňa okadyldy. Meniň aýdanlarym esasynda ýazylan, tassyklaýan.              Goly:

II. Garaja Burunow.

Soragyň protokoly Daşkent şäheri. 1932-nji ýylyň 23-24-nji aprel güni. OGPU­-nyň 4-nji bölüminiň operupolnomeçennisi Lewşin sorag edende, sorag edilen şeýle maglumat berdi:Garaja Burunow, 34 ýaşly, maşgalaly, üç çagasy bar, partiýada däl.TSSR-­iň Tejen raýonynyň Babadaýhan obasynda doglan, sowatly, soňky işlän ýeri döwlet teatrynyň edebi işgäri, öň sug jogapkärçiligine çekilmedik.Kakam başda orta daýhandy, soň 1905-nji ýyldan 1918-nji ýyllar aralygynda ýer işleri bilen meşgul boldy, ýer-suw reformasy döwründe onuň ýeri elinden alyndy, graždanlyk hukugyndan mahrum edildi. 1930-njy ýyla çenli, ýagny ömrüniň soňky gününe çenli hiç zat bilen meşgullanmady.Ilki men Tejendäki köne mekdepde okadym, soňra bir ýyl Ka­kadaky medresede, soňam Teşendäki rus-ýerli mekdebinde okadym. 1913-nji ýyldan başlap, kakamyň söwda işlerine kömekleşdim. Ol galla söwdasyny edýärdi.1918-nji ýylda söwdasy ýatandan soň, men oba gaýtdym. Ak goşunda, Eziz hanyň mobilizasiýa etmegi bilen, 10 günlük gulluk etdim. Zakaspi oblastynyň wagtlaýyn hökümetinde işlämok.1920-nji ýyldan Musaýew wolispolkomynda iş dolandyryjy bolup gulluk etdim. Şol wagt wolispolkomyň başlygy Allanur Ryzaýewdi. 1921-nji ýylda Tejende şäher halk magaryf bölüminiň müdiri boldum. 1922-nji ýylda bolsa şol ýerde sosial-üpjünçilik bölüminiň müdiri bolup işledim.1922-nji ýylyň ahyrlarynda, belki 1923-nji ýylyň başlarynda Bapba Berdiýewiň tagallasy bilen şu adamlardan durýan söwda kompaniýasynyň hataryna goşuldym:1. Bapba Berdiýew;2. Berdi Kerbabaýew;3. Allanazar Muhammetnazarow;4. Hallyberdi Nazarow;5. Şadurdy Bäşimow; 6 Men Garaja Burunow.Başga-da Akmyrat Orazow biziň kärhanamyza pul geçirdi. Ýöne özi resmi ýagdaýda kompaniýanyň hatarynda durup bilenokdy, sebäbi Tejen ugorispolkomynyň başlygydy. Şeýle hem wolispolkomda işleýän Oraz Artykow hem bardy. Biziň söwda kompaniýamyz ýüň, künji, galla satyn alýardy, çaý, manufaktura önümlerini satmak bilen meşgullandy. Başga söwdagärleri kontrabanda harytlary bilen 3-4 ýola Tejenden Buhara iberdik. Biziň kompaniýamyzyň hiç hili maksady ýokdy. Tejende biz bir ýyldan gowrak işledik, soň suw çykarýany kärendesine aldyk.Berdi Kerbabaýew 1923-nji ýyldan, men bolsa 1924-nji ýyldan ýazyp başladyk we ýazan goşgularymyzy türkmen dilinde Aşgabada ugradýardyk.Milli bölünişikden soň, 1924-nji ýylyň dekabrynda biziň ikimizem Aşgabada çagyrdylar. 1925-nji ýyldan «Türkmenistan» gazetinde işläp başladyk.Kerbabaýew we men Doktor köçesiniň 6-njy jaýynda ýaşadyk. Aşgabada gelmezimizden öň men ony ýakyndan tanamaýardym. Bekgi we Kakajan Berdiýewler hem bizden uzakda ýaşanokdylar. 1926-njy ýylda bolsa biziň ýaşaýan jaýymyzyň garşysyndaky jaýa Şöwki Bektöre hem göçüp geldi.1925-nji we 1927-nji ýyllarda biziň ýaşaýan jaýymyza menden, Kerbabaýewden, Öwezbaýewden başga­da Bekgi we Kakajan Berdiýewler, Akmyrat Orazow, Begjan Nazarow, Bäşim Pereňliýew we başgalar ýygnanýardylar.Ýurtda bolup geçýän syýasy wakalaryň gürrüňini edýändigimiz öz-özünden düşnüklidir. Şol duşuşyklardaky gürrüňdeşliklerde Öwezbaýew bilen Bekgi Berdiýewiň duşmançylykly garaýyşlary mese-mälim boldy. Geçirilýän ähli çäreler tankyt edilýärdi we onuň üstünden gülünýärdi. Sowady az daýhanlar işçileriň ýokary wezipelere çekilişine göwnüýetmezçilik edilýärdi. Sowet Russiýasy bilen buržuaz döwletiň arasyndaky urşuň hökmandygy, uruşdan soň gowy boljakdygy, sebäbi SSSR-iň şol uruşda ýeňiljegi tekrarlanýardy. Türkmen respublikasynyň döredilmegine garamazdan, onuň özygtyýarly däldigi, Türkmenistanda türkmenler däl-de, ýewropalylaryň dolandyrýandygy, olaryň hojaýynlyk satyp, edenini edip ýörendikleri hakda pikir ýöredýärdiler.Bu pikir esasanam Bekgi Berdiýew bilen Öwezbaýew tarapyndan ýöredildi.Beýlekiler olaryň getirýän pikirleri we delilleri bilen käte ylalaşýardylar, käte-de bu gürrüňleri oýna ýazýardylar.Men o wagtlar sowat derejesinde Öwezbaýew bilen Berdiýewden kän aşakdadym, şonuň üçinem yzygider edilýän o gürrüňler maňa täsirini ýetirdi, aýratynam meniň edebi döredijiligimde goşgularyň döremegine getirdi.O gürrüňleriň ýiti antisowet häsiýetli bolmagyna garamazdan, men Öwezbaýew bilen Bekgi Berdiýewiň sowet ýolbaşçylarynyň şo hereletleriniň öňüni almak üçin belli bir anyk iş alyp barmalydygy hakdaky pikir aýdandyklary ýadyma düşenok.Şeýle gürrüňdeşlikler diňe bir biziňkide däl, eýsem Kakajan Berdiýewiň öýünde-de, çaýhanalarda-da edilýärdi. Biziň ýygnanyşyklarymyzda Şewki Bektöre ýokdy. Muhammet Geldiýew bilen Gulmuhammedow seýrek gelýärdi - gelseler iki gezek gelendirler. Şol döwürde Ýustisiýa halk komissarlygynda işleýän Artyk Rahmanow iki-üç gezek gatnaşdy.1925-1927-nji ýyllarda men syýasy taýdan gowşakdym. Meniň hemişe ownuk buržuaziýanyň arasynda bolmagym we Öwezbaýew bilen Berdiýewiň täsirleriniň ýetmegi bilen bolýan gürrüňçiliklerde anrisowet häsiýetdäki gürrüňleri ýöretdim.Haýsydyr bir antisowet guramasyny döretmek hakda maňa hiç kim hiç zat aýdanok, o gurama hakda hiç zat eşidemok.Diňe ýokarda agzalan toparyň bardygyndan habarym bar.                              Burunow.* * *Kontrrewolýusion guramada durýanlygy üçin aýyplanýan Berdi Kerbabaýew bilen Garaja Burunow 1934-nji ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň gurultaýynyň adyna özleriniň ýalňyşandyklaryny boýun alyp, günäleriniň geçilmegini sorap, hat ýazypdyrlar. Olaryň «günäsi» geçilse-de geçilýär welin, Garaja Burunow türmeden ömürlik maýyp bolup gelipdir. Ol tä ömrüniň iň soňky gününe çenli şol ýowuz otuz ikinji ýylyň yzasyny çekipdir. Berdi aga bolsa soň otuzynjy ýyllaryň ahyrynda ýene­de «halk duşmany» hökmünde tutulýar.Şeýle agyr kemsidilmelere, horluklara garamazdan, bu iki adamyň öz yzlarynda uly edebi miras galdyryp gidendiklerine oturyp-oturyp haýranlar galýarsyň.

1992 ý.

A. Çüriýew




www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir